Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 09.05.2010

Syýahat hakynda

09.05.2010 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 12.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Giriş maglumatlary



«Syýahat hakynda» Türkmenistanyň kanuny 2010-njy ýylyň 10-njy maýynda kabul edilen № 107-IV Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

TÜRMENISTANYŇ

K A N U N Y

XXII-10

Syýahat hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1995 ý., № 3, 41- madda)

(Türkmenistanyň 01.10.2007 ý. № 144-III kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

Şu Kanun Türkmenistanyň territoriýasynda syýahatyň we syýahat işiniň hukuk, ykdysady, sosial we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

I bölüm UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Syýahat barada düşünje

Syýahat dynç almak, saglygyny dikeltmek, düşünjesini artdyrmak ýa-da professional işjeňlik maksatlary bilen adamlaryň öz hemişelik ýaşaýan ýerlerinden wagtlaýyn gitmegidir, olara wagtlaýyn bolýan ýerinde hak tölenýän işde işlemäge rugsat berilmeýär.

Syýahat indiwiduallaýyn we toparlaýyn, içerki we halkara syýahata bölünýär.

2-nji madda. Türkmenistanyň syýahat hakyndaky kanunçylygy

Türkmenistanyň syýahat hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlaryndan we şolara laýyklykda syýahat babatynda kabul edilýän beýleki normatiw aktlardan ybaratdyr.

3-nji madda. Syýahat çygrynda döwlet syýasaty

Döwlet syýahatyň çygryna degişli organlaryň üsti bilen Türkmenistanyn taryh--medeni mirasyny täzeden dikeltmäge we ony mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny işläp taýýarlaýar we amala aşyrýar. Ol ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan pudagy hökmünde syýahatyň ösdürilmegine ýardam edýär, syýahat işi üçin amatly şertleri döredýär, syýahatçylara goşmaça ýeňillikleri belleýär.

Döwlet özüniň ygtyýarly organlarynyň üsti bilen halkara normalaryna we düzgünlerine laýyklykda, Türkmenistanyň territoriýasynda syýahat çygrynda hukuk bazasyny işläp taýýarlaýar, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam edýär.

4-nji madda. Syýahat çygryndaky döwlet we ýerli maksatnamalar

Türkmenistanda, şeýle hem welaýatlarda we Aşgabat şäherinde, şonuň ýaly syýahat işiniň käbir ugurlarynda syýahaty ösdürmegiň guramaçylyk we maliýe esaslary hökmünde Döwlet we ýerli maksatnamalar bolup durýar.

Türkmenistanda syýahaty ösdürmegiň döwlet maksatnamasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

Welaýatlarda, etraplarda, şäherlerde syýahaty ösdürmegiň guramaçylyk we maliýe esasy bolup ýerli maksatnamalar durýar. Şol maksatnamalar ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyk edilýär, olary Döwlet býutjetiniň hasabyna maliýeleşdirmek zerurlygy ýüze çykan halatynda, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň tassyklamagyna hödürlenilýär.

II bölüm SYÝAHAT ÇYGRYNDAKY IŞIŇ DÖWLET TARAPYNDAN DOLANDYRYLMAGY

5-nji madda. Türkmenistanda syýahat çygryndaky işi

dolandyrmagyň döwlet organlary

Türkmenistanyň Ministrler kabineti, Türkmenistanda syýahaty dolandyrmaga ygtyýarly edilen döwlet organy, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary Türkmenistanda syýahat çygryndaky işi döwlet tarapyndan dolandyrmagy amala aşyrýan organlardyr.

6-njy madda. Türkmnistanyň Ministrler kabinetiniň syýahat çygryndaky ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň garamagyna şu aşakdakylar degişlidir:

- syýahat çygryndaky we syýahat işindäki umumy meseleleri düzgünleşdirýän Türkmenistanyň normatiw aktlarynyň kabul edilmegi;

- syýahat çygrynda hökümetara ylalaşyklarynyň baglaşylmagy we olary durmuşa geçirmegiň mehanizminiň kesgitlenilmegi;

-syýahaty ösdürmegiň halkara maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam bermek;

-syýahat çygrynda standartlaşdyrmak, ygtyýarnama bermek we sertifikat bermek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegi;

-syýahat çygryna maýa goýmagy girizmek üçin şertleriň döredilmegi;

-syýahat mümkinçilikleri ýokary bolan ýerleriň kesgitlenmegi we milli syýahatçylyk zonalarynyň döredilmegi;

-daş-töwerekdäki sredany, taryhy-arheologik ýadygärlikleri goramagy we olara gözegçiligi üpjün etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi;

-syýahat çygrynda kadrlary taýýarlamagyň, gaýtadan taýýarlamagyň we hünärini ýokarlandyrmagyň döwlet sistemasynyň guralmagy;

- syýahat çygrynda ylmy taýdan üpjün etmegiň döwlet sistemasynyň döredilmegi;

- Türkmenistanyň kanunçylyk aktlary tarapyndan onuň ygtyýaryna degişli beýleki meseleleriň çözülmegi.

7-nji madda. Türkmenistanyň syýahaty dolandyrmak baradaky döwlet organynyň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň syýahaty dolandyrmak baradaky döwlet organynyň garamagyna şu aşakdakylar degişlidir:

-Türkmenistanda syýahatyň döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagy;

-syýahat çygrynda halkara şertnamalarynyň we ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi, halkara syýahat guramalarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edilmegi;

-Türkmenistanda syýahatçylara hyzmat etmegiň normatiwleriniň işlenip taýýarlanmagy we döwlet standartlarynyň kesgitlenmegi;

-syýahaty dolandyryş organlarynyň işiniň sazlaşdyrylmagynyň we olara normatiw-metodiki ýolbaşçylygyň, şonuň ýaly-da syýahat guramalaryna ýolbaşçylygyň amala aşyrylmagy;

-daşary ýurtlardaky wekillerine ýolbaşçylyk edilmegi;

-milli syýahatçylyk zonalaryny ösdürmegiň häzirki we geljekki maksatnamalarynyň tassyklanylmagy;

-milli syýahatçylyk zonalarynyň çäginde hojalyk işini amala aşyrýan taraplar tarapyndan "Syýahat hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine gözegçilik edilmegi;

-maýa goýum taslamalarynyň seljermesiniň geçirilmegi;

-milli syýahatçylyk zonalarynyň subýektleriniň hasabynyň ýöredilmegi;

- syýahat işini alyp barmaga bellenen tertipde ygtyýarnama bermegiň amala aşyrylmagy;

- syýahat çygrynda alnyp barylýan syýahat hyzmatlarynyň hiliniň berjaý edilşine gözegçiligiň ýola goýulmagy we ygtyýarnama hem sertifikat bermegiň şertleriniň ýerine ýetirilmegi;

- syýahat çygrynda kadrlary taýýarlamagyň gaýtadan taýýarlamagyň we hünärini ýokarlandyrmagyň amala aşyrylmagy, ylmy barlag işleriniň geçirilmegi;

- Türkmenistanyň kanunçylyk aktlary bilen onuň garamagyna degişli edilen beýleki meseleleriň çözülmegi.

8-nji madda. Syýahat çygyrlarynda ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlarynyň ygtyýarlyklary

Welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde syýahat babatynda ýerine ýetiriji häkimiýet organlarynyň garamagyna şu aşakdakylar degişlidir:

-Türkmenistanda syýahaty ösdürmegiň döwlet mahsatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça çäreleri amala aşyrmagyň üpjün edilmegi;

-syýahaty ösdürmegiň ýerli regional maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy we amala aşyrylmagy;

-milli syýahatçylyk zonalarynyň çäginde hojalyk işini amala aşyrýan taraplar tarapyndan "Syýahat hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine gözegçilik edilmegi;

-syýahat babatyndaky kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik edilmegi;

-öz territoriýasynda syýahatyň material-tehniki bazasynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berilmegi;

-Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan olaryň garamagyna degişli edilen beýleki meseleleriň çözülmegi.

III bölüm SYÝAHAT IŞI

9-njy madda. Syýahat işi barada düşünje

Syýahat işi diýlip syýahat hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini bitirmek, şonuň ýaly-da syýahatçylar we beýlekl graždanlar tarapyndan syýahat maksady üçin niýetlenen harytlary öndürmek we ýerleşdirmek işine aýdylýar.

Türkmenistanda syýahat işi kanunçylyk tarapyndan bellenen tertipde we şertlerde kärhanalar, guramalar we graždanlar tarapyndan amala aşyrylýar.

10-njy madda. Syýahat işine ygtyýarnama berilmegi

«Kärhanalar hakyndaky» we «Telekeçilik işi hakyndaky» Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda iş alyp barýan ýuridik we fiziki taraplar Türkmenistanda syýahat işi bilen meşgullanmaga hukuk berýän ygtyýarnamany syýahaty dolandyrmagyň döwlet organyndan almaga borçludyrlar.

Türkmenistanyň territoriýasynda syýahat işine ygtyýarnama bermegiň düzgünleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýär.

11-nji madda. Syýahat önümine, harydyna we hyzmatyna

sertifikat berilmegi

Syýahat önümi, harydy we hyzmatlary hökmany sertifikasiýa geçirmäge degişlidir.

Sertifikasiýa degişli bolan syýahat önüminiň, harydyň we hyzmatyň her biriniň sertifikata gabat gelýändigi dogrusynda sertifikasyýanyň netijeleri boýunça syýahat kärhanasyna (guramasyna) sertifikat berilýär.

Türkmenistanyň territoriýasynda syýahat önümini, harydyny we hyzmatyny sertifikasiýa etmegiň düzgünlerini Türkmenistanyň Ministrler kabineti kesgitleýär.

12-nji madda. Syýahat kärhanalarynyň (guramalarynyň)

hukuklary we borçlary

Syýahat kärhanalarynyň (guramalarynyň) hukuklary «Kärhanalar hakyndaky» Türkmenistanyň kanuny, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlary tarapyndan kesgitlenýär.

Syýahat kärhanasy (guramasy) şu aşakdakylara borçludyr:

-geçiriljek syýahat tapşyrygynyň guralyşy we geçirilişi barada syýahatça doly we dogry maglumat bermäge;

-syýahatça syýahat hyzmatlaryny etmek üçin syýahat putýowkasyny satmaga, şertnama (kontrakt) baglaşmaga;

-berlen maglumatlara laýyklykda, syýahat hyzmatlarynyň edilmegini guramaga;

- syýahatçynyň howpsuzlygyny, janynyň saglygyny we syýahatçynyň emläginiň abat saklanmagyny üpjün etmäge;

-syýahaty dolandyrmagyň degişli organlaryna statistiki hasabaty bermäge.

Syýahat kärhanasy syýahata gidýän toparyň ýolbaşçysynyň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär, çünki ol syýahata ugradýan syýahat kärhanasynyň syýahatynyň bütin dowamynda ýolda hem-de gidilip-gelinýän wagtda resmi wekili bolup durýar.

Gezelenç tapgyry guralanda we geçirilende syýahat kärhanasy öz hereketleri üçin, şonuň ýaly-da gezelenç tapgyryny guramaga gatnaşan öz hemşerileriniň hereketleri üçin (ýerleşdirmek, iýmit, ulag we syýahatyň programmasyna goşulan we putýowkada görkezilen beýleki hyzmatlary üçin) we putýowka satylan mahaly (putýowkada görkezilen araçy agentler) müşderiniň öňünde jogap berýär.

IV bölüm SYÝAHAT KÄRHANALARY (GURAMALARY) BILEN ŞERTNAMALARY (KONTRAKTLARY) BAGLAŞMAGYŇ TERTIBI WE ÝERINE ÝETIRMEGIŇ ŞERTLERI

13-nji madda. Syýahata, gezelenç tapgyryna, syýahat hyzmatlaryna

berilýän putýowka şertnama (kontrakt)

Syýahat kärhanasy şertnama baglaşylandygyny tassyklaýan (syýahat etmäge, syýahat tapgyryna gitmäge, syýahat hyzmatlaryndan peýdalanmaga), onuň jogapkär işgäri tarapyndan gol çekilen, şu kärhananyň, guramanyň möhüri basylan putýowkany bermäge borçludyr.

Eger şertnama dellal arkaly baglaşylýan bolsa, onda putýowkadan syýahat gezelenjiniň guramaçysynyň (syýahat operatorynyň ady we adresi görkezilmelidir), syýahat gezelenjiniň - syýahat agentliginiň guramaçysynyň dellalynyň (agentiniň) ady we adresi görkezilmelidir.

Eger syýahat kärhanasy putýowkany beren bolsa, müşderi bolsa şertnamanyň şertlerine laýyklykda degişli tölegi tölän bolsa, kontrakt baglaşylan hasap edilýär.

Putýowkada şu aşakdakylar görkezilmelidir:

-syýahatyň guramaçysynyň we satyjynyň (dellalyň, agentiň) ady, adresi we söwda markasy, ygtyýarnamanyň nomeri, senesi we ygtyýarnamanyň berlen ýeri;

-syýahatçynyň (syýahatçylaryň) ýa-da putýowkany alan başga adamynyň familýasy, ady we atasynyň ady, pasportynyň ýa-da şahsy şahadatnamasynyň nomeri;

-syýahat tapgyrynyň (gezelenjiň) bahasyna goşulan hyzmatlaryň, ýagny ýerleşdiriş, iýmit, ulag hyzmatlarynyň we beýleki hyzmatlarynyň häsiýetmanasy we standatrlary;

- syýahat tapgyrynyň maksatnamasynyň ýazgysy (wagty, geçirllýän ýeri) we syýahatça niýetlenip syýahatyň her güni üçin geçirilen çäreleriň atlary;

- (syýahatyň) tapgyryň umumy bahasy we müşderileriň ony (öňünden doly tölemegi, deslapdan bölekleýin (awans) tölemegi) tölemeginiň şertleri, edilen hyzmatlaryň fakty boýunça gezelenç gutarandan soňky töleg;

- syýahatçynyň (syýahat kärhanasyna çykdajynyň bahasyny tölemezden; çykdajylaryň bahasyny bölekleýin töläp, çykdajylary doly töläp) syýahata gitmekden ýüz dönderip biljek şertleriniň we ýagdaýlarynyň ýazmaça beýany;

- gezelenjiň putýowkada görkezilen şertleriniň bozulanlygy we syýahat kärhanasynyň ýa-da onuň hemşerileriniň gezelenji guramakda we putýowkany satmakda ýol beren hatasy üçin syýahatça gaýtarylyp berilmeli tölegleriň görnüşleriniň we möçberleriniň ýazmaça beýany;

- syýahatçynyň we syýahat kärhanasynyň görkezilmegi zerur hasaplanýan beýleki şertleri.

14-nji madda. Syýahat şertnamasynyň (kontraktynyň) şertlerini berjaý etmekde syýahatçynyň hukuklary we borçlary

Syýahatçy öz ady görkezilmedik putýowkasyny syýahat etmek üçin başga bir adama (syýahatça) şeýle şertde berip biler, ýagny şol adam syýahat etmek üçin bildirilýän talaplara (saglyk ýagdaýy, doldurulan dokumentleriniň bar bolmagy we ş.m) doly laýyk gelmelidir. Adam ady ýazylan putýowka başga bir adama berilmeli däldir we ol täzeden doldurulmalydyr.

Ýerine ýetirilen işiň göz hakyny tölän we edilen çykdajylaryň öwezini syýahat kärhanasyna tölemek arkaly dolup, syýahatçynyň putýowkadan boýun gaçyrmaga haky bardyr.

Syýahat tapgyrynyň putýowkada görkezilen şertleri bozulan halatynda syýahatçy özüne ýetitilen maddy we moral zyýanyň öwezini dolmak barada ýa-da dynç alyşyň zaýalanandygy üçin çykdajylaryň gaýtarylyp berilmegi üçin syýahat agentligine sud tertibinde talap arzasyny berip biler.

Syýahatçynyň talap arzasy Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenen möhletlerde putýowkany satan syýahat kärhanasyna bildirilip bilner.

15-nji madda. Syýahat şertnamasynyň (kontraktynyň) şertlerini

ýerine ýetirmek boýunça syýahat kärhanasynyň hukuklary we borçlary

Putýowkany satan syýahat kärhanasy syýahatça kontraktda agzalan syýahat hyzmatlarynyň hemmesini bitirmäge borçludyr.

Syýahat kärhanasy şu aşakdaky ýagdaýlarda çykdajylaryň öwezini dolmazdan şertnamany ýatyryp bilýär ýa-da putýowkany güýçsüz hasap edip bilýär:

-eger putýowkada göz öňünde tutulan syýahatçylaryň sanyny minimal möçberi ýygnanmadyk bolsa, bu barada syýahatyň başlanmaly gününden 15 günden az bolmadyk möhletde syýahatçynyň dykgatyna ýetirilen şertinde;

-bellenen syýahaty geçirmäge ýa-da hyzmat etmäge päsgel berýän, öňüni alyp bolmajak ýagdaýlar (tebigy betbagtçylyklar, syýasy ýagdaýyň üýtgemegi we ş.m.) ýüze çykan ýagdaýynda deslapky tölenen tölegleriň ähli summasy müşderä gaýtarylyp berilýär.

Eger putýowkada görkezilmedik bolsa, syýahat kärhanasy syýahat tapgyrynyň umumy bahasyny (ulag tarifleriniň üýtgemegi we ş.m.) ýokarlandyryp bilmez, umumy döwlet möçberinde nyrhlaryň we tarifleriň üýtgeýän halatlary muňa girmeýär.

16-njy madda. Syýahatçylara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak we çykdajylary tölemek

Syýahatçylara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak we çykdajylary tölemek hereket edýän kanunçylyga laýyklykda geçirilýär.

Syýahat kärhanasy syýahatça zeper ýetirilmegi netijesinde ýüze çykan çykdajylaryň öwezini dolýar.

Özüne zeper ýetirilmegi netijesinde ýüze çykan çykdajylary tölemekden ýüz dönderilende ýa-da çykdajy üçin özüne tölenjek serişdäniň möçberi ýa-da görnüşi bilen razy bolmadyk ýagdaýynda syýahatçynyň talap arzasy bilen suda ýüz tutmaga haky bardyr.

Syýahatçynyň özüni alyp barmak kadalaryny berjaý etmänligi sebäpli we bolýan ýurdunyň düzgün-tertibini we hereket edýän kanunlaryny saklamanlygy sebäpli, dörän ýagdaýlar üçin syýahat kärhanasy jogapkärçilik çekmeýär.

Syýahatçy syýahat wagtynda (syýahat tapgyry, gezelenç) bolan mahaly öňüni alyp bolmajak hadysa zerarly syýahatçy tarapyndan çekilen ýitgi üçin syýahat kärhanasy jogapkärçilik çekmeýär.

17-nji madda. Syýahatçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin

syýahat kärhanalarynyň, guramalarynyň jogapkärçiligi

Syýahatçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen kärhanalar, guramalar, edaralar şu aşakdakylary amala aşyrmaga borçludyrlar:

-syýahat ýörişleri geçirilen mahalynda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça ýörite talaplary işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;

-syýahatçylara şikeslerden we betbagtçylykly halatlardan goranmagyň we profilaktikasynyň usullaryny öwretmek, ilkinji medisina kömegini bermek boýunça instruktaž geçirmek, marşrutyň häsiýeti we syýahatçylaryň özlerini alyp barşy bilen şertlendirilýän howplulyk çeşmeleri hakda habarly etmek, howplulyk çeşmeleriniň öňüni almagyň usullary hakda maslahatlar bermek;

-syýahatçylaryň syýahatlara, ýörişlere, ýaryşlara we beýleki syýahat çärelerine taýýarlanyşyna gözegçilik etmek;

-betbagtçylyga uçran syýahatçylara operatiw kömek bermek, ejir çekenleri daşamak;

-syýahat işi üçin howpsuz şertleri taýýarlamak, ýörişleriň, gezelençleriň, ekskursiýalaryň trassalaryny, syýahat ýaryşlarynyň geçirilýän ýerlerini enjamlaşdyrmak, syýahatçylary gurat enjamlar we gurallar bilen üpjün etmek.

Eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki syýahat guramalary, kärhanalary, edaralary syýahatçylaryň howpsuzlygyny berjaý etmegiň ähli çäreleriniň ýerine ýetirilmegi üçin jogapkärçilik çekýärler, gatnaşyjylaryň öz günäleri bilen bolup geçen düzgün bozulma halatlary muňa girmeýär.

V bölüm TÜRKMENISTANYŇ TERRITORIÝASYNDA SYÝHATÇYLARYŇ HUKUK ÝAGDAÝLARY

18-nji madda. Syýahatçylaryň hukuklary we borçlary

Türkmenistanyň territoriýasynda syýahatçylaryň hukuklary şu Kanun, beýleki kanunçylyk aktlary, Türkmenistanyň halkara şertnamalary arkaly kesgitlenilýär.

Syýahatçylar şu aşakdakylara borçludyrlar:

-Türkmenistanyň territoriýasynda ýola goýlan syýasy, sosial, ahlak we dini uklady we tertibi hormatlamaga, hereket edýän kanunçylygy berjaý etmäge;

-ýerli ilatyň adatlaryny, ynançlaryny we özlerini alyp baryşlary babatdaky, şeýle hem töwerekdäki sredany, halkyň medeni we taryhy gazananlaryny goramak babatdaky tertibe hormat goýmaga we düşünmäge;

-kabul edýän ýa-da ugradýan syýahat guramasynyň bolýan ýerinde özi tarapyndan tertibiniň bozulmagy bilen baglanyşykly ýetirilen ýitgileriň we çykdajylaryň doly öwezini dolmaga;

-syýahatda bolan döwründe üçünji tarapa ýetiren zyýanynyň öwezini doly tölemäge.

19-njy madda. Daşary ýurtly syýahatçylaryň hukuk ýagdaýlary

Türkmenistanyň territoriýasy boýunça gezelenç üçin syýahaty satyn alan daşary ýurtly graždanlar, şeýle hem syýahaty satyn alan ýa-da alman Türkmenistana gelen indiwidual syýahatçylar Türkmenistanyň territoriýasynda daşary ýurtly graždanlaryň bolmaklaryny düzgünleşdirýän normatiw aktlara laýyklykda hukuklardan peýdalanýarlar we jogapkärçilik çekýärler.

Diňe ygtyýarnama esasynda hereket edýän syýahat industriýasynyň kärhanalaryndan gezelençler satyn alnan halatynda sarp edijiler hökmünde daşary ýurtly syýahatçylaryň hukuklary üçin döwlet jogapkärçilik çekýär.

20-nji madda. Syýahatçylar hökmünde Türkmenistanyň

çäklerinden daşary gidýän Türkmenistanyň

graždanlarynyň hukuklary we borçlary

Syýahatçylar hökmünde Türkmenistanyň çäklerinden daşary gidýän Türkmenistanyň graždanlarynyň hukuklary we borçlary olaryň bolýan ýurdunyň kanunçylygy arkaly düzgünleşdirilýär.

Syýahatçy putýowkada görkezilen ýurdunda bolmagynyň bellenilen möhletlerini berjaý etmäge borçludyr.

21-nji madda. Syýahat strahowaniýesi

Syýahat strahowaniýesi strahowaniýe edilen adam syýahatda ýörkä ýa-da ýurtda bolýan wagtynda betbagtçylyklar zerarly oňa maddy zyýan ýetende şol zyýanyň öwezini dolmak maksady bilen geçirilýär.

Syýahat strahowaniýesi üçin niýetlenen serişdeler bellenilen normatiwler boýunça şertnama esasynda syýahatçylaryň strahowaniýe tölegleriniň hasabyna we Türkmenistanyň syýahat işi bilen meşgullanýan subýektleriniň strahowaniýe tölegleriniň hasabyna düzülýär.

V1 bölüm. Milli syýahatçylyk zonasy

21¹-nji madda. Milli syýahatçylyk zonasyny döretmek

Milli syýahatçylyk zonasy - munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen edara ediş we çäk serhetleri takyk kesgitlenen we aýratyn hukuk, salgyt we gümrük düzgünli ýörite bölünip berlen ýerdir.

Milli syýahatçylyk zonasy (mundan beýläk - syýahatçylyk zonasy) halkara ölçeglerine, syýahatçylyk infrastrukturasynyň ösüşine we durkunyň täzelenmegine hem-de syýahatyň ösdürilmegine jogap berýän, syýahatçylyk industriýasynyň desgalaryny döretmek baradaky wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine gönükdirilen maýa goýum işini höweslendirmek maksady bilen döredilýär.

Syýahatçylyk industriýasynyň desgalaryny döretmek we syýahatçylyk zonasynyň infrastrukturasyny ösdürmek daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly amala aşyrylyp bilner.

Milli syýahatçylyk zonalarynyň çäginde hojalyk işini amala aşyrýan taraplar tarapyndan "Syýahat hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine Türkmenistanda syýahatçylygy dolandyrýan döwlet edarasy we çäginde syýahatçylyk zonasy döredilen ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edarasy gözegçilik edýärler.

21² -nji madda. Syýahatçylyk zonasynyň subýektleri

Bellenilen tertipde tassyklanylan maýa goýum taslamalaryny, syýahatçylyk industriýasynyň desgalaryny dolandyrmak baradaky taslamalaryny syýahatçylyk zonasynyň çäginde durmuşa geçirýän hem-de Türkmenistanda syýahaty dolandyrmagyň döwlet edarasy bilen degişli şertnamalary baglaşan Türkmenistanyň şahsy we edara görnüşindäki taraplary, daşary ýurtly edara görnüşindäki taraplar syýahatçylyk zonasynyň subýektleridir.

Şertnamanyň hereket ediş möhletiniň bes edilen pursadyndan başlap, syýahatçylyk zonasynyň subýekti öz hukuk derejesini ýitirýär hem-de syýahatçylyk zonasynyň çäginde syýahatçylyk hyzmatlaryny edip ýa-da beýleki hojalyk işini amala aşyryp bilmez.

21³ -nji madda. Syýahatçylyk zonasynyň hereket ediş tertibi

Syýahatçylyk zonasynyň subýektleriniň hukuklary we borçlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylyan şertnamalaryň şertleri bilen kesgitlenilýär.

Syýahatçylyk zonasynyň çäginde syýahatçylyk zonasynyň subýektlerine ýer böleklerini bermek "Ýer hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Syýahatçylyk zonasynyň çäginde maýa goýumlarynyň hasabyna gurlan, öz-özüni ödemegini we maýa goýujynyň meýilleşdirilen girdejisini üpjün etmeli desgalar Türkmenistanyň kanunçylygyna we baglaşylan şertnamanyň şertlerine laýyklykda ulanyş möhleti gutarandan soň Türkmenistanyň eýeçiligine muzdsuz berilýär.

21⁴-nji madda. Syýahatçylyk zonasynyň çäginde telekeçilik işiniň ýörite

hukuk düzgüni

Syýahatçylyk zonasynyň çäginde syýahatçylyk zonasynyň subýektleri üçin telekeçilik işiniň ýörite hukuk düzgüni ulanylýar, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen salgyt, gümrük we beýleki ýeňillikler berilýär.

VI bölüm SYÝAHAT IŞINIŇ DOWAMYNDA TÖWEREGI GURŞAP ALÝAN SREDANY, TEBIGY, TARYHY WE MEDENI ÝADYGÄRLIKLERI GORAMAK

22-nji madda. Töweregi gurşap alýan sredany, tebigy, taryhy

we medeni ýadygärlikleri goramak

Döwlet tebigy sredany, taryhy we medeni ýadygärlikleri goramagy we abat saklamagy üpjün edip, öz ygtyýarly organlarynyň üsti bilen, şol ýadigärliklere ýaramaz täsirini ýetirýän syýahat çygryndaky işi wagtlaýyn togtadýar, çäklendirýär we ýatyrýar, Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda şolary goramagyň başga çärelerini kesgitleýär.

Syýahat işiniň subýektleri syýahat obýektleriniň proýektirlänlerinde, ýerleşdirenlerinde, guranlarynda we şolaryň süňňüni täzelänlerinde ekologiýa taýdan howpsuzlygyň talaplaryny, taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak baradaky talaplary ýerine ýetirýärler.

23-nji madda. Töweregi gurşap alýan sredany, tebigy, taryhy we medeni ýadygärliklere zeper ýetirenligi üçin jogapkärçilik

Syýahat çygrynda hereket edýän kärhanalar we guramalar tebigy we medeni obýektleriň syýahatçylar üçin özleşdirilýän we ulanmaga berilýän şertlerinde şol obýektleriň abat saklanylmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

Töweredäki sredany, tebigy, taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak baradaky kanuny bozmakda günäkär syýahatçylar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

VII bölüm TÜRKMENISTANYŇ HALKARA SYÝAHAT BARADA HALKARA IŞI

24-nji madda. Halkara syýahat guramalaryna agzalyk

Türkmenistan syýahat babatda halkara, regionalara hem regional guramalaryň işine hakyky, assosirlenilen, goşulyşan agza we synçy hökmünde şu aşakdaky maksatlary amala aşyrmak üçin gatnaşýar:

-halkara syýahat alyş-çalyşygygy giňeltmek;

-syýahatyň material bazasyny we infrastrukturasyny pugtalandyrmak boýunça ykdysady we tehniki hyzyatdaşlygy ösdürmek;

-syýahatçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek;

-syýahat boýunça maglumatlary alyşmagy üpjün etmek;

-halkara syýahatynyň dürli ugurlarynda bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek;

-syýahat babatda halkara hyzmatdaşlygynyň beýleki meseleleri boýunça. Syýahaty dolandyrmagyň döwlet organy ýöriteleşdirilen edaralarda, BMG-niň dünýä syýahaty boýunça maksatnamalarynda we Büindünýä syýahat guramasynda Türkmenistana wekilçilik edýär.

25-nji madda. Syýahaty dolandyrmagyň döwlet organynyň

daşary ýurtlardaky wekillikleri

Syýahaty dolandyrmagyň döwlet organlarynyň daşary ýurtlardaky wekillikleri degişli ýurtlarda Türkmenistanyň syýahat bähbitlerini goraýarlar we Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaszlygy ösdürmek we maglumat alyşmak boýunça wezipeleri amala aşyrýarlar.

26-njy madda. Syýahat çygryndaky halkara şertnamalary

Eger syýahat çygrynda Türkmenistanyň baglaşan halkara şertnamasynda şu Kanuna garanyňda başga düzgünler bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň düzgünleri ulanylýar.

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 24-nji noýabry

№ 88-1

Salgylanýar