Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 29.08.2019

Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmek hakynda

29.08.2019 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 30.08.2019 ý. çykaran № PP-558 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 24.12.2021 ý. çykaran № PP-918 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

090.100.010

090.210.010

080.050.010

010.210.010

190.020.020

Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi

döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2019-njy ýyl, № 7-8, 1220-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, täze belentliklere ýetmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

l. Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmeli we bu baýramy her ýylyň sentýabr aýynyň ikinji şenbesinde belläp geçmeli.

2. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününiň ýokary derejede we guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.

3. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

4. «Baky bitarap Türkmenistan döwletimizde Nebitgaz, energetika we geologiýa senagatynyň işgärleriniň toý gününi Ählihalk milli baýram etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 16-njy iýunynda çykaran 3878-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hokümetiniň çözgütleriniň 2003-nji ýyldaky 6-njy ýygyndysynyň 232-nji maddasy) güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2019-njy ýylyň 30-njy awgusty

№ PP-558