Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 17.08.2015

Türkmenistanyň Graždan prossesual kodeksi

17.08.2015 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 12.08.2026

Türkmenistanyň Graždan prossesual kodeksi

2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlap Türkmenistanyň Graždan prossesual kodeksi Türkmenistanyň 2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky № 260-V Kanuny esasynda güýjüni ýitirýär.

TÜRKMENISTAN SOWET SOSIALICTIK RESPUBLIKASYNYŇ KANUNY

Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksini tassyklamak hakynda

1963-nji ýyl, 29-njy dekabry

(TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1963-nji ýyl, № 36, 33-nji sahypa )

Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:

1-nji madda. Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksini tassyklamaly we ony 1964-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizmeli.

2-nji madda. Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksini güýje girizmegiň tertibini bellemegi we Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksiniň güýje girizilmegi mynasybetli, Türkmenistan SSR-niň güýjüni ýitirýän kanun çykaryjylyk aktlarynyň pereçenini tassyklamagy Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumyna tabşyrmaly.

TÜRKMENISTAN SSR-niň

GRAŽDAN PROSESSUAL KODEKSI* **

*Bitewi kanunyň ýazgysynda suda, sudlara, sudýalara salgylanmalary degişlilikde kazyýete, kazyýetlere, kazylara salgylanmalar bilen çalşyrmaly - 2007-nji ýylyň 26-njy ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007–nji ýyl, № 1, 4–nji madda)

** Kodeksiň ýazgysynda kazyýetleriň çözgütlerini ýerine ýetirmek we düzediş işleri boýunça gözegçä salgylanmalary diýen sözleri kazyýet ýerine ýetirijisine salgylanmalar diýen sözler bilen çalşyrmaly - 2007-nji ýylyň 12-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda- (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007–nji ýyl, № 2, 47-nji madda)

I bölüm

UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji bap

ESASY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Graždan sud işini ýörediş hakyndaky kanunlar

Türkmenistanyň ähli sudlarynda graždan işlerini ýöretmegiň tertibi Türkmenistanyň Graždan prosessual kodeksi bilen hem-de şoňa laýyklykda çykarylýan Türkmenistanyň beýleki kanunlary bilen kesgitlenilýär.

Graždan sud işini ýörediş hakyndaky kanunlar graždan, maşgala, zähmet we kolhoz hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller baradaky işlere, administratiw-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan işlere we aýratyn ýöredilýän işlere garamagyň tertibini belleýär. Administratiw-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan işlere we aýratyn ýöredilýän işlere sud işini ýöretmegiň umumy kadalary boýunça garalýar, emma Türkmenistanyň kanunlary bilen bellenilen aýry-aýry kadadan çykmalar muňa girmeýär.

Graždan işleri işe garalan, aýry-aýry prosessual hereketler edilen ýa-da suduň çözgüdi ýerine ýetirilen mahalynda hereket edýän graždan prosessual kanunlar boýunça ýöredilýär.

(1994-nji ýylyň 13-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyn redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994-nji ýyl, № 1-2, 6-njy madda)

2-nji madda. Graždan sud işini ýöredişiň wezipeleri

Graždan sud işini ýöretmegiň wezipeleri eýeçiligi gorap saklamak, graždanlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary arkaly kepillendirilen sosial-ykdysady, syýasy hem-de şahsy hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de graždanlaryň, döwletiň Kanun arkaly goralýan bähbitlerini, şonuň ýaly-da kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, olaryň birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hukuklaryny we kanun arkaly goralýan bähbitlerini goramak maksady bilen graždan işlerine dogry we öz wagtynda garamakdan hem-de çözmekden ybaratdyr.

(1994-nji ýylyň 13-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyn redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994-nji ýyl, № 1-2, 6-njy madda)

3-nji madda. Suduň goramagyny sorap, suda ýüz tutmak hukugy

Her bir gyzyklanýan adam özüniň bozulan ýa-da dil ýetirilýän hukugynyň ýa-da kanun tarapyndan goralýan bähbidiniň goralmagyny sorap, kanunda bellenen tertipde suda ýüz tutmaga haklydyr.

Suda ýüz tutmak hukugyndan ýüz dönderilmegi hakyky däldir.

4-nji madda. Sudda graždan işini gozgamak

Sud aşakdaky ýagdaýlarda graždan işine garamaga girişýär:

1) öz hukugynyň ýa-da kanun tarapyndan goralýan bähbidiniň goralmagyny sorap ýüz tutýan adamyň arzasy boýunça;

2) prokuroryň arzasy boýunça;

3) döwleti dolandyryş organlarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we olaryň birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýa-da aýry-aýry graždanlaryň arzasy boýunça, ýagny bular başga adamlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny sorap, kanun boýunça suda ýüz tutup bilýän halatlarynda.

Hak islegini ýörediş işleri boýunça hak isleýiş arzalary berilýär, administratiw-hukuk gatnaşyklardan gelip çykýan işler boýunça hem-de aýratyn ýöredilýän işler boýunça şikaýatlar we arzalar berilýär.

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1981-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul eden Ukazynyň we 1994-nji ýylyň 13-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1981-nji ýyl, № 17, 64-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994-nji ýyl, № 1-2, 6-njy madda)

5-nji madda. Adyl sudluk işleriniň diňe sud tarapyndan hem-de kanun we sud öňünde graždanlaryň deňligi esaslarynda amala aşyrylmagy

Graždan işleri boýunça adyl sudluk işleri diňe sud tarapyndan hem graždanlaryň gelip çykyşyna, sosial we emläk ýagdaýyna, jynsyna we milletine, aýal-erkekligine, bilimine, diline, dine garaýşyna, käriniň nähilidigine we häsiýetine, ýaşaýan ýerine hem-de beýleki ýagdaýlara garamazdan, ähli graždanlaryňkanun we sud öňünde deňligi esaslarynda amala aşyrylýar.

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1981-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul eden Ukazynyň redaksiýasynda - TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1981-nji ýyl, № 17, 64-nji madda)

6-njy madda. Işlere garamaga halk oturdaşlarynyň gatnaşmagy we işe garamagyň kollegiallygy

Graždan işlerine ähli sudlarda kanunda bellenilen tertipde bellenen ýa-da saýlanan sudýalar we halk oturdaşlary tarapyndan garalýar.

Birinji instansiýaly ähli sudlarda graždan işlerine sudýadan we iki sany halk oturdaşyndan ybarat sostawda garalýar.

Adyl sudluk işleri amala aşyrylanda halk oturdaşlary sudýanyň ähli hukuklaryndan peýdalanýar. Işe garalan we çözgüt çykarylan mahalynda ýüze çykýan ähli meseleleri çözmekde halk oturdaşlary sud mejlisinde başlyklyk ediji bilen deň hukuklara eýedir.

Sudlar tarapyndan işe talap bildirilýän (kassasion) tertipde we sud gözegçiligi tertibinde garamaklyk üç sudýadan ybarat düzümde amala aşyrylýar.

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1981-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul eden Ukazynyň, 1991-nji ýylyň 29-njy maýyndaky we 1994-nji ýylyň 13-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1981-nji ýyl, № 17, 64-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1991–nji ýyl, № 9-10, 101-nji madda; 1994-nji ýyl, № 1-2, 6-njy madda)

7-nji madda. Sudýalaryň garaşsyzlygy we olaryň diňe kanuna tabynlygy

Graždan işleri boýunça adyl sudluk işlerini amala aşyranlarynda sudýalar we halk oturdaşlary garaşsyzdyrlar hem-de diňe kanuna tabyn bolýarlar.

Sudýalar we halk oturdaşlary graždan işlerini sudýalara keseden täsir bolmagyna ýol goýmaýan şertlerde, kanun esasynda, öz içki ynamlaryna esaslanyp çözýärler.

(1994-nji ýylyň 13-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyn redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994-nji ýyl, № 1-2, 6-njy madda)

8-nji madda. Sud işi ýöredilýän dil

Türkmenistanda sud işi Türkmenistanyň döwlet dilinde ýa-da şol ýerdäki ilatyň köplüginiň dilinde ýöredilýär.

Sud işine gatnaşýan adamlaryň sud işi ýöredilýän dili bilmeýänlerine işiň materiallary bilen tanyşmaklyk, terjimeçiniň üsti bilen sud işine gatnaşmak, şeýle hem sudda öz ene dilinde çykyş etmek hukugy üpjün edilýär.

Kanunda bellenilen tertibe laýyklykda sud dokumentleri işe gatnaşýan adamlaryň ene diline ýa-da olaryň bilýän başga bir diline terjime edilip, olara gowşurylýar.

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1981-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul eden Ukazynyň we 1994-nji ýylyň 13-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1981-nji ýyl, № 17, 64-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994-nji ýyl, № 1-2, 6-njy madda)

9-njy madda. Sud seljerişiniň açyklygy

Döwletiň gizlin syryny goramak bähbitlerine ters gelmeýän halatlardan başga halatlarda, ähli sudlarda işleri seljermek açykdyr.

Ýapyk sud seljerişine, mundan başga-da işe gatnaşýan adamlaryň durmuşynyň pynhan taraplary hakyndaky maglumatlaryň aýan edilmeginiň öňüni almak, şeýle hem perzentlige almak syryny üpjün etmek maksady bilen suduň delillendirilen kesgitlemesi boýunça ýol berilýär.

Iş ýapyk sud mejlisinde seljerilen mahalynda, işe gatnaşýan adamlar we olaryň wekilleri gatnaşýarlar, zerur halatlarda bolsa şaýatlar, ekspertler we terjimeçiler hem gatnaşýarlar.

On alty ýaşdan bärdäki graždanlar işe gatnaşýan adamlar bolup ýa-da şaýatlar bolup durmaýan bolsa, onda olar sud mejlisiniň zalyna goýberilmeýär.

Suduň ýapyk mejlisinde işler diňlenende sud işini ýöretmegiň ähli kadalary berjaý edilýär. Sudlaryň çözgütleri ähli halatlarda açyk jar edilýär.

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1981-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul eden Ukazynyň we 1994-nji ýylyň 13-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda- TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1981-nji ýyl, № 17, 64-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994-nji ýyl, № 1-2, 6-njy madda)

10-njy madda. Işleri dowam edip gelýän kanunlar esasynda çözmek

Sud işleri çözen mahalynda Türkmenistanyň kanunlary esasynda, döwlet dolandyryşynyň ýokary organlarynyň kararlary esasynda çözmäge borçludyr. Sud şeýle hem döwlet häkimiýetiniň we döwlet dolandyryşynyň beýleki edaralarynyň özlerine berlen ygtyýarlarynyň çäklerinde çykaran aktlaryny hem ulanýar.

Sud kanuna laýyklykda daşary ýurt hukuknamasynyň normalaryny ulanýar.

Jedelli gatnaşygy düzgünleşdirýän kanun bolmadyk mahalynda, sud şoňa meňzeş gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanuny ulanýar, şonuň ýaly kanun bolmadyk mahalynda bolsa, sud kanunlarynyň umumy esaslaryndan we manysyndan ugur alýar.

(1994-nji ýylyň 13-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyn redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994-nji ýyl, № 1-2, 6-njy madda)

11-nji madda. Sud işine ýokarda durýan sudlaryň gözegçiligi

Türkmenistanyň sudlarynyň sud işine gözegçiligi kanunda bellenilen çäklerde Türkmenistanyň Ýokary sudy amala aşyrýar.

Welaýat sudlary degişli welaýatyň etrap, şäher sudlarynyň sud işine gözegçilik edýärler.

Aşgabat şäher sudy Aşgabat şäheriniň etrap sudlarynyň sud işine gözegçilik edýär.

(1994-nji ýylyň 13-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyn redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994-nji ýyl, № 1-2, 6-njy madda)

12-nji madda. Graždan sud işini ýöretmekde prokuror gözegçiligi

Graždan sud işini ýöretmekde Türkmenistanyň kanunlarynyň takyk berjaý edilmegine hem-de birmeňzeş ýerine ýetirilmegine gözegçiligi Türkmenistanyň Baş prokurory we onuň tabynlygyndaky prokurorlar amala aşyrýarlar.

Prokuror graždan sud işini ýöretmegiň ähli stadiýalarynda kanunyň her hili bozuşlaryny, kimiň bozýandygyna garamazdan, şol bozuşlary aradan aýyrmak üçin kanunda göz öňünde tutulan çäreleri öz wagtynda görmäge borçludyr.

Graždan sud işini ýöretmekde prokuror öz ygtyýarlaryny hiç hili organlara we wezipeli adamlara garaşsyzlykda, diňe kanuna tabyn bolup hem-de Türkmenistanyň Baş prokurorynyň görkezmelerini gollanyp amala aşyrýar.

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1981-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul eden Ukazynyň we 1994-nji ýylyň 13-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1981-nji ýyl, № 17, 64-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994-nji ýyl, № 1-2, 6-njy madda)

13-nji madda. Suduň çözgüdiniň, kesgitlemesiniň we kararynyň hökmanylygy

Suduň kanuny güýje giren çözgüdi, kesgitlemesi we karary ähli döwlet kärhanalary, edaralary, guramalary we olaryň birleşikleri, jemgyýetçilik guramalary, wezipeli adamlar hem-de graždanlar üçin hökmanydyr we Türkmenistanyň bütin çäklerinde ýerine ýetirilmelidir.

Çözgüdiň, kesgitlemäniň we kararyň hökmanylygy gyzyklanýan adamlaryň hukuklary we kanun tarapyndan goralýan bähbitleri hakyndaky jedele sud garamadyk hem-de ony çözmedik bolsa, şol adamlary şol hukuklaryň we bähbitleriň goralmagyny sorap suda ýüz tutmak mümkinçiliginden mahrum etmeýär.

(1994-nji ýylyň 13-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyn redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994-nji ýyl, № 1-2, 6-njy madda)

14-nji madda. Suduň hakyky ýagdaýlaryny, taraplaryň hukuklaryny we borçlaryny aýdyňlaşdyrmagy

Sud berlen materiallar we düşündirişler bilen çäklenmän, işiň hakyky ýagdaýlaryny, taraplaryň hukuklaryny we borçlaryny hemmetaraplaýyn, doly hem-de obýektiw aýdyňlaşdyrmak üçin kanunda göz öňünde tutulan ähli çäreleri görmäge borçludyr.

Sud işe gatnaşýan adamlaryň, hukuklaryny we borçlaryny olara düşündirmelidir, prosessual hereketleri etmegiň ýa-da etmezliginiň netijeleri hakynda duýdurmalydyr hem-de işe gatnaşýan adamlaryň öz hukuklaryny amala aşyrmagyna ýardam etmelidir.

2-nji bap

SUDUŇ SOSTAWY. OTWODLAR

15-nji madda. Suduň sostawy

Graždan işlerine: birinji instansiýaly sudda sudýadan we halk oturdaşlaryndan (151-nji maddada görkezilen işler muňa girmeýär) ybarat sostawda, kassasion we gözegçilik instansiýalarynda başlyklyk edijiden we suduň çlenlerinden ybarat sostawda garalýar.

Şu Kodeksde aýry-aýry meseleleri bir özi çözmäge sudýa hukuk berlen halatlarda ol suduň adyndan hereket edýär.

Sudýanyň bir özüniň çözmäge hukugy bolan meseleler sud tarapyndan kollegial sostawda hem çözülip bilner.

(1992-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992-nji ýyl, № 9, 87-nji madda)

151-nji madda. Sudýanyň bir özüniň garaýan işlеri1

Sudýa şu aşakdaky işlеrе bir özi garaýar:

1) alimеnt tölеtdirmеk, onuň möçbеrini üýtgеtmеk wе alimеnt tölеtmеgi bеs etmеk hakyndaky işlеrе;

2) nikany bozmak hakyndaky işlеrе, egеr şunda emläk wе çagalar hakynda jеdеl bolmasa;

3) ýaşaýyş jaýyny kirеýinе almak şеrtnamasyny üýtgеtmеk; ýaşaýyş jaý mеýdany baradaky hukugy ykrar etmеk wе ýaşaýyş jaý mеýdany baradaky hukugy ýitirilеn diýip ykrar etmеk hakyndaky işlеre;

4) ýuridik ähmiýеte eýe bolan faktlary bеlli etmеk hakyndaky işlеrе;

5) adamyň saglygyna zеpеr ýеtmеginе ýa-da eklеýjisiniň ýitirilmеginе gеtiren zyýanyň öwеzini tölеtdirmеk hakyndaky işlеrе;

6) hak-hukuklylyk ukybyny çäklеndirmеk hakyndaky işlеre;

7) graždany hak-hukuklylyk ukyby ýok diýip ykrar etmеk hakyndaky işlеrе;

8) adamy nam-nyşansyz gidеn diýip ykrar etmеk hakyndaky işlеrе;

9) adamy ölеn diýip yglan etmеk hakyndaky işlеrе;

10) adamy nam-nyşansyz gidеn wе ölеn diýip ykrar etmеk baradaky çözgütlеri ýatyrmak hakyndaky işlеrе;

11) mirasy kabul etmеk möhlеtini uzaltmak hakyndaky işlеrе;

12) zyýan ýеtirilmеgi nеtijеsindе ýüzе çykan ýagdaýlar hakyndaky işlеrе;

13) döwlеt dolandyryş organlaryň wе wеzipеli adamlaryň hеrеkеtlеri dogrusyndaky şikaýatlar baradaky işlеrе;

14) ykdysady hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça.

Kodekse 151–nji madda 1992-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizildi - (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992-nji ýyl, № 9, 87-nji madda)

(2000-nji ýylyň 23-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda- Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000-nji ýyl, № 1, 2-nji madda)

16-njy madda. Meseleleri suduň çözmeginiň tertibi

Işler seljerilen mahalynda ýüze çykýan ähli meseleler sesleriň köplügi bilen sudýalar tarapyndan çözülýär. Her bir mesele çözülen mahalynda ses bermekden saklanmaga sudýalardan hiç biriniň haky ýokdur. Başlyklyk ediji iň soňundan ses berýär.

Köplügiň çözgüdi bilen razylaşmadyk sudýa ýa-da halk oturdaşy özüniň aýratyn pikirini ýazmaça görnüşde beýan etmäge haklydyr, onuň bu pikiri işiň ýanyna goşulýar, ýöne welin, sud mejlisiniň zalynda jar edilmeýär.

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1981-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul eden Ukazynyň redaksiýasynda - TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1981-nji ýyl, № 17, 64-nji madda)

17-nji madda. Sudýany, prokurory we prossese beýleki gatnaşyjylary otwodlamak

Eger sudýa, halk oturdaşy, prokuror, sud mejlisiniň sekretary, ekspert we terjimeçi işiň netijesine şahsy, gös-göni ýa-da gytaklaýyn gyzyklanýan bolsa ýa-da olaryň tarapgöýsüzligine şübhe döredýän başga ýagdaýlar bar bolsa, olar işe garamaga gatnaşyp bilmezler hem-de otwodlanmalydyrlar.

18-nji madda. Sudýany otwodlamak üçin esaslar

Sudýa, halk oturdaşy şu aşakdaky ýagdaýlarda işe garamaga gatnaşyp bilmez:

1) eger olaryň iş boýunça suduň sostawyna girýän beýleki sudýalar bilen kowum-garyndaşlygy bar bolsa;

2) eger olar taraplaryň, işe gatnaşýan beýleki adamlaryň ýa-da wekilleriň kowum-garyndaşlary bolup durýan bolsa;

3) eger olar şu işe şaýat, ekspert, terjimeçi, wekil, prokuror, sud mejlisiniň sekretary hökmünde gatnaşan bolsa;

4) eger olaryň hut özleri, olaryň kowum-garyndaşlary işiň netijesine gös-göni ýa-da gytaklaýyn gyzyklanýan bolsa.

19-njy madda. Işe garamaga sudýanyň gaýtadan gatnaşmagynyň ýol berilmesizligi

Birinji instansiýaly sudda graždan işine garamaga gatnaşan sudýa bu işe kassasion instansiýaly sudda ýa-da sud gözegçiligi tertibinde garamaga gatnaşyp bilmez, şeýle hem birinji instansiýaly sudda işi aslyýeti boýunça çözen we onuň gatnaşmagy bilen çykarylan çözgüt, kesgitleme ýa-da karar ýatyrylan mahalynda, birinji instansiýaly sudda işe täzeden garamaga gatnaşyp bilmez.

Kassasion instansiýaly sudda işe garamaga gatnaşan sudýa birinji instansiýaly sudda ýa-da sud gözegçiligi tertibinde bu işe garamaga gatnaşyp bilmez, şeýle hem onuň gatnaşmagy bilen çykarylan kesgitleme ýatyrylandan soň kassasion instansiýaly sudda işe täzeden garamaga gatnaşyp bilmez.

Sud gözegçiligi tertibinde işe garamaga gatnaşýan sudýa birinji instansiýaly we kassasion instansiýaly sudda hut şol işe garamaga gatnaşyp bilmez.

Welaýat, Aşgabat şäher sudunyň ýa-da Türkmenistanyň Ýokary Sudunyň prezidiumynyň çleni prezidiumda işe garamaga gatnaşan bolsa, onda ol birinji instansiýaly sudda, kassasion instansiýaly sudda ýa-da gözegçilik tertibinde graždan işleri baradaky sud kollegiýasynda şol işe garalmagyna gatnaşyp bilmez.

Welaýat, Aşgabat şäher sudunyň ýa-da Türkmenistanyň Ýokary Sudunyň Prezidiumynyň çleni işe birinji instansiýaly, kassasion ýa-da gözegçilik instansiýaly sudda garamaga gatnaşan bolsa, onda ol degişli Suduň prezidiumynyň sostawynda şol işe garalmagyna gatnaşyp bilmez.

Türkmenistanyň Ýokary Sudunyň çleniniň işe birinji instansiýaly, kassasion ýa-da gözegçilik instansiýaly sudda garalmagyna gatnaşmagy ony Türkmenistanyň Ýokary Sudunyň plenumynyň sostawynda bu işe garalmagyna gatnaşmak hukugyndan mahrum etmeýär.

Türkmenistanyň Ýokary Sudunyň çleniniň ýokary Suduň plenumynyň sostawynda işe garamaga gatnaşmagy bu işe birinji instansiýaly, kassasion we gözegçilik instansiýaly sudda täzeden garamak hukugyndan ony mahrum etmeýär.

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1971-nji ýylyň 18-nji maýynda, 1983-nji ýylyň 25-nji awgustynda kabul eden Ukazynyň we 1994-nji ýylyň 13-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1971-nji ýyl, № 11, 81-nji madda; 1983-nji ýyl, № 24, 64-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994 ýyl, № 1-2, 6-njy madda).

20-nji madda. Prokurory, eksperti, terjimeçini we sud mejlisiniň sekretaryny otwodlamak üçin esaslar

Otwodlamak barada şu Kodeksiň 18-nji maddasynda görkezilen esaslar prokurora, eksperte, terjimeçä we sud mejlisiniň sekretaryna hem degişlidir.

Bulardan başga-da ekspert şu aşakdaky ýagdaýlarda işe garamaga gatnaşyp bilmez:

1) eger ol gulluk taýdan ýa-da başga jähetden taraplara, ýa-da işe gatnaşýan beýleki adamlara, ýa-da wekillere garaşly bolup durýan bolsa, ýa-da garaşly bolan bolsa;

2) eger ol şu graždan işini gozgamaga esas bolup hyzmat eden materiallaryň ýüze çykmagyna getiren derňewi geçiren bolsa;

3) onuň kompetentli däldigi ýüze çykarylan mahalynda.

Şu işe ozal garalan mahalynda prokuroryň, ekspertiň, terjimeçiniň we sud mejlisiniň sekretarynyň degişli suratda prokuror, ekspert, terjimeçi, sud mejlisiniň sekretary hökmünde gatnaşmagy olary otwodlamak üçin esas bolup bilmez.

21-nji madda. Jemgyýetçilik guramasynyň ýa-da zähmetkeşler kollektiwiniň wekilini otwodlamak üçin esaslar

Eger jemgyýetçilik guramasynyň ýa-da zähmetkeşler kollektiwiniň wekiliniň hut özi işiň netijesine gyzyklanýan bolsa, ol gös-göni ýa-da gytaklaýyn gyzyklanýan bolsa ýa-da onuň tarapgöýsüzligine şübhe döredýän başga ýagdaýlar bar bolsa, onda ol işe gatnaşmakdan otwodlanylyp bilner.

22-nji madda. Otwod bermek

Şu Kodeksiň 18-21-nji maddalarynda görkezilen ýagdaýlar bar mahalynda, sudýa, halk oturdaşy, prokuror, ekspert, terjimeçi, sud mejlisiniň sekretary we jemgyýetçilik guramasynyň ýa-da zähmetkeşler kollektiwiniň wekili öz-özlerine otwod bermäge borçludyrlar. Hut şol esaslar boýunça işe gatnaşýan adamlar hem otwod berip bilerler.

Otwodlamak delillendirilmelidir we işe aslyýeti boýunça garalyp başlanmazyndan öň bildirilmelidir.

Şondan soň otwod berilmegine diňe şeýle halatlarda, ýagny otwodlamak üçin esas işe garalyp başlanandan soň otwod berýän adama mälim bolan mahalynda ýol berilýär.

Eger ýokarda görkezilen ýagdaýlar işe garalyp başlanandan soň suda mälim bolsa, onda sud otwodlamak hakyndaky meseläni çözmek maksady bilen şol ýagdaýlar barada sud mejlisinde habar bermäge borçludyr.

23-nji madda. Bildirilen otwody çözmegiň tertibi

Otwod bildirilen mahalynda sud işe gatnaşýan adamlaryň pikirini diňlemelidir, şonuň ýaly-da eger otwodlanylýan adam düşündiriş bermek isleýän bolsa, şol otwod bildirilen adamyň düşündirişini hem diňlemelidir.

Sudýany ýa-da halk oturdaşyny otwodlamak hakyndaky mesele otwodlanylýan sudýanyň gatnaşmazlygynda beýleki sudýalar tarapyndan çözülýär. Otwodlamagyň tarapyna we otwodlamagyň garşysyna berlen sesler deň bolup çykan mahalynda, sudýa ýa-da halk oturdaşy otwodlanylan diýlip hasap edilýär.

Birnäçe sudýa ýa-da suduň bütin sostawy barada bildirilen otwod doly sostawyndaky hut şol sud tarapyndan sesleriň ýönekeý köplügi bilen çözülýär.

Prokurory, eksperti, terjimeçini, sud mejlisiniň sekretaryny we jemgyýetçilik guramasynyň ýa-da zähmetkeşler kollektiwiniň wekilini otwodlamak hakyndaky mesele işe garaýan sud tarapyndan çözülýär.

Otwodlamak hakyndaky mesele maslahat otagynda sud tarapyndan çözülýär.

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1981-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul eden Ukazynyň redaksiýasynda - TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1981-nji ýyl, № 17, 64-nji madda)

24-nji madda. Otwodlamak hakyndaky arzany kanagatlandyrmagyň netijeleri

Etrap (şäher) sudunda işe garalýan mahalynda sudýa, halk oturdaşy ýa-da suduň bütin sostawy barada otwod bildirilen mahalynda işe hut şol sudda, ýöne welin başga sudýalardan ybarat bolan sostawda garalýar ýa-da başga bir etrap (şäher) sudunyň garamagyna berilýär, eger işe garalýan ýerdäki etrap (şäher) sudunda sudýany çalşyrmak mümkin bolmaýan bolsa şeýle edilýär.

Welaýat, Aşgabat şäher sudunda we Türkmenistanyň Ýokary sudunda işe garalan mahalynda suduň çleni, halk oturdaşy ýa-da onuň bütin sostawy barada otwod bildirilen mahalynda işe hut şol sudda, ýöne welin başga sudýalardan ybarat bolan sostawda garalýar.

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1971-nji ýylyň 18-nji maýynda, 1981-nji ýylyň 15-nji iýunynda, 1983-nji ýylyň 25-nji awgustynda kabul eden Ukazlarynyň we 1994-nji ýylyň 13-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1971-nji ýyl, № 11, 81-nji madda; 1981-nji ýyl, № 17, 64-nji madda; 1983-nji ýyl, № 24, 64-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994-nji ýyl, № 1-2, 6-njy madda)

3-nji bap

IŞLЕRIŇ SUDLARA DЕGIŞLILIGI

25-nji madda. Graždan işleriniň sudlara degişliligi

Sudlara şu aşakdaky işler degişlidir:

1) eger jedeldäki taraplardan iň bolmanda biri graždan bolup durýan bolsa, graždan, maşgala, zähmet we kolhoz hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller baradaky işler, ýöne welin şunuň ýaly jedelleri çözmek kanunda administratiw ýa-da beýleki organlaryň garamagyna berlen halatlar muňa girmeýär;

2) ykdysady hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça işler;

3) şu Kodeksiň 233-nji maddasynda sanalyp geçilen administratiw hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan işler;

4) şu Kodeksiň 247-nji maddasynda sanalyp geçilen we aýratyn ýöredilýän işler;

5) kanun boýunça sudlaryň kompetensiýasyna berlen beýleki işler.

Sudlar daşary ýurt graždanlarynyň, belli graždanlygy bolmadyk adamlaryň, daşary ýurt kärhanalarynyň we guramalarynyň gatnaşýan işlerine-de seredýärler.

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1977-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda, 1981-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul eden Ukazlarynyň we 2000 –nji ýylyň 23-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1977-nji ýyl, № 18, 105-nji madda; 1981-nji ýyl, № 17, 64-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000-nji ýyl, № 1, 2-nji madda)

26-njy madda güýjüni ýitiren – (1994-nji ýylyň 13-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyn redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994-nji ýyl, № 1-2, 6-njy madda)

27-nji madda. Jedelleri bitaraplar sudunyň çözmegine bermek

Kanunda ýa-da halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlarda graždan hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykan jedel taraplaryň ylalaşmagy boýunça bitaraplar sudunyň çözmegine berlip bilner.

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň 1987-nji ýylyň 28-nji dekabrynda kabul eden Ukazynyň we 1994-nji ýylyň 13-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda- TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1987-nji ýyl, № 36, 177-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994-nji ýyl, № 1-2, 6-njy madda)

28-nji madda. Biri-biri bilen baglanyşykly bolan birnäçe talapnamanyň suda degişliligi

Biri-biri bilen baglanyşykly bolan birnäçe talapnama birleşdirilen mahalynda we şol talapnamalaryň birleri suda, beýlekileri bolsa hojalyk suduna degişli bolsa, onda, ähli talapnamalar sudda garalmaga degişlidir.

(1994-nji ýylyň 13-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyn redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994-nji ýyl, № 1-2, 6-njy madda)

Salgylanýar