Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2022 ý., № 10-11, 252-nji madda)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, şeýle hem ýurdumyzyň ilatyny köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, bedenterbiýe-sport we olimpiýa hereketleriniň üsti bilen sagdyn-durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň işini bes edip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini işini bes eden Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2022-nji ýylyň 20-nji oktýabry.

№ PP-135