Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 22.05.2015

Bedenterbiýe we sport hakynda

22.05.2015 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 12.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Giriş maglumatlary

«Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň kanuny 2015-nji ýylyň 23-nji maýynda kabul edilen № 224-V Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Bedenterbiýe we sport hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý., № 2, 18- madda)

(Türkmenistanyň 09.11.2013 ý. № 449-IV Kanuny esasynda girizilen

üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

Şu kanun Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň ykdysady, guramaçylyk we hukuk esaslaryny kesgitleýär, şeýle hem bu çygyrdaky gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň ýörelgelerini belleyär.

1 madda. Bedenterbiýe we sport

Bedenterbiýe we sport adam şahsyýetini sazlaşykly kemala getirmek maksady bilen onuň saglygyny berkitmäge, adamyň jismi we akyl-paýhas ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň halkynyň medeniýetiniň düzüminiň möhüm bir bölegidir.

2 madda. Bedenterbiýe we sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Bedenterbiýe we sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanandyr we ol şu kanundan hem-de şoňa laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

3 madda. Bedenterbiýe we sport babatda raýatlaryň hukuklary

Raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga hukugy bardyr.

Raýatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara sport birleşikleriniň düzgünnamalaýyn resminamalaryna laýyklykda hereket edýän bedenterbiýe we sport birleşiklerini, sport klublaryny hem-de beýleki bedenterbiýe - sagaldyş we sport ugurly guramalaryny döretmäge hukugy bardyr.

Raýatlar bedenterbiýe we sport guramalaryna, aýry-aýry adamlara hyzmat etmek boýunça telekeçilik işi bilen meşgullanyp, bedenterbiýe-sport we ugurdaş harytlaryny öndürip, bedenterbiýäni we sporty Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda mahabatlama işlerinde peýdalanyp bilerler.

4 madda. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga raýatlaryň hukuklarynyň Döwlet tarapyndan kepillendirilmegi

l. Döwlet raýatlaryň bedenterbiýe we sport çygryndaky öz hukuklaryny zerur bolan hukuk, guramaçylyk, maliýe-ykdysady, durmuş we beýleki şertleri döretmegiň üsti bilen durmuşa geçirmegini kepillendirýär.

2. Döwlet sport desgalaryny we toplumlaryny gurmak, ýörite bedenterbiýe we sport edaralarynyň hem-de guramalarynyň ulgamyny döretmek bilen bedenterbiýe- sport gurluşynyň kömekçi düzüm böleklerini ösdürmegi üpjün edýär.

3.Döwlet raýatlaryň aýry-aýry toparlaryna, şol sanda çagalara, maýyplara, ýetim çagalara bedenterbiýe we sport çygryndaky öz hukuklaryny amala aşyrmagy üçin ýeňillikler bermek we höweslendiriş ulgamyny döretmegiň üsti bilen goldaw berýär.

5 madda. Bedenterbiýe we sport çygrynda döwlet dolandyryşy

l. Bedenterbiýe we sport çygrynda Döwlet dolandyryşyny Türkmenistanyň Miniştrler kabineti, şeýle hem bedenterbiýe we sport babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy, ýerine ýetiriji ýerli hakimiýet edaralary amala aşyrýarlar.

Türkmenistanyň Miniştrler kabineti tarapyndan kesgitlenilen halatlarda we tertipde bedenterbiýe we sport çygryndaky döwlet dolandyryş wezipesini beýleki döwlet edaralary hem amala aşyryp bilerler.

2. Bedenterbiýe we sport çygrynda Türkmenistanyň Miniştrler kabinetiniň ygtyýaryna şular degişlidir, ýagny:

bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatyny kemala getirmek we amala aşyrmak;

bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň milli maksatnamasyny tassyklamak;

bedenterbiýäni we sporty maliýeleşdirmek;

sport desgalary babatynda gurlusyk kadalaryna we düzgunlerine, sanitariýa kadalaryna talaplary bellemek;

bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleri taýýarlamagyň we gaýtadan taýýarlamagyň döwlet ulgamyny guramak;

bedenterbiýe we sport babatdaky kanunçylygyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek.

3. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasynyň ygtyýaryna şular degişlidir, ýagny:

Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek;

kärhanalarda, edaralarda, okuw mekdeplerinde sport bölümleriniň, klublarynyň ulgamyny döretmegi guramak;

jemgyýetçilik sport birleşikleriniň işini utgaşdyrmak;

sport ýaryşlaryny guramak we gecirmek;

resmi halkara ýaryşlaryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ýygyndy komandasyny taýýarlamaga ýolbaşçylyk etmek;

sportyň milli görnüşlerini ösdürmek;

bir bitewi sport derejesini bellemek;

ilatyň dürli toparlarynyň beden taýdan taýýarlygynyň ölçeglerini tassyklamak;

bedenterbiýe we sport ulgamyny ylmy-usullaýyn, hukuk, maglumatlar taýdan üpjün etmek;

sagdyn durmuş ýaşaýşyny giňden ündemegi üpjün etmek;

bedenterbiýe-sagaldyş we sport hyzmatlaryny bitirmek boýunça işleri ygtyýarlylandyrmak.

4. Bedenterbiýe we sport çygrynda ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary:

bedenterbiýe-sagaldyş sport çäreleriniň geçirilmegini bellenilen tertipde ýerli býujetleriň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirýärler;

maddy-tehniki binýady, bedenterbiýe-sport edaralaryny we guramalaryny döretmekde, ösdürmekde maliýe kömegini bermek arkaly goldaw berýärler;

raýatlaryň ýaşaýan ýerlerinde sport bölümlerini, klublary döredýärler.

6 madda. Bedenterbiýe-sagaldyş we sport ugurly jemgyýetçilik birleşikleri

Bedenterbiýe-sagaldyş we sport ugurly jemgyýetçilik birleşikleri hökmünde bedenterbiýe-sport jemgyýetleri, klublary, sport merkezleri, birleşikler, gaznalary we bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi öz öňlerinde maksat goýan beýleki raýatlaryň birleşikleri hasaplanylýarlar.

Bedenterbiýe-sagaldyş we sport ugurly jemgyýetçilik birleşikleri döwletiň maliýe maddy we beýleki goldawundan peýdalanyp bilerler.

Bedenterbiýe we sport döwlet dolandyryş edaralary bedenterbiýe-sagaldyş we sport ugurly jemgyýetçilik birleşikleriniň bedenterbiýe-sagaldyş çärelerini we spor ýaryşlaryny guramak boýunça, şolara we şol sanda halkara ýaryşlaryna türgenleri taýýarlamak hem-de gatnaşmak, seýle hem birleşikleriň Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen baglanyşykly başga ugurly işine gatnaşmak boýunça alyp barýan işini ugrukdyrýarlar.

7 madda. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde saglygy goraýyş edaralarynyň, edaralaryň we guramalaryň gatnaşmagy

Saglygy goraýyş edaralary, edaralar we guramalar, lukmançylyk okuw mekdepleri:

bedenterbiýäni saglygy berkitmegiň, keselleriň öňüni almagyň we olary bejermegiň möhüm serişdesi hökmünde giňden peýdalanýarlar;

ilatyň beden taýdan ösüş ýagdaýyna barlagy geçirýärler, Türkmenistanyň Ministrler kabinetine bellenilen tertipde degişli teklipleri hödürleýärler;

bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlara lukmanlyk barlagyny geçirýärler, Türkmenistanyň ýygyndy komandalarynyň halkara we beýleki ýaryşlara taýýarlygyny lukmançylyk taýdan üpjün etmäge gatnaşýarlar;

bedenterbiýe we sport babatda saglygy goraýyşyň hünärmenleriniň taýýarlygy we hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça iş alyp barýarlar;

bedenterbiýe maşklarynyň ýöriteleşdirilen maksatnamalaryny işläp taýýarlamagy amala aşyrýarlar, sagaldyş merkezlerini, lukmanlyk-bedenterbiýe dispanserlerini döredýärler, olary ýörite gurallar we enjamlar bilen abzallaşdyrýarlar.

Saglygy goraýyş edaralary, edaralar we guramalar, lukmançylyk okuw mekdepleri döwlet dolandyryş edaralary, bedenterbiýe we sport edaralary we guramalary bilen özara ýygy aragatnaşykda işleýärler.

8 madda. Bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýaşaýyşynyň ündewi

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bedenterbiýäniň we sportyň döwlet dolandyryş edaralary, saglygy goraýyş edaralary, bilim edaralary, kärdeşler arkalaşyklary, ýaşlar we aýallar guramalary, bedenterbiýe-sagaldyş we sport ugurly jemgyýetçilik birleşikleri bedenterbiýäniň we sportyň, olimpiýa hereketiniň giň ündewini alyp barýarlar, saglygy goramak we berkitmek üçin bedenterbiýäni iş ýüzünde peýdalanmak barada ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrýarlar.

9 madda. Bedenterbiýe we sport babatda professional iş sapaklary

Bedenterbiýe we sport babatda hünär işi bilen meşgullanmaga ýörite bilimi bolan ýa-da ýörite okuwlarda taýýarlygy geçen hem-de bedenterbiýe-sagaldyş we sport hyzmatlaryny bitirmek boýunça işleri amala aşyrmaga ygtyýarnamasy bolan şahslar goýberilýär.

Bejeriş bedenterbiýe hünäri boýunça professional işi alyp barmaga ýörite bedenterbiýe ýa-da lukmançylyk bilimi bolan adamlar goýberilýär.

Bedenterbiýe we sport babatdaky mugallymçylyk işine degişli bilimi we professional taýýarlygy bolan adamlar goýberilýär.

10 madda. Bedenterbiýe we sport boýunça hünärmenleri taýýarlamak

Bedenterbiýe we sport boýunça hünarmenleri taýýarlamak Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty, şeýle hem beýleki ýokary we orta hünär okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýar.

Bedenterbiýe we sport boýunça işgärleriň gaýtadan taýýarlanmagy, hünärini ýokarlandyrmagy we hünär synaglary Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan belienilen tertipde amala aşyrylýar.

11 madda. Bedenterbiýäniň we sportuň maliýeleşdirilişi

Bedenterbiýe we sport, şol sanda sportuň tehniki we harby-amaly görnüşleriniň maliýeleşdirilmegi döwlet býujetiniň, kärdeşler arkalaşyklary guramasynyň serişdeleriniň, agzalyk tölegleriniň, sport-tomaşa çäreleriniň we sport lotereýalarynyň geçirilmeginden gowuşýan girdejileriň, ilata edilýän bedenterbiýe-sagaldyş hyzmatlaryndan gelýän ýygymlaryň, kärhanalaryň we guramalaryň öz ygtyýarlygyna galdyrylýan girdejilerinden bölünip berilýän serişdeleriň, banklaryň karz serişdeleriniň, guramalaryň, kärhanalaryň, raýatlaryň haýyr-sahabat töleginiň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

12 madda. Bedenterbiýe-sagaldyş we sport desgalary

Bedenterbiýe-sagaldyş we sport desgalaryna stadionlar, sport zallary we toplumlary, ýüzüş howdanlary, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport meýdançalary hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga niýetlenilen beýleki desgalar degişlidir.

Bedenterbiýe we sport boýunça döwlet dolandyryş edaralary tarapyndan kärhanalar, edaralar, guramalar, okuw mekdepleri üçin olarda işleýänleriň ýa-da okaýanlaryň mukdaryna baglylykda esasy bedenterbiýe-sagaldyş we sport desgalary bilen üpjünçiligiň azyndan iň pes görkezijileri bellenilýär.

Ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim edaralarynyň, şypahana we syýahat edaralarynyň gurluşygy we durkunyň täzelenmegi möhüm bedenterbiýe we sport desgalarynyň toplumyny döretmek bilen amala aşyrylýar. Bedenterbiýe-sagaldyş we sport desgalaryny şol ýerlerde şolara barabar desgalary döretmezden, olary ýok etmäge ýol berilmeýär.

Bedenterbiýe-sagaldyş we sport desgalarynyň gurluşygy we durkunyň täzelenmegi bedenterbiýe we sport çärelerini geçirmek üçin zerur bolan sanitariýa kadalarynyň we howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegi bilen amala aşyrylýar.

Döwlet bedenterbiýe-sagaldyş we sport desgalarynyň gurluşygyny maliýeleşdirmegi döwletiň býujet serişdeleriniň hasabyna üpjün edýär. Bedenterbiýe we sport maksatlar üçin beýleki çeşmelerden pul serişdeleriniň we maddy serişdeleriniň çekilmegi, eger Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän bolsa onda bedenterbiýe we sport boýunça Döwlet dolandyryş edaralary şol serişdeleriň çekilmegine ýardam edýärler.

13 madda. Bilim edaralarynda beden terbiýesi

Bilim edaralary belenterbiýäni we sporty ösdürmegiň milli maksatnamasynyň çäklerinde çagalary we ýaşlary beden taýdan terbiýelemek, olaryň saglygyny berkitmek, olarda beden taýdan kämilleşmäge bolan islegi kemala getirmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýärler.

Bilim edaralary çagalaryň we ýaşlaryň beden taýdan taýýarlygyna barlag geçirýärler.

Çagalary we ýaşlary beden taýdan terbiýelemegiň esasy ugurlary, şeýle hem Türkmenistanda çagalar-ýetginjekler sportuny ösdürmegiň esasy ugurlary Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

14 madda. Harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň beden taýdan taýýarlygy

Harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň beden taýýarlygy boýunça işleriniň mazmuny we olary guramagyň görnüşi degişli döwlet dolandyryş edaralary tarapyndan kesgitlenilýär.

15 madda. Kärhanalarda, edaralarda we guramalarda bedenterbiýe we sport

Kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň müdiriýeti kärdeşler arkalaşyklary guramalary bilen birlikde işgärlere we olaryň maşgala agzalaryna bedenterbiýe we sport dikeldiş we hünärleyin-amaly bedenterbiýe türgenleşikleri bilen meşgullanmak üçin zähmetden soňky dikeldiş, sport-köpçülikleýin işi, sport-sagaldyş syýahaty, goşun gullugyna çagyrylmazdan öňki we çagyryş döwründe ýaşlaryň beden taýýarlygy üçin zerur şertleri döredýärler.

Bedenterbiýe we sport türgenleşiklerini guramak üçin maddy binýady döretmegiň, ony peýdalanmagyň, maliýeleşdirmegiň, hünärmenler bilen üpjün etmegiň tertibi kärhanalarda, edaralarda we guramalarda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň bedenterbiýe we sport boýunça döwlet dolandyryş, edaralary tarapyndan bellenilen düzgünnamalar we görkezijiler esasynda işlenilip taýýarlanylýan maksatnamalar tarapyndan kesgitlenilýär.

16 madda. Şypahana edaralarynda, dynç alyş öýlerinde we syýahat binýatlarynda bedenterbiýe-sagaldyş işi

Şypahana edaralarynyň, dynç alyş öýleriniň we syýahat binýatlarynyň müdiriýeti dynç alýanlaryň saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak we olary bejermek üçin bedenterbiýe maşklaryny, bedenterbiýäniň beýleki düzüm böleklerini peýdalanmaga borçludyr.

Şypahana edaralarynyň, dynç alyş öýleriniň we syýahat binýatlarynyň ählisinde ýekebara we toparlaýyn bedenterbiýe-sagaldyş maşklaryny geçirmek üçin bedenterbiýäniň maddy binýady we beýleki şertler döredilýär.

17 madda. Bedenterbiýe we sport babatda tölegli hyzmatlar

Ilata tölegli bedenterbiýe-sport we sagaldyş hyzmatlary bedenterbiýe we sport edaralary, şeýle hem şahslar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenýän tertipde amala aşyrylýar.

Tölegli bedenterbiýe-sport we sagaldyş hyzmatlarynyň görnüşleriniň sanawy Türkmenistanyň Ministrler kabineti bilen ylalaşmak esasynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan tassyklanylýar.

18 madda. Maýyplar üçin bedenterbiýe we sport

Bedenterbiýäniň we sportyň maýyplar üçin ösdürilmegi olaryň jemgyýetçilige goşulyşmagyny we beden taýdan saplanmagyny maksat edinýär.

Bedenterbiýe we sport babatda döwlet dolandyryş edaralary tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde maýyplar üçin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek maksady bilen ýeňillikler we höweslendiriş ulgamy işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar, olar üçin ýörite bedenterbiýe-sagaldyş we sport desgalaryny döretmegi üpjün edýärler, şeýle hem umumylykda peýdalanylýan desgalarda maýyplaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin şertleri üpjün edýärler.

19 madda. Türkmenistanda Olimpiýa hereketi

Döwlet Türkmenistanda Olimpiýa hereketini ykrar edýär we goldaýar.

Türkmenistanda Olimpiýa hereketi şulary özüne maksat edinip goýýar:

ösüp gelýän nesli özara düşünişmek we dostluk ruhunda terbiýelemegiň olimpiýa taglymatlaryny we ýörelgelerini ýaýratmak;

ilat arasynda bedenterbiýäni we sporty ündemek;

Türkmenistanyň türgenleriniň Olimpiýa we Paraolimpiýa oýunlaryna taýýarlanmagy we gatnaşmagy.

20 madda. Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti

Türkmenistanda Olimpiýa hereketi Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan ugrukdyrylýar, onuň işi Olimpiýa hartiýasyna, Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz düzgünnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti jemgyýetçilik birleşigi bolup durýar.

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti Olimpiýa, yklym we sebit oýunlarynda, Halkara Olimpiýa komitetinde, halkara sport birleşiklerinde Türkmenistana wekilçilik etmäge bolan hukuga eýedir.

Milli Olimpiýa komitetiniň öz milli olimpiýa nyşany we ony peýdalanmaga bolan aýratyn hukugy bardyr.

Döwlet Milli Olimpiýa komitetiniň maddy binýadyny ösdürmäge ýardam edýär¸ oňa Türkmenistanyň ýygyndy komandasynyň Olimpiýa, yklym, sebit we Paraolimpiýa oýunlaryna gatnaşmak meselesi boýunça maliýe we guramaçylyk kömegini berýär hem-de halkara aragatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam edýär.

21 madda. Yokary üstünlikler sporty

Yokary üstünlikler sporty - adamda bolan başarnyk mümkinçiliginiň açylmagyny üpjün edýän we ýokary sport netijelerini gazanmaga gönükdirilen hem-de okuw türgenleşik işini ýöriteleşdirmek we ýekebaralaşdyrmak arkaly üstünlikleriň ýokary derejesini belleýän sport işidir.

Yokary derejeli türgenleri taýýarlamak maksady bilen ýöriteleşdirilen sport edaralary we guramalary döredilýär, olaryň iş tertibi bedenterbiýe we sport boýunça döwlet dolandyryş edaralary tarapyrtdan kesgitlenilýär.

Yokary derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça Döwlet edaralary, kärhanalar edaralar, guramalar, jemgyýetçilik birleşikleri, seýle hem raýatlar ýörite guramalary döredijiler bolup bilerler.

22 madda. Sport oruntutarlaryny taýýarlamak

Sport oruntutarlaryny taýýarlamak maksady bilen cagalaryň we ýaşlaryň ýöriteleşdirilen okuw-sport mekdepleri döredilýär, oňa sport mekdepleri, ýokary sport ussatlygynyň mekdepleri, olimpiýa taýýarlygynyň mekdepleri we merkezleri girýärler.

Okuw-sport mekdeplerini döretmek hukugy bedenterbiýe we sport boýunça döwlet dolandyryş edaralaryna, kärdeşler arkalaşyklary guramalaryna, meýletin sport jemgyýetleriniň geňeşliklerine, sport klublaryna we olaryň işini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda guraýan hususy taraplara degişlidir.

23 madda. Bedenterbiýe we sport çygrynda durmuş taýdan goraglylyk

Bedenterbiýe we sport boýunça döwlet dolandyryş edaralary, sport merkezleri we jemgyýetçilik birleşikleri, kärhanalar, edaralar, guramalar we raýatlar türgenlere maliýe taýdan goldaw berip bilerler.

Bedenterbiýe we sport boýunça döwlet dolandyryş edaralary, bedenterbiýe sagaldyş we sport ugurly jemgyýetçilik birleşikleri, şol sanda sport merkezleri çykdajylaryň öwezini dolýarlar we türgenlere ýaryşlara taýýarlanmak we olara gatnaşmak bilen baglanyşykly, ýaryşlara taýýarlanylýan we gatnaşylýan döwürde türgeniň we degişli guramanyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda öwezini töleýärler.

24 madda, Hünarleýin sport

Hünärleýin sport - munuň özi täjirçilik sport işi bolup, ol sport-tomaşa çäreleriniň ykdysady netijeliligini göz oňüne tutýar.

Türkmenistanyň raýatlarynyň türgen, sport emini we beýleki sport hünärmenleri hökmünde professional sport bilen meşgullanmaga hukugy bardyr.

Professional ligalary, birleşikleri, klublary, beýleki professional guramalary döretmegiň tertibi we maliýeleşdirmegiň şertleri, şeýle hem sportda professional işi amala aşyrýan şahslar bilen şertnamalary baglaşmagyň tertibi halkara sport guramalarynyň tertipnamalaryny, hartiýalaryny, düzgünnamalaryny we beýleki resminamalaryny hasaba almak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, bedenterbiýe we sport babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

25 madda. Sportda gadagan edilen serişdeler

Sport bilen meşgulllanylanda Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport döwlet edaralary we halkara sport guramalary tarapyndan gadagan edilen serişdeleri peýdalanmaga ýol berilmeýär.

Sport netijesini gazanmak üçin kuwwatlandyryjylary, derman we jisim serişdelerini ulanan, Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan tassyklanylan, Lukmançylyk kodeksinde görkezilen beýleki gadagan edilen serişdeleri peýdalanan türgen çykyş etmek hukugyndan kesilmäge sezewar edilýär.

26 madda. Türkmenistanda bedenterbiýe we sport hakyndaky kanunçylygyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu kanunyň düzgünleriniň bozulmagy Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

2001 ýylyň 7-nji iýuly

№ 76-II

Salgylanýar