Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň gününi döretmek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 10.10.2011 ý. çykaran № PP-5867 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 04.04.2019 ý. çykaran № PP-492 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň
gününi döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2011-nji ýyl, № 9-10, 1516-njy madda)
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň harby gullukçylarynyň Garaşsyz Watanymyzyň deňiz çäkleriniň bitewüligini gorap saklamakda, ýurdumyzyň we halkymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmekde hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan hukuklaryny we borçlaryny berjaý etmekde, dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly we dostlukly ýaşamak syýasatyny amala aşyrmakda bitirýän hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň harby gullukçylarynyň towakganamalaryny nazara alyp, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň gününi döretmeli we ony her ýylyň 9-njy oktýabrynda belläp geçmeli.
2. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň gününiň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly
Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2011 ý. oktýabr aýynyň 10-y
№ PP-5867