Daýhan hojalygy hakynda
«Daýhan hojalygy hakynda»
Türkmenistanyň kanuny 2013-nji ýylyň 9-njy noýabrynda kabul edilen № 445-IV Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Daýhan hojalygy hakynda
XII-18
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1994 ý. № 1-2¸ 2- madda)
Şu Kanun daýhan hojalygyny döretmegiň esasy prinsiplerini we onuň işiniň hukuk esasyny kesgitleýär.
I bölüm.
UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Daýhan hojalygy
Daýhan hojalygy haryt oba hojalyk önümçiligini bilelikde alyp barýan adamlaryň esasan öz agzalarynyň şahsy zähmetine esaslanýan maşgala-zähmet birleşigidir.
Är-aýallar, çagalar, şol sanda ogullyga (gyzlyga) alnan çagalar, ata-eneler we beýleki garyndaşlar daýhan hojalygynyň agzalýary bolup bilerler. Daýhan hojalygy bir adamdan ybarat bolup biler.
Daýhan hojalygynda zähmet ylalaşygy boýunça işleýän adamlar onuň agzalary bolup bilmezler.
2-nji madda. Daýhan hojalygynyň eýeçiligi
Daýhan hojalygynyň eýeçiliginde ýer, ýaşaýyş jaýlary, hojalyk jaýlary we gaýry jaýlär, agaçlar, önüm berýän hem-de iş maly, guşlar, bal arylary, oba hojalyk tehnikasy we inwentary, transport serişdeleri hem-de oba hojalyk önümçiligini özbaşdak alyp barmak, öňümi işläp bejermek, ýerleşdirmek, hyzmatlary etmek üçin zerur bolan beýleki emläk bolup biler.
Öndürilen önüm we alnan girdejiler daýhan hojalygynyň eýeçiligi bolup durýar hem-de olardan ol öz islegine görä peýdalanýar.
Daýhan hojalygynyň eýeçiligine daýhan hojalygynyň beýleki agzalarynyň razylygy bilen onuň baştutany ygtyýar edýär.
Daýhan hojalygynyň emlägi meýletin tertipde strahowaniýe edilmäge degişlidir.
Daýhan hojalygynyň agzalarynyň emläk gatnaşyklary Türkmenistanyň Graždan kodeksiniň, Türkmenistanyň nika we maşgala hakyndaky Kodeksiniň degişli normalary, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlary bilen düzgünleşdirilýär.
3-nji madda. Daýhan hojalygy hojalygy ýöretmegiň formasy hökmünde
Daýhan hojalygy özbaşdak önümçilik birligi bolup durýar.
Daýhan hojalygy öz işiniň ugruny, önümçiligiň, önümi işläp bejermegiň hem-de ýerleşdirmegiň düzümini we möçberlerini kesgitlemegi, hyzmatlary etmegi hem-de hojalygy ýöretmek bilen baglanyşykly beýleki meseleleri çözmegi özbaşdak amala aşyrýar.
Daýhan hojalygynyň döwlet organlary, kooperatiw guramalar, daşary ýurt guramalary hem-de kärhanalary, beýleki ýuridik we fiziki taraplar bilen özara gatnaşyklary şertnamalar hem-de Türkmenistanyň kanunçylyk aktlary esasynda amala aşyrylýar. Daýhan hojalygynyň bähbitlerini onuň baştutany ýa-da ynanç haty boýunça hojalygyň beýleki bir agzasy goraýar.
4-nji madda. Graždanlaryň daýhan hojalygyny döretmäge bolan hukugy
Türkmenistanyň 18 ýaşdan uly, zähmet endikleri we zerur kwalifikasiýasy bolan işe ukyply her bir graždanynyň daýhan hojalygyny döretmäge hukugy bardyr.
Düzüminden daýhan hojalygy bölünip çykan reformirlenilýän oba hojalyk kärhanasynda ýaşaýan we işleýän gräždanlaryň daýhan hojalygyny döretmäge artykmaç hukugy bardyr.
II bölüm.
DAÝHAN HOJALYGYNY GURAMAK
5-nji madda. Daýhan hojalygyny döretmegiň şertleri
Daýhan hojalygy ýer fondy bolanda, suw resurslary we oba hojalyk hajatlary üçin niýetlenen beýleki önümçilik fondlary bilen üpjün edilen şertinde döredilýär.
6 -njy madda. Daýhan hojalygyny döretmegiň tertibi
Daýhan hojalygyny döretmegi niýet edinen graždanlar degişli ýerli ýerine ýetirji häkimiýet organlaryna şu aşakdakylary berýärler:
ýer uçastogynyň, jaýlaryň, desgalaryň ýa-da önümçilik kompleksiniň berilmegi hakynda arza;
garyndaşlyk derejesini görkezmek bilen daýhan hojalygynyň agzalarynyň düzümi hakynda maglumatlar;
berilmegi haýyş edilýän ýer uçastogynyň ýerleşýän ýerini we meýdanyny görkezmek bilen, uçastogyň plany;
hojalygy netijeli alyp barmak boýunça ykdysady esaslandyrmalar.
Daýhan hojalygyny guramak we graždanlara ýer uçastogyny, önümçilik serişdelerini hem-de beýleki emlägi bermek hakynda degişli ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary, arza berlen güňünden başlap, bir aý möhletde karar kabul edýärler.
7-nji madda. Daýhan hojalygyny guramak üçin ýer fonduny emele getirmek
Daýhan hojalygyny guramak üçin aşakdakylardan ýer uçastoklary berilýär:
reformirlenilýän kolhozlaryň, sowhozlaryň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerlerinden;
etraplar tarapyndan şu aşakdakylaryň hasabyna döredilen ýörite ýer fondundan:
ätiýaçlyk ýerleriň;
niýetlenen maksadyna laýyk peýdalanylmaýan ähli kategoriýadaky ýerleriň;
tokaý hojalyk kärhanalarynyň ýerleriniň;
batan hem-de ýatyrylan kärhanalaryň, hojalyklaryň ýerleriniň.
8-nji madda. Daýhan hojalygyny ýöretmek üçin graždanlara ýer bermek
Daýhan hojalygyny ýöretmek üçin ýer miraslaýyn eýelik etmäge, hususy eýeçilige we kärendesine berilýär. Ýere eýelik etmegiň häsiýeti we ondan peýdalanmagyň görnüşleri degişli ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary tarapyndan kesgitlenilýär.
Daýhan hojalygyny ýöretmek üçin ýer alan gräždanlaryň mellek uçastoklary özlerinde galdyrylýar.
Daýhan hojalygyny ýöredýän graždanlar ýer uçastoklaryny goşmaça kärendesine alyp ýa-da wagtlaýyn peýdalanmak üçin alyp bilerler.
Daýhan hojalygyny ýöredýän graždanlaryň ýer uçastoklary miras galdyrmak, miras almak tertibinde bölünip bilner. Şunda bölünen uçastogyň iň az möçberi netijeli haryt önümçiligini üpjün etmelidir.
Daşary ýurt graždanlaryna daýhan hojalygyny ýöretmek üçin ýer Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan diňe kärendesine berlip bilner.
Daýhan hojalygyny guramak üçin ýer bermekden ýüz dönderilendigi barada sud tertibinde şikaýat edilýär.
9-njy madda. Daýhan hojalygyny registrasiýa etmek
Daýhan hojalygyny registrasiýa etmek »Kärhanalar hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
Daýhan hojalygy döwlet registrasiýasy hakyndaky şahadatnamany alan pursatyndan bäşlap döredildi diýlip hasap edilýär, şondan soň ol ýuridiki tarapyň statusyna eýe bolýar, bank (banklaryň) edaralarynda hasaplaşyk we beýleki sçýotlary açýar, öz ady ýazylan möhüri ýasadýar, beýleki kärhänalar, guramalar, edaralar we graždanlar bilen işewür gatnaşyklara girişýär hem-de özbaşdak haryt öndüriji hökmünde hasaba alynýar.
III bölüm.
DAÝHAN HOJALYGYNYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY
10 -njy madda. Daýhan hojalygynyň hukuklary
Daýhan hojalygynyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
ýerde hojalygy özbaşdak ýöretmäge;
ýer uçastogynda bar bolan, umumy ýaýran gazylyp alynýan peýdaly zatlary (hek, çagyl, çäge) hojalygyň hajatlary üçin peýdalanmaga;
ýaşaýyş jaýlýaryny, önümçilige, durmuşa niýetlenen hem-de gaýry binalary we desgalary gurmaga, suwaryş, guradyş işlerini hem-de beýleki melioratiw işleri geçirmäge;
meliorasiýa, ýol gurluşygy, sosial taýdan ösüş meselelerini çözmäge hem-de regionyň önümçilik-ykdysady mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga we ösdürmäge gönükdirilen beýleki çäreleri amala aşyrmaga gatnaşmaga;
Daýhan hojalygynyň ýerlerinde aw awlamak, balyk tutmak, tebigatyň öňümlerini (kömelekleri, ir-iýmişleri we beýlekileri) ýygnamak işi ýer eýesiniň razylygy bilen geçirilýär.
11-nji madda. Daýhan hojalygyny ýöretmäge bolan hukugy başga birine geçirmek
Daýhan hojalygyny ýöretmek üçin ýerden peýdalanmak hukugy barada öz adyna döwlet akty berlen Türkmenistanyň graždany hojalygy ýöretmekden ýüz döndermäge we hojalygyň agzalaryndan birini hukuk oruntutary edip bellemäge haklydyr, şol hukuk oruntutary mundan beýläk hojalygy ýöretmek hukugyna eýe bolýar.
Daýhan hojalygyny ýöredýän graždan aradan çykan halatynda mundan beýläk hojalygy ýöretmek hukugy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hojalygyň agzalarynyň birine berilýär.
Mirasdar we wesýetnama ýok halatynda degişli ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organy tarapyndan emlägiň gymmaty we peýdalanylmadyk harajatlaryň summasy kesgitlenilýär hem-de akt bilen bellenilýär. Emläk we peýdalanylmadyk harajatlar býujete girdeji edilýär, daýhan hojalygynyň ýeri bolsa daýhan hojalyklarynyň guralmagy üçin etrabyň ýer fonduna geçýär.
Daýhan hojalygyny mundan beýläk ýöretmek hukugy oruntutara berlen mahalynda ähli dokumentler oruntutaryň adyna täzeden resmileşdirilýär .
Miras älmak meselesi boýunça daýhan hojalygynyň agzalarynyň arasyndaky jedeller sud tertibinde çözülýär.
12-nji madda. Daýhan hojalygynyň emlägine we ýerine eýelik etmek hukugyny başga birine geçirmek
Daýhan hojalygynyň baştutany zähmet çekmek ukybyny ýitiren ýa-da pensiýa ýaşyna ýeten halatynda we hojalygyň agzalaryndan birine, olar ýok mahalynda bolsa Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertipde we şertlerde başga adamlara emläge we ýere eýelik etmek hukugyny geçirip biler.
13-nji madda. Daýhan hojalygynyň eýeçiligini miras almak
Daýhan hojalygynyň eýeçiligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde miras alynýar.
Hojalygyň işini dowam etdirýän mirasdar miras baradaky hukuk hakynda şahadatnama berlendigi üçin döwlet pajyny tölemekden boşadylýar.
14-nji madda. Daýhan hojalygyny hukuk taýdan goramak
Daýhan hojalygynyň emlägi, onuň hojalyk işi döwletiň garamagynda durýar we kanun arkaly goralýar.
Daýhan hojalygy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygy bozulýan halatlaryndan başga, döwlet we beýleki organlaryň hem-de wezipeli adamlaryň daýhan hojalygynyň işine gatyşmagyna ýol berilmeýär.
Döwlet organlary hem-de beýleki organlar we wezipeli adamlar daýhan hojalygynyň işine esassyz gatyşan halatynda, şonuň netijesinde oňa zyýan ýetirmekde günäkärler Türkmenistanyň känunçylyk aktlaryna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler, ýetirilen zyýan bolsa, şol sanda sud tertibinde hem öwezini dolmaga degişlidir.
Daýhan hojalygynyň emlägi diňe kanunda bellenen tertipde suduň karary boýunça elden alnyp bilner.
Daýhan hojalygy öz borçlary boýunça emlägi bilen jogäp berýär, şol emläge bolsa hereket edýän kanunçylyk boýunça jerime salnyp bilner. Döwlet daýhan hojalygynyň borçlary boýunça jogapkärçilik çekmeýär, daýhan hojalygy bolsa döwletiň borçlary boýunça jogapkärçilik çekmeýär.
15-nji madda. Daýhan hojalygynyň borçlary
Daýhan hojalygy şu aşakdakylara borçludyr:
ýeriň hasyllylygyny artdyrmaga, öz hojälyk işiniň netijesinde territoriýada ekologik ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna ýol bermezlige;
topragy suw hem-de ýel eroziýasyndan goramak, ýeri meliorasiýalaşdyrmak we goramak boýunça çäreleriň kompleksini amala aşyrmaga;
beýleki ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň, şol sanda kerendeçileriň bähbitlerine zyýan ýetirmezlige;
ýeri diňe niýetlenilen maksadyna görä peýdalanmaga.
V bölüm.
DAÝHAN HOJALYGYNYŇ IŞINIŇ ESASLARY
16-njy madda. Daýhan hojalygynda zähmet çekmek
Daýhan hojalygynda önümçilik zerurlygy bolan mahalynda zähmet şertnamasy boýunça beýleki adamlar hem işleri ýerine ýetirmäge çekilip bilner.
Zähmet şertnamasy boýunça işleýän graždanlara zähmet haky, taraplaryň ylalaşygy boýunça pul görnüşinde hem, önüm görnüşinde hem tölenilýär. Eger bu barada aýratyn ylalaşyk bolmasa, zähmet haky daýhan hojalygynyň işiniň netijelerine bagly däldir, ýöne ol Türkmenistanda bellenilen iň az iş hakynyň derejesinden pes bolmaly däldir.
Daýhan hojalygynyň agzalarynyň we zähmet şertnamasy boýunça işleýän graždanlaryň zähmetini hasaba älmak daýhan hojalygy tarapyndan özbaşdak ýöredilýär.
Daýhan hojalygynyň we zähmet şertnamasyny baglaşan graždanlaryň arasyndaky zähmet jedelleri sud tertibinde çözülýär.
17-nji madda. Daýhan hojalygynda sosial gorag
Daýhan hojalygynyň agzalary, şeýle hem zähmet şertnamasy boýunça işleýän graždanlar, Türkmenistanyň ulanylýan kanunlaryna laýyklykda, sosial strahowaniýe bilen we sosial taýdan üpjün edilmäge degişlidir.
Daýhan hojalygynyň baştutany onuň agzalaryna, zähmet şertnamasy boýunça işleýän graždanlara ýetirilen zyýan üçin, olaryň öz zähmet borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly maýyp bolanlygy ýa-da saglygyna başga şikes ýetenligi üçin, Tütrkmenistanyň ulanylýan kanunlaryna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.
Daýhan hojalygy öz girdejilerinden Türkmenistanyň Döwlet sosial strahowaniýe fonduna we Türkmenistanyň Pension fonduna bellenilen tertipde serişde geçirýär.
Daýhan hojýalygynyň agzalarynyň we zähmet şertnamasyny baglaşan graždanlaryň daýhan hojalygynda işlän wagty, pensiýalar hem-de döwlet sosial strahowaniýesi boýunça kömek pullary bellenilen mahalynda, zähmet depderçesindäki ýazgylar we sosial strahowaniýe boýunça wznoslaryň tölenilendigini tassyklaýan dokumentler esasynda umumy hem-de üznüksiz iş stažyna goşulýar.
Daýhan hojalygynyň agzalaryna we zähmet şertnamasy boýunça işleýän graždanlara bellenilen pensiýalar, alýan gazanjy (girdejisi) hasaba alynmazdan, doly möçberinde tölenilýär.
18-nji madda. Daýhan hojalygynyň işiniň şertleri
Daýhan hojalygy öz işini öz-özüňi maliýeleşdirmek we öz-özüňi ödemek esasynda gurýar.
Daýhan hojalygynyň önümiň hili baradaky ulanylýan normatiwleri, sanitariýa normalaryny we beýleki normalary hem-de kadalary berjaý etmegi hökmanydyr.
19-njy madda. Daýhan hojalyklaryny ösdürmek barada döwletiň goldawy
Döwlet daýhan hojalyklaryny ösdürmäge hemme çäreler bilen goldaw berýär.
Daýhan hojalygy sosial-durmuş we medeni maksatly infrastrukturanyň obýektlerinden umumy esaslarda peýdalanmak bilen, olary saklamak üçin harajatlaryň bir bölegini çekýär.
Daýhan hojalygyna suwarymly ekerançylyk, beýleki önümçilik we kommunal-durmuş hajatlary üçin suwdan peýdalanmak limiti berilýär.
Täze ýerleri kompleksleýin özleşdirmek, şeýle hem suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işler döwlet inwestisiýalarynyň çekilmegi bilen ýerine ýetirilýär.
20-nji madda. Daýhan hojalygyna salgyt salmak
Daýhan hojalygyna salgyt salmak Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda geçirilýär.
21-nji madda. Daýhan hojalyklarynyň bilelikdäki işi
Daýhan hojalyklary meýletin başlangyçlarda kooperatiwlere, jemgyýetlere, soýuzlara we guramalaryň beýleki görnüşlerine birleşip, kooperatiw, aksioner hem-de beýleki kärhanalaryň işine gätnaşyp, özlerine degişli serişdeleri alyp bilerler.
22-nji madda. Daýhan hojalyklarynyň işine kontrollyk etmek
Döwlet organlary daýhan hojalyklarynyň ýerden peýdalanmak, kreditlerden peýdalanmak, zähmeti goramak, ýangyn howpsuzlygy, mallaryň kesellemegine, ösümlikleriň kesellerine we olara zyýan beriji haşal otlara garşy göreşmek¸ tebigaty goramak hakyndaky, salgytlary tölemek hakyndaky kanunçylygy berjäý etmek hem-de beýleki halatlarda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulanlar babatdaky işine kontrollyk edýär.
Daýhan hojalygy öz işiniň netijelerini hasaba almagy we hasabatlylygy bellenilen tertipde ýöredýär. Daýhan hojalygyndan kanunda bellenilmedik hasabatlylygy talap etmek gadagandyr.
23-nji madda. Daýhan hojalygynyň işiniň bes edilmegi
Daýhan hojalygynyň işi şu aşakdaky halatlarda degişli ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organynyň karary boýunça bes edilýär:
hojalygyň baştutany aradan çyksa we şunda oruntutar we mirasdarlar bolmasa;
ýer uçastogyndan meýletin ýüz dönderilse;
iki ýylyň dowamynda ýer uçastogy peýdalanylmasa ýa-da niýetlenilen maksadyna görä peýdalanylmasa;
ýer uçastogy rejesiz peýdalanylyp, munuň öz topragyň zaýalanmagyna, şorlamagyna we hasyllylygyň peselmegine, ekologik ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna alyp barsa;
hojalyk batyp galsa;
döwlet ýa-da jemgyýetçilik hajatlary üçin ýer uçastogyny almak barada aýratyn zerurlyk ýüze çyksa. Şunda ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary daýhan hojalygyna bahaly ýer uçastogynyň berilmegini üpjün etmäge we ýitgileriň, şol sanda elden giderilen peýdanyň öwezini dolmaga borçludyr. Ýer uçastogy çekilen zyýanyň we ýitgileriň daýhan hojalygyna doly möçberde öwezi dolunandan soň alynýar.
Ýere eýelik etmek hukugy bes edilende ýaşaýyş jaý, önümçilik jaýlary we beýleki emläk baradaky hukuk, şeýle hem gozgalmaýan emlägiň ýerleşen ýeri bolan ýer uçastogyny peýdalanmak hukugy daýhanyň maşgalasynda galdyrylýar.
Daýhan hojalygynyň işini bes etmek baradaky jedellere sud tertibinde garalýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1994-nji ýylyň Nowruz aýynyň 28-i
№ 940-ХП.