Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Wladimir Imamowiç Norowy Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Wladimir Imamowiç Norowy Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2022 ý., № 7-8, 171-nji madda)
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, şeýle hem iki ýurduň arasynda dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge, köp ýyllaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Wladimir Imamowiç Norowy Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2022-nji ýylyň awgust aýynyň 26-sy.
№ PP-109