Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 21.08.2020

Bedenterbiýe we sport hakynda

21.08.2020 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 12.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Bedenterbiýe we sport hakynda

«Bedenterbiýe we sport hakynda»

Türkmenistanyň kanuny 2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda kabul edilen № 260-VI Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Bedenterbiýe we sport hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 58-nji madda)

(Türkmenistanyň 03.06.2017 ý. № 577-V, 09.06.2018 ý. № 52-VI, 08.06.2019 ý. № 155-VI we 05.10.2019 ý. № 187-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

Şu Kanun Türkmenistanyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, Türkmenistanda bedenterbiýe we sport babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär we bu işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

1. Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) bedenterbiýe – medeniýetiň düzüm bölegi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny, adamyň beden taýdan ösüşini durmuşa geçirmek, onuň hereket işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen jemgyýet tarapyndan döredilýän we ulanylýan, şeýle hem adamyň saglygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen we şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine ýardam edýän ruhy we maddy gymmatlyklaryň jemini özünde saklaýan işiň çygry;

2) sport – bedenterbiýäniň organiki bölegi, sportda netijeler gazanmak maksady bilen adamyň ýaryşlara we ýaryşyjylyk işine taýýarlygynyň ýörite tejribe görnüşinde emele gelen sportuň görnüşlerinde adamlaryň gazananlaryny ýüze çykarmagyň we deň şertlerde deňeşdirmegiň aýratyn çygry;

3) sagdyn durmuş ýörelgesi – adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşamagyna we durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine, ýaşaýşyň zähmet, jemgyýetçilik, maşgala-durmuş, dynç alyş görnüşlerine işjeň gatnaşmagyny gazanmak üçin öňüni alyş çäreleriniň kabul edilmegine, şeýle hem keselleriň sebäplerini we netijelerini düzetmek üçin öňüni alyş çärelerini amal etmäge gönükdirilen adamyň durmuşynyň keşbi.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryna irki çagalyk döwründen sagdyn endiklerini we ukyplaryny terbiýelemek, ýaşamak üçin howpsuz we amatly daşky gurşaw, temmäkiden, neşe serişdelerinden we alkogolly içgileri ulanmakdan ýüz döndermek, sagdyn iýmitlenmek, beden taýdan işjeň durmuş, şahsy we jemgyýetçilik gigiýenasy degişlidir.

4) beden terbiýesi – sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasynda şahsyýeti terbiýelemäge, adamyň hereket başarnyklaryny we endiklerini, beden ukyplaryny we sypatlaryny ösdürmäge, beden taýdan kämil, hemmetaraplaýyn ösen we sagdyn adamy kemala getirmek maksady bilen olaryň bedenterbiýe we sport babatda bilimleri almagyna gönükdirilen pedagogik iş;

5) beden taýýarlygy – adamyň durmuş taýdan demografik häsiýetnamalaryny we işiniň görnüşlerini hasaba almak bilen beden sypatlaryny, başarnyklaryny, hereket başarnyklaryny we endiklerini ösdürmäge gönükdirilen iş;

6) uýgunlaşdyryjy bedenterbiýe we uýgunlaşdyryjy sport – maýyplygy bolan adamlaryň we saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan şahslaryň beden taýdan dikeldilmegine we kadaly durmuş gurşawyna uýgunlaşdyrylmagyna, olaryň durmuşy doly derejede duýmagyna päsgel berýän psihologik päsgelçilikleri ýeňip geçmegine, şeýle hem ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine öz şahsy goşandynyň zerurdygyna akyl ýetirmäge gönükdirilen bedenterbiýe-sagaldyş we sport häsiýetli çäreleriň toplumy;

7) beden taýdan dikeltmek – adamyň saglygynyň bozulmagy bilen dörän ýaşaýşyň çäklendirmelerini düzetmäge ýa-da mümkin boldugyça doly öwezini dolmaga gönükdirilen, uýgunlaşdyryjy bedenterbiýäniň we uýgunlaşdyryjy sportuň serişdelerini we usullaryny peýdalanmak bilen adam bedeniniň bozulan ýa-da wagtlaýyn ýitirilen wezipelerini we maýyplygy bolan adamlaryň we saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan şahslaryň jemgyýetçilik we hünär işine başarnyklaryny dikeltmek işi;

8) köpçülikleýin sport – ilatyň bedenterbiýe bilen guramaçylykly meşgullanmagyna, şeýle hem olaryň köpçülikleýin sport çärelerine we bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine gatnaşmaklaryna gönükdirilen sportuň bir bölegi;

9) mekdep sporty – umumybilim edaralarynda okuwçylaryň beden terbiýesine, olaryň sport çärelerine gatnaşmak üçin taýýarlygyna gönükdirilen sportuň bir bölegi;

10) talyp sporty – başlangyç hünär, orta hünär we ýokary hünär bilim edaralarynda talyplaryň beden terbiýesine, olaryň sport çärelerine gatnaşmak üçin taýýarlygyna gönükdirilen sportuň bir bölegi;

11) ýokary üstünlikler sporty – ýurduň içinde hem-de halkara derejesinde geçirilýän resmi sport ýaryşlarynda türgenler tarapyndan ýokary sport netijelerini gazanmaga gönükdirilen sportuň bir bölegi;

12) sportuň görnüşi – onuň tapawutlandyryjy alamatlary meşgullanýan ýeri, ulanylýan sport öwselesi (gorag serişdelerini hasaba almazdan) we enjamy, sport ýaryşynyň kadalary bolan sportuň düzüm bölegi;

13) sportuň milli görnüşleri – beden işjeňligini guramagyň aýratyn kadalary we usullary bolan özboluşly beden maşklary we halk oýunlary hökmünde ýaryşyjylyk işi görnüşinde türkmen jemgyýetinde taryhy geçmişden emele gelen sportuň görnüşleri;

14) sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşleri ‒ harby gullukçylarynyň hem-de hukuk goraýjy we ýörite döwlet edaralarynyň işgärleriniň öz harby we gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly sportuň görnüşi;

15) Sportuň görnüşleriniň döwlet sanawy – Türkmenistanyň çäginde sportuň ösdürilýän (kämilleşdirilýän) görnüşleri we ykrar edilen sport ugurlary hakynda kagyz we elektron göterijilerde bellenilen maglumatlary özünde saklaýan maglumat ulgamy;

16) sport ugry – tapawutlandyryjy alamatlary bolan we sport ýaryşlarynyň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini (maksatnamalaryny) öz içine alýan sportuň görnüşiniň bir bölegi;

17) bedenterbiýe we sport guramalary – işiniň esasy görnüşi hökmünde bedenterbiýe we sport babatda işi amala aşyrýan ýuridik şahslar;

18) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar – sportuň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini umumydöwlet derejesinde ösdürmek, umumydöwlet we halkara derejesinde sport çärelerini geçirmek we sportuň görnüşleri boýunça türgenleri – Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryny taýýarlamak maksady bolan we agzalyk esasynda döredilen hem-de döwlet akkreditasiýasy bolan jemgyýetçilik guramalary;

19) bedenterbiýe-sagaldyş çäreleri – bedenterbiýe we sport serişdelerini peýdalanmak bilen geçirilýän we adamyň zähmet (okuw) işine harçlan güýçlerini dikeltmäge, işjeň ýagdaýda dynç alşyny guramaga we önümçilik hem-de daşky gurşaw şertlerinde bedeniň amatsyz faktorlarynyň täsirine bolan durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler;

20) sport ýaryşy – bäsleşigiň iň gowy gatnaşyjysyny (ýeňijisini) ýüze çykarmak maksady bilen onuň guramaçysy tarapyndan tassyklanan düzgünnama (dessur) esasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleriň ýa-da türgenler toparlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşik;

21) sport çäreleri – sport ýaryşlary, şeýle hem türgenleşik çäreleri we türgenleri sport ýaryşlaryna taýýarlamak boýunça beýleki çäreler;

22) köpçülikleýin sport çäreleri – ilatyň arasynda ýaryşyjylyk häsiýetinde gurnalan, adamyň beden we ruhy ösüşine, saglygynyň berkidilmegine we keselleriň öňüni almaga, boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmaklaryna, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklaryna bolan islegi emele getirmäge gönükdirilen çäreler;

23) bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport ýa-da sport çäresiniň guramaçysy – ýuridik ýa-da fiziki şahs, onuň başlangyjy boýunça bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport ýa-da sport çäresi geçirilýär we (ýa-da) ol şeýle çärä taýýarlanmagyň we geçirmegiň guramaçylyk, maliýe we beýleki üpjünçiligini amala aşyrýar;

24) türgen – sportuň saýlap alnan görnüşi (görnüşleri) bilen yzygiderli meşgullanýan we sport ýaryşlarynda çykyş edýän fiziki şahs;

25) ýokary derejeli türgen – sport adyna eýe bolan we ýokary sport netijelerini gazanmak maksady bilen sport ýaryşlarynda çykyş edýän türgen;

26) sport ätiýaçlygy – sportuň saýlanyp alnan görnüşi (görnüşleri) boýunça sport taýýarlygyny geçýän we sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna goşulmaga dalaş edýän fiziki şahslar;

27) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlary – halkara sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek we olara Türkmenistanyň adyndan gatnaşmak üçin sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar bilen bilelikde bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan döredilýän türgenleriň, tälimçileriň we beýleki hünärmenleriň toparlary;

28) sport emini – ýörite taýýarlygy geçen we degişli hünär derejesini alan, sportuň görnüşiniň düzgünlerini we ýaryş hakyndaky düzgünnamanyň (dessuryň) berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga sport ýaryşynyň guramaçysy tarapyndan ygtyýarlandyrylan fiziki şahs;

29) tälimçi – bedenterbiýe we sport babatda taýýarlygyň ugurlary (kärleri) boýunça degişli orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi bolan ýa-da bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tälimçilik işi bilen meşgullanmaga ygtyýar berlen we okuw-türgenleşik çäreleriniň türgenler bilen geçirilmegini amala aşyrýan we sport netijelerini gazanmak üçin olaryň ýaryşyjylyk işine ýolbaşçylyk edýän fiziki şahs;

30) sport desgalary ‒ bedenterbiýe-sagaldyş, sport we köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek üçin niýetlenen we giňişlik-çäk serhetleri bolan, ýörite döredilen we enjamlaşdyrylan binalar, jaýlar, desgalar;

31) Beden terbiýesiniň döwlet toplumy – türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän, ýaşyna we jynsyna baglylykda Türkmenistanyň raýatlarynyň beden taýýarlygyna bolan talaplaryň we beden taýýarlygynyň ölçegleriniň jemi;

32) Türkmenistanyň ýeke-täk sport klassifikasiýasy – türgenleriň ussatlyk derejesini ýa-da tälimçileriň we sport eminleriniň hünär derejesini kesgitleýän, türgenleriň razrýadlarynyň we sport eminleriniň hünär derejeleriniň, tälimçileriň we türgenleriň sport atlarynyň ulgamy;

33) Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasy – her ýylda geçirilýän umumydöwlet we halkara derejeli sport ýaryşlarynyň, şeýle hem olara taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň sanawy.

2. Beýleki adalgalar şu Kanunyň aýry-aýry maddalarynda kesgitlenilýär.

2-nji madda. Bedenterbiýe we sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

1. Bedenterbiýe we sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de bedenterbiýe we sport babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasy bilen şu Kanunda göz öňünde tutulandaka garanda başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3-nji madda. Şu Kanunyň maksady we wezipeleri

1. Şu Kanunyň maksady türkmen jemgyýetinde ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde, Türkmenistanyň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmakda, boş wagtlaryny rejeli geçirmekde, şeýle hem olaryň saglygyny berkitmekde we keselleriň öňüni almakda bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak üçin hukuk binýadyny we zerur şertleri döretmek bolup durýar.

2. Şu aşakdakylar şu Kanunyň wezipeleridir:

1) Türkmenistanyň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklyga deň elýeterlilik hukuklaryny üpjün etmek we goramak;

2) Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty, raýatlaryň beden terbiýesini ösdürmek, Türkmenistanyň milli sport toparlarynyň sportuň görnüşleri boýunça halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmekleri üçin sport ätiýaçlylygyny taýýarlamak üçin hukuk kepilliklerini we zerur şertleri döretmek;

3) bedenterbiýäniň we sportuň subýektleriniň hukuklaryny, borçlaryny, ygtyýarlyklaryny we jogapkärçiligini kesgitlemek we bu babatda olaryň gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek.

4-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklary

1. Türkmenistanyň raýatlary şu aşakdaky hukuklara eýedirler:

1) bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak;

2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bedenterbiýe we sport guramalaryny döretmek;

3) bedenterbiýe we sport guramalaryna we aýry-aýry şahslara hyzmatlary etmek boýunça telekeçilik işi bilen meşgullanmak, bedenterbiýe-sport we ugurdaş harytlary öndürmek, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda mahabat işinde bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerinden peýdalanmak;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet we hususy sport desgalaryndan peýdalanmak;

5) bedenterbiýe-sagaldyş we sport ugurly jemgyýetçilik birleşiklerine girmek.

2. Türkmenistanyň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak hukugyny durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmek, bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatyny geçirmek arkaly döwlet tarapyndan üpjün edilýär.

3. Türkmenistanyň çägindäki daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda bedenterbiýe we sport babatda Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryndan peýdalanýarlar, halkara sport ýaryşlarynda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde türgen hökmünde çykyş etmek hukugy muňa degişli däldir.

5-nji madda. Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň subýektleri

Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň subýektlerine şular degişlidir:

1) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, şeýle-de ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, bedenterbiýe we sport babatda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary;

2) bedenterbiýe we sport guramalary;

3) Türkmenistanda olimpiýa hereketiniň guramalary;

4) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar;

5) bedenterbiýe we sport babatda işi amala aşyrýan bilim we saglygy goraýyş guramalary, ylmy guramalar;

6) sport desgalary degişli bolan ýuridik we fiziki şahslar;

7) bedenterbiýe bilen meşgullanýan fiziki şahslar, türgenler, ýygyndylar (sport toparlary), sport eminleri, tälimçiler şeýle-de bedenterbiýe we sport babatda beýleki hünärmenler;

8) bedenterbiýe we sport babatda işi amala aşyrýan beýleki fiziki we ýuridik şahslar.

6-njy madda. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty

1. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmaga ukyply, fiziki we ruhy taýdan ösen nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmek maksady bilen sportuň görnüşleri boýunça sport ätiýaçlygynyň we Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň taýýarlygyna gönükdirildi.

2. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty aşakdaky ýörelgelere esaslanýar:

1) Türkmenistanyň ähli raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan hukuklarynyň kepillikleri we olaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgul bolmaklaryna umumy elýeterlilik;

2) Türkmenistanyň dürli ýaşdaky raýatlar toparynyň ýaşaýşyň ähli döwürlerinde beden terbiýesine bolan gatnaşygynyň üznüksizligi we dowamlylygy;

3) ilatyň durmuş goraglylygyna mätäç bolan gatlaklarynyň arasynda, şol sanda köp çagaly we az üpjünçilikli maşgalalaryň çagalarynyň, ýetim çagalaryň we ata-eneleriniň howandarlygyndan galan çagalaryň, saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan şahslaryň, maýyplygy bolan adamlaryň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň ösüşini goldamagyň ileri tutulmagy;

4) okuw-türgenleşik, bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri geçirilende howpsuzlyk üpjünçiligini guramak;

5) Türkmenistanyň bütin çäginde bedenterbiýe we sport babatda kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň bitewiligi;

6) bedenterbiýe we sport subýektleriniň özara gatnaşygy;

7) bedenterbiýe we sport babatda döwlet we jemgyýetçilik düzgünleşdirmesiniň utgaşdyrylmagy;

8) bedenterbiýe we sport babatda Türkmenistanda halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegi.

3. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şu aşakdakylardyr:

1) Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin deň şertleri döretmek;

2) bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň, şeýle hem bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň tomaşaçylarynyň ömrüniň we saglygynyň howpsuzlygyny üpjün etmek we olaryň geçirilýän ýerlerinde jemgyýetçilik tertibini berjaý etmek;

3) ýurduň ilatyny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek;

4) türgenlerde we bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan beýleki fiziki şahslarda watançylygyň we milli aňyýetiň kemala gelmegine ýardam etmek;

5) ösüp gelýän nesli beden taýdan terbiýelemek, mekdep we talyp sportunyň ösüşine ýardam etmek;

6) sport ätiýaçlygynyň, ýokary derejeli türgenleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmek;

7) ýurduň türgenleriniň halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagyny, sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň kemala getirilmegini üpjün etmek, olaryň maddy-tehniki, lukmançylyk, ylmy-usulyýet taýdan we beýleki üpjünçiligi;

8) Türkmenistanda olimpiýa hereketini goldamak;

9) sportda dopingiň ulanylmagynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek;

10) Türkmenistanda ykrar edilen sportuň görnüşlerini, şol sanda sportuň milli görnüşlerini ösdürmek;

11) bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýaýbaňlandyrylmagy;

12) bedenterbiýe we sport guramalarynyň, bedenterbiýe we sport babatda işi amala aşyrýan beýleki fiziki we ýuridik şahslaryň döredilmegi we işlemegi üçin guramaçylyk, ykdysady, maliýe we maddy şertleri kesgitlemek;

13) türgenleriň we beýleki bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň saglyk ýagdaýyna lukmançylyk gözegçiligini üpjün etmek;

14) bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak;

15) bedenterbiýe we sport babatda ylmy barlaglary we işläp taýýarlamalary geçirmek;

16) bedenterbiýe we sport babatda işi maliýeleşdirmek üçin fiziki we ýuridik şahslaryň pul serişdelerini çekmek üçin şertler döretmek;

17) bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak.

7-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda işi döwlet tarapyndan goldamak

1. Döwlet bedenterbiýe we sport babatda işi goldaýar we şulary üpjün edýär:

1) Türkmenistanyň türgenleriniň Olimpiýa oýunlaryna, Paralimpiýa oýunlaryna, Surdlimpiýa oýunlaryna, Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlaryna, Aziýa oýunlaryna we beýleki halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmak çäreleriniň maliýeleşdirilmegini;

2) bedenterbiýe we sport guramalary we sport senagatynyň kärhanalary tarapyndan öz işinde maliýe, maddy-tehniki we maglumat serişdelerini, şeýle hem ylmy-barlag we tehniki işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary netijeli peýdalanmak üçin şertleriň döredilmegini;

3) döwlet eýeçiliginde durýan sport desgalarynyň gurulmagyny, durkunyň täzelenmegini, saklanylmagyny we peýdalanylmagyny;

4) bilim edaralarynda beden terbiýesini ýola goýmak we sporty ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün edýän maddy-tehniki we maliýe binýadynyň döredilmegini;

5) bedenterbiýe we sport guramalarynyň ulgamyny giňeltmek üçin şertleriň döredilmegini;

6) ilatyň dürli derejeleri we toparlary üçin olaryň ýaşaýan ýerinde bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň guralmagyny;

7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sport önümleriniň sertifikasiýasyny;

8) ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň, bedenterbiýäniň we sportuň ynsanperwer taglymynyň we gymmatlyklarynyň wagyz edilmegini;

9) halkara sport aragatnaşyklarynyň ýola goýulmagynda we amala aşyrylmagynda bedenterbiýäniň we sportuň subýektlerine ýardam etmegi.

2. Türkmenistanyň türgenleri tarapyndan ýokary sport netijelerini gazanmak maksady bilen döwlet şu aşakdakylar arkaly sportuň ösüşini goldaýar:

1) ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça işi amala aşyrýan bedenterbiýe we sport guramalarynyň sanyny artdyrmak we olaryň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak;

2) binýadynda sportuň degişli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň taýýarlygy amala aşyrylýan, täze we bar bolan ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralarynyň, şeýle hem bedenterbiýe we sport işgärlerini hünär taýdan taýýarlamagyň we hünärini ýokarlandyrmagyň şertlerini gowulandyrmak maksady bilen okuw binalarynyň we bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleri taýýarlamagy amala aşyrýan orta hünär, ýokary hünär bilim edaralarynyň, sport desgalarynyň gurluşygyna we döwrebaplaşdyrylmagyna maýa goýumlaryny çekmek;

3) ýokary üstünlikler sportuny ösdürmegiň we sport ätiýaçlygyny taýýarlamagyň meseleleri boýunça ylmy barlaglar üçin maliýe serişdelerini bölüp bermek;

4) ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak we olaryň halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy boýunça bedenterbiýe we sport guramalarynyň işini höweslendirmek;

5) bedenterbiýe we sport babatda hemaýatkärligi we haýyr- sahawatlylygy höweslendirmek;

6) ýokary sport netijelerini we üstünliklerini gazanan türgenler üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýörite haklary we pul töleglerini bellemek.

3. Bedenterbiýe we sport babatda işi döwlet tarapyndan goldamak bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

8-nji madda. Bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalary

1. Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň goldanylmagyny we ösdürilmegini, döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň durmuşa geçirilmegini, bedenterbiýe we sport babatda wajyp meseleleriň çözülmegini üpjün etmek maksady bilen bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalary işlenilip taýýarlanylýar. Görkezilen maksatnamalar azyndan dört ýyl üçin kabul edilýär.

2. Bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

II BAP. BEDENTERBIÝE WE SPORT BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI

9-njy madda. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar

Bedenterbiýe we sport babatda döwlet düzgünleşdirmesini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, şeýle hem bedenterbiýe we sport babatda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary amala aşyrýarlar.

10-njy madda. Bedenterbiýe we sport babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;

3) halkara derejeli sport çäreleri geçirilende gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň we olaryň geçirilýän ýerlerinde jemgyýetçilik tertibini berjaý etmegiň tertibini we şertlerini tassyklaýar;

4) bedenterbiýe we sport babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;

5) Türkmenistanyň çäginde sportuň täze görnüşlerini we sportuň ugurlaryny ykrar etmegiň tertibini tassyklaýar;

6-njy bendi - Türkmenistanyň 08.06.2019 ý. № 155-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

7) Beden terbiýesiniň döwlet toplumyny tassyklaýar;

8) bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär;

9) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

11-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlylygy

Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy:

1) bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar;

2) bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;

3) bedenterbiýe we sport meseleleri boýunça uzak möhletli we gysga möhletli geljek üçin döwletiň durmuş we ykdysady ösüşiniň çaklamalaryna degişli, şeýle hem degişli ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyna teklipleri işläp taýýarlaýar;

4) bedenterbiýe we sport babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar;

5) bilim babatda ygtyýarly döwlet edarasy we saglygy goraýyş babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde beden taýýarlygynyň ölçeg talaplaryny işläp taýýarlaýarlar, tassyklaýarlar we okaýanlar üçin ýerine ýetirilmegi hökmany bolan beden taýýarlygynyň ölçeg talaplaryny bilim edaralarynyň okuw işine ornaşdyrýarlar;

6) kärhanalarda, guramalarda, okuw mekdeplerinde bedenterbiýe we sport guramalarynyň döredilmegine ýardam edýärler;

7) bedenterbiýäniň we sportuň subýektleriniň işini utgaşdyrýar;

71) bedenterbiýe we sport guramasy tarapyndan bellenilen tertipde hasaba alnan türgenleriň Türkmenistan boýunça hasabyny ýöredýär;

8) Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasynyň çäklerinde sport ýaryşlaryny guraýar we geçirýär;

9) sportuň görnüşleri boýunça Olimpiýa oýunlaryna, Paralimpiýa oýunlaryna, Surdlimpiýa oýunlaryna, Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlaryna, Aziýa oýunlaryna, dünýä çempionatlaryna we kuboklaryna, Aziýa çempionatlaryna we kuboklaryna we beýleki halkara sport ýaryşlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça çäreleriň guralmagyna we geçirilmegine we olara gatnaşmagyň üpjün edilmegine gatnaşýar;

10) degişli halkara sport guramalary tarapyndan bellenilen talaplary hasaba almak bilen Türkmenistanyň çäginde Olimpiýa oýunlarynyň, Aziýa oýunlarynyň, dünýäniň çempionatlarynyň we kuboklarynyň, Aziýanyň çempionatlarynyň we kuboklarynyň, beýleki halkara sport ýaryşlarynyň guralmagyna we geçirilmegine gatnaşýar;

11) Paralimpiýa oýunlaryna, Surdlimpiýa oýunlaryna, Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaklary bilen bilelikde, maýyplygy bolan adamlaryň we saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň arasynda sport ýaryşlaryny guraýar we geçirýär, şeýle hem bu ýaryşlara olaryň taýýarlygyny we gatnaşmagyny üpjün edýär;

12) bedenterbiýäniň we sportuň serişdeleri bilen ilatyň arasynda hukuk bozulmalarynyň, neşekeşligiň, çilimkeşligiň, arakhorlugyň we zyýanly endiklere baglylygyň beýleki görnüşleriniň öňüni almak boýunça çäreleri işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;

13) sportuň milli görnüşleriniň ösüşini goldamak boýunça çäreleri amala aşyrýar;

14) bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleriň taýýarlygyny üpjün edýän hünär bilimiň taýýarlygynyň ugurlary (kärleri) boýunça döwlet bilim standartlarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýar;

15) bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleriň gaýtadan taýýarlanylmagyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny guraýar, şeýle hem bedenterbiýe we sport guramasynyň hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň şu Kanunyň 26-njy maddasynyň ikinji böleginiň 11-nji bendine laýyklykda hödürlemegi boýunça türgenleriň, tälimçileriň, sport eminleriniň we bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleriň hünär synagyny geçirýär hem-de onuň esasynda degişlilikde sport atlaryny, razrýadlaryny we hünär derejelerini berýär;

16) bedenterbiýe we sport babatda ylmy barlaglaryň geçirilmegini guraýar;

17) sport ätiýaçlygyny seçip almagyň we taýýarlamagyň ýeke-täk ulgamynyň döredilmegini guraýar;

18) sport öwselesi we enjamy hakynda tehniki düzgünleri işläp taýýarlaýar;

19) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň ylmy-usulyýet, lukmançylyk-biologik, lukmançylyk we antidoping üpjünçiligini, şeýle hem sportuň görnüşleri boýunça toplumlaýyn ylmy toparlaryň döredilmegini we olaryň işine gözegçiligi amala aşyrýar;

20) Beden terbiýesiniň döwlet toplumyny işläp taýýarlaýar;

21) bedenterbiýäniň we sportuň ylmy-usulyýet, hukuk, maglumat ulgamynyň kemala getirilmegini amala aşyrýar;

22) ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz-nesihat edilmegini üpjün edýär;

23) bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşini üpjün edýär;

24) Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasyny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;

25) sport çärelerini geçirmegiň talaplaryny we şertlerini hem-de olary geçirmek üçin maliýe we maddy çykdajylaryň ölçeglerini işläp taýýarlaýar;

26) sport desgalaryny peýdalanmak düzgünleriniň we ulanmak kadalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna gatnaşýar;

27) Türkmenistanyň çäginde sportuň täze görnüşlerini we sportuň ugurlaryny ykrar etmegiň tertibini işläp taýýarlaýar;

28) Sportuň görnüşleriniň döwlet sanawyny işläp taýýarlaýar, tassyklaýar we ýöredýär;

29) bedenterbiýe we sport babatda hyzmatdaşlyk hakynda döwletleriň halkara şertnamalaryny taýýarlamaga we baglaşmaga, görkezilen şertnamalardan we halkara hyzmatdaşlygynyň maksatnamalaryndan gelip çykýan döwletiň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegine gatnaşýar;

30) halkara sport guramalarynda bellenilen tertipde we öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwletiň bähbitlerine wekilçilik edýär;

31) bedenterbiýe we sport babatda maglumat-seljeriş üpjünçiliginiň ýeke-täk döwlet ulgamyny döredýär;

32) bedenterbiýe we sport boýunça ylmy, okuw we ylmy-populýar edebiýatyň neşir edilmegini guraýar;

33) täze sport desgalarynyň gurluşygy we hereket edýän sport desgalarynyň durkunyň täzelenmegi boýunça işleri guraýar;

34) ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralarynyň ähli görnüşleri üçin sportuň dürli görnüşleri boýunça okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

35) ýurduň ilatynyň beden taýýarlygynyň her ýylky umumydöwlet gözegçiligini guraýar;

36) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

12-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary

Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:

1) bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatyny ýöredýärler;

2) Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar;

3) bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň pudaklaýyn maksatnamalaryny tassyklaýarlar;

4) ykdysadyýetiň degişli pudaklarynyň kärhanalarynda, edaralarynda we okuw mekdeplerinde bedenterbiýäniň we sportuň guramalaryny döretmek bilen bilelikde, bedenterbiýäniň we sportuň pudaklaýyn infrastrukturasynyň döredilmegini üpjün edýärler;

5) ykdysadyýetiň degişli pudaklarynda bedenterbiýe we sport babatda guramaçylyk, işgär, maliýe, maddy-tehniki we durmuş meseleleriniň çözülmegini üpjün edýärler;

Salgylanýar