Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 16.08.2026

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hem-de olaryň güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

16.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 16.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hem-de olaryň güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hem-de olaryň güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 67-nji madda)

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

I bölüminiň birinji bölegi Türkmenistanyň 25.11.2017 ý. № 653-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

I böleginiň 2-nji bendi Türkmenistanyň 25.11.2017 ý. № 654-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

3. 2007-nji ýylyň 17-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň Milli kasamy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 22-nji madda) 2-nji maddasynyň dördünji tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«döwlet gullukçylary wezipä bellenende;».

4. 2008-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2008 ý., № 4, 51-nji madda; 2012 ý., № 4, 111-nji madda):

4-nji maddanyň 9-njy bendinde «sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş gullugynyň,» diýen sözleri aýyrmaly;

5-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«5-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümi

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysydyr. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşini döredýär we oňa ýolbaşçylyk edýär.

2. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümi Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan tassyklanýar.

3. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň işi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna üpjün edilýär.».

5. 2009-njy ýylyň 21-nji noýabrynda kabul edilen «Ýarag hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 4, 78-nji madda; 2012 ý., № 3, 65-nji madda; 2015 ý., № 2, 63-nji madda) 7-nji maddasynyň birinji böleginde «Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy,» diýen sözleri aýyrmaly.

6. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 58-nji madda; 2011 ý., № 4, 78-nji madda; 2012 ý., № 1, 44-nji madda, № 4, 113-nji madda; 2014 ý., № 2, 80-nji madda, № 4, 146-njy madda; 2015 ý., № 2, 64-nji madda) 1-nji maddasynyň üçünji böleginde «Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň» diýen sözleri aýyrmaly.

7. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen «Goranmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 59-njy madda, 2011 ý., № 4, 76-njy madda; 2012 ý., № 4, 112-nji madda; 2014 ý., № 1, 46-njy madda):

2-nji maddanyň üçünji böleginde we 5-nji maddasynyň ikinji böleginiň 6-njy bendinde degişlilikde «Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy» we «Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň» diýen sözleri aýyrmaly;

15-nji maddanyň dördünji böleginiň 7-nji bendinde «aňtawçylyk işlerini amala aşyrýar» diýen sözleri « » diýen sözlere çalşyrmaly.

8. 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Howa kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 6-njy madda; 2015 ý., № 2, 63-nji madda; 2016 ý., № 1, 8-nji madda) 5-nji maddasynyň ikinji böleginde we 7-nji maddasynyň üçünji böleginiň ikinji tesiminde degişlilikde «sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş» we «Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynda» diýen sözleri aýyrmaly.

9. 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 36-njy madda, № 4, 116-njy madda; 2014 ý., № 2, 81-nji madda):

1-nji maddada:

birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adam döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň Ýöriteleşdirilen dikeldiş (reabilitasiýa) merkezinde ýa-da içeri işler edaralarynyň Ýörite dikeldiş merkezinde bejergi almalydyr.»;

ikinji bölekde «dikeldiş merkezine» diýen sözleri «içeri işler edaralarynyň Ýörite dikeldiş merkezine (mundan beýläk – dikeldiş merkezi)» diýen sözlere çalşyrmaly;

5-nji maddada:

birinji bölekde «ýa-da sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş gullugynyň edaralarynyň (mundan beýläk – ygtyýarly edaralar)» diýen sözleri aýyrmaly, «ygtyýarly edaralaryň» diýen sözleri «içeri işler edaralarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölekde «ygtyýarly edaralaryň» diýen sözleri «içeri işler edaralarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

7-nji, 8-nji we 9-njy maddalarda, 10-njy maddanyň ikinji böleginde, 13-nji maddanyň birinji we ikinji böleklerinde «ygtyýarly edaralar», «Ygtyýarly edaranyň», «ygtyýarly edaranyň», «ygtyýarly edara» diýen sözleri degişlilikde «içeri işler edaralary», «Içeri işler edaralarynyň», «içeri işler edaralarynyň», «içeri işler edaralaryna» diýen sözlere çalşyrmaly.

10. 2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 90-njy madda; 2015 ý., № 1, 34-nji madda; 2016 ý., № 1, 28-nji madda) 11-nji maddasynyň 4-nji bendinde «Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy» diýen sözleri «Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi» diýen sözlere çalşyrmaly.

11. 2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edilen «Dessin-agtaryş işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 137-nji madda) 7-nji maddasynyň birinji böleginiň 7-nji bendini aýyrmaly we 8-nji bendini 7-nji bent diýip hasap etmeli.

II. 2012-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 105-nji madda) güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

III. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 26-njy marty.

№ 382-V.

Salgylanýar

Bu materiala salgylanmalar