Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 11.03.2010

Aragatnaşyk hakynda

11.03.2010 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 12.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Giriş maglumatlary



«Aragatnaşyk hakynda» Türkmenistanyň kanuny

2010-njy ýylyň 12-nji martynda kabul edilen № 93-IV Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

X - 1

Aragatnaşyk hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1996 ý.¸ № 4¸ 64-nji madda)

(Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler we

goşmaçalar bilen)

Şu Kanun Türkmenistanda telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygy pudagyndaky işiň hukuk esasyny belleýär, bu işi düzgünleşdirmek boýunça döwlet dolandyryş organlarynyň ygtyýarlygyny, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanýan ýuridik we fiziki taraplaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.

I BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Aragatnaşygyň niýetlenilişi

Aragatnaşyk Türkmenistanda önümçilik we sosial infrastrukturanyň aýrylmaz bölegidir hem-de telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygy tarapyndan bitirilen hyzmatlar arkaly peýdalanyjylaryň habarlary dolandyrmak, ýaýratmak, alyşmak wezipelerini amala aşyrmaklary üçin niýetlenendir.

Telekommunikasiýa aragatnaşygy olaryň görnuşine ýa-da häsiýetine laýyklykda bölünip aýrylýan (telefon, telegraf, radio, telewizion we başgalar) geçiriji, radio, optiki we gaýry elektromagnit sistemalarynyň kompleksini aňladýar.

Telekommunikasiýa aragatnaşygy hasaplaýyş tehnikasynyň serişdeleri bilen bilelikde informasiýanyň ýygnalmagyny, işlenip taýýarlanylmagyny, toplanylmagyny we ýaýradylmagyny üpjün edýär.

Poçta aragatnaşygy - poçta ýollamalaryny, şeýle hem pensiýalary, beýleki maksatlar uçin tölegleri kabul etmek, işläp taýýarlamak, daşamak we eltmekdir hem-de gaýry goşmaça hyzmatlary bitirmekdir.

2-nji madda. Aragatnaşyk hakyndaky kanunçylyk

Aragatnaşyk hakyndaky kanunçylyk şu Kanundan we Türkmenistanyň gaýry normatiw hukuk aktlaryndan durýar.

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket çygry

Şu Kanunyň güýji Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşýän ähli fiziki we ýuridik taraplara, şol sanda telekommunikasiýa ýa-da poçta aragatnaşygyň hyzmatlaryny hödürleýän ýa-da olardan peýdalanýan daşary ýurt fiziki we ýuridik taraplaryň ählisine degişlidir.

Hökümet aragatnaşygynyň, teleradiogepleşigiň, wedomstwolaýyn tehnologik aragatnaşygyň işi (radioýygylyk resursyny peýdalanmak meseleleri muňa girmeýär) Türkmenistanyň degişli normatiw hukuk aktlary bilen düzgünleşdirilýär.

4-nji madda. Aragatnaşyk setlerine we serişdelerine bolan eýeçilik

Türkmenistanda telekommunikasiýa aragatnaşygynyň tehniki serişdeleri we setleri, olaryň işini we ösüşini üpjün edýän kärhanalar döwlet eýeçiliginde bolup bilerler, şeýle hem ýuridik we fiziki taraplaryň, şol sanda daşary ýurt ýuridik we fiziki taraplaryň eýeçiliginde bolup bilerler.

Telekommunikasiýa aragatnaşygynyň, tehniki serişdeleriniň we setleriniň, şeýle hem olaryň, işini we ösüşini upjun edýän kärhanalaryň, eýeçilik görnüşini üýtgetmeklik Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly bellenilen tertipde geçirilýär.

Goranmak, howpsuzlyk, serhedi we hukuk tertibini goramak maksady bilen ulanylýan poçta aragatnaşygy, telekommunikasiýa aragatnaşygynyň tehniki serişdeleri we setleri, şeýle hem milli telewideniýäniň we radiogepleşigiň tehniki serişdeleri, olaryň, işini we ösüşini upjün edýän kärhanalar aýratyn döwlet eýeçiligine degişlidir.

5-nji madda. Aragatnaşyk pudagynda hasaba alyş-hasabat wagty

Ýerleşýän ýerine garamazdan Türkmenistanyň territoriýasyndaky ähli aragatnaşyk kärhanalarynda habarlar we informasiýalar berlende ýa-da kabul edilende ýeke-täk ýerli hasaba alyş-hasabat wagty ulanylýar.

II BÖLÜM. ARAGATNAŞYK PUDAGYNDAKY IŞI DÖWLET TARAPYNDAN DOLANDYRMAK WE DÜZGÜNLEŞDIRMEK

6-njy madda. Aragatnaşyk pudagyndaky işi döwlet tarapyndan dolandyrýan we düzgünleşdirýän organlar

Türkmenistanda aragatnaşyk pudagyndaky işi döwlet tarapyndan dolandyrmagy we düzgünleşdirmegi Türkmenistanyň Ministrler kabineti we Türkmenistanyň, Aragatnaşyk ministrligi amala aşyrýarlar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komiteti, Türkmenistanyň Serhet goşunlary uprawleniýesi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi goranmagy, howpsuzlygy, serhetiň we hukuk tertibiniň goragyny üpjün etmek maksady bilen peýdalanylýan aragatnaşyk pudagyndaky işi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde düzgünleşdirýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýörite ygtyýarly edilen hökümet aragatnaşyk organy döwlet häkimiýeti we dolandyryş organlaryny aragatnaşygyň ýörite görnüşleri bilen üpjün edýär.

Döwlet feldýegerlik gullugy Türkmenistanyň döwlet häkimiýeti we dolandyryş organlaryny operatiw çapar aragatnaşygy bilen üpjün edýär.

Türkmenistanyň radioýygylyklar baradaky Döwlet komissiýasy Türkmenistanyň territoriýasynda radioýygylyk spektrini peýdalanmagyň tertibini belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygy pudagynda ygtyýarly edilen döwlet gözegçiligi organy wedomstwo taýdan degişlidigine we eýeçilik görnüşlerine garamazdan aragatnaşyk kärhanalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň territoriýasynda telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryny bitirýän ýuridik we fiziki taraplaryň işine gözegçilik edýär.

7-nji madda. Aragatnaşyk pudagyndaky işi döwlet tarapyndan dolandyrmak we düzgünleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi:

-umumydöwlet tarapyndan peýdalanylýan telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň işini dolandyrýar;

-telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygyny ösdürmek babatynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça teklipleri hem maksatnamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlaýar;

-telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň işleýşiniň we ösüşiniň wedomstwoara sazlaşygyny üpjün edýär;

-aragatnaşyk pudagynda işe ygtyýarnama berýär, normatiw dokumentleri we standartlary işläp taýýarlaýar;

-Türkmenistanyň territoriýasynda telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryny bitirýän ýuridik we fiziki taraplar bilen özara gatnaşyklary düzgünleşdirýär, olaryň özara hereketini sazlaýar, olar tarapyndan telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň esasy hyzmatlarynyň bitirilmeginiň şertlerini kesgitleýär;

-radioýygylyk spektrini paýlamak we peýdalanmak boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;

-poçta markalarynyň, marka basylan bukjalaryň we otkrytkalaryň çykarylmagyny we ýaýradylmagyny guraýar;

-telekommunikasiýa we poçta aragatnaşyk pudagyndaky işe, aragatnaşygyň tehniki serişdeleriniň hereketine, bitirilýän hyzmatlaryň hiline, şeýle hem telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň hyzmatlary üçin tarifleriň berjaý edilişine döwlet gözegçiliginiň guralmagyny üpjün edýär;

-aragatnaşyk pudagyna ylmy işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyny, kadrlaryň taýýarlanylmagyny we gaýtadan taýýarlanylmagyny guraýar;

-Türkmenistanyň normatiw hukuk aktlary arkaly onuň ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.

8-nji madda. Radioýygylyk spektrini peýdalanmak, aragatnaşyk hemralarynyň geostasionar we orbital pozisiýalaryny düzleşdirmek

Türkmenistanyň, bähbitlerine we halkara şertnamalaryna laýyklykda radioýygylyk spektrini peýdalanmak, aragatnaşyk hemralarynyň geostasionar pozisiýalaryny düzgünleşdirmek döwletiň aýratyn hukugy hasaplanylýar we Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan üpjün edilýär. Radioýygylyklary paýlamagyň milli tablisasy Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

Türkmenistanyň Ministrler kabineti radioýygylyklaryň bölünip aýrylmagynyň tertibini radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly gurluşlary işläp taýýarlamagyň, proýektirlemegiň, gurmagyň, edinmegiň, ulanmagyň, daşary ýurtdan getirmegiň, söwdasynyň, ýa-da başga usul bilen Türkmenistanyň territoriýasyna ýaýratmagyň aýratyn şertlerini belleýär.

9-njy madda.Radioýygylyk spektrini peýdalanmagyň goragy

Elektromagnit şöhlelenmäniň çeşmeleri bolup durýan, şol sanda teleradiogepleşigiň maksatlary üçin ulanylýan telekommunikasiýa aragatnaşygynyň tehniki serişdeleri Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilen tertipde bellige alynmaga degişlidir.

Radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyny goramak maksady bilen Türkmenistanyň radioýygylyklar baradaky Döwlet komissiýasy degişli ministrlikleriň we wedomstwolaryň ygtyýarly organlary bilen bilelikde wedomstwo taýdan degişliligine garamazdan aragatnaşyk kärhanalarynyň, şeýle hem telekommunikasiýa aragatnaşyk hyzmatlaryny bitirýän ýuridik we fiziki taraplaryň radioelektron serişdelerini hem-de radioşöhlelenme normalaryny peýdalanmagyň bellenilen tertibini berjaý edişlerine, şeýle hem radio kabul ediş üçin ýol berilýän industrial päsgelçilikleriň derejesine gözegçilik edýärler.

10-njy madda. Aragatnaşyk kärhanalarynyň operatiw-gözleg işini

amala aşyrýan organlar bilen özara hereketi

Wedomstwo taýdan degişliligine garamazdan aragatnaşyk kärhanalary, şeýle hem Türkmenistanyň territoriýasynda telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryny bitirýän ýuridik we fiziki taraplar operatiw-gözleg işini amala aşyrýan organlara şolaryň degişli çäreler geçirmegine ýardam etmäge, şolaryň guramaçylyk we taktiki usullarynyň üstüniň açylmagyna ýol bermezlik üçin çäreler görmäge borçludyrlar.

Aragatnaşyk serişdeleri şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine zyýan ýetirmek maksady bilen, şol sanda jenaýatçylykly maksatlar üçin peýdalanylan halatynda wedomstwo taýdan degişliligine we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň islendik tehniki serişdeleriniň we setleriniň işini togtatmaga Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hukugy bardyr.

11-nji madda.Aragatnaşyk pudagyndaky işe ygtyýarnama bermek

Türkmenistanyň territoriýasynda telekommunikasiýa aragatnaşyk hyzmatlaryny bitirýän aragatnaşyk kärhanalarynyň, şeýle hem ýuridik we fiziki taraplaryň işi ygtyýarnama esasynda amala aşyrylýar, hökümet aragatnaşygy organlarynyň işi muňa girmeýär.

Aragatnaşyk ulgamyndaky ygtyýarlylandyrmaga degişli işleriň, hyzmatlaryň görnüşleri, şeýle-de ygtyýarnamany bermegiň, gaýtadan resmileşdirmegiň, togtadylmagyň, dikeldilmegiň, hereketini bes etmegiň we ýatyrmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenilýär.

Ygtyýarnama aşakdaky halatlarda talap edilmeýär, eger telekommunikasiýa seti:

- içerki önümçilik ýa-da tehnologik taýdan niýetlenen bolsa;

- aýratyn goranmak, howpsuzlyk, serhetiň we hukuk tertibiniň goragynyň hajatlary üçin aragatnaşyk hyzmatlaryny bitirmek üçin peýdalanylsa;

- eger telekommunikasiýa aragatnaşygyň tehniki serişdesi awtotransport serişdesinde, gämide, uçarda ýa-da transportyň, başga görnüşinde oturdylsa.

12-nji madda. Aragatnaşyk serişdeleriniň sertifikasiýasy

Türkmenistanyň territoriýasynda telekommunikasiýa aragatnaşyk hyzmatlaryny bitirýän ýuridik we fiziki taraplaryň umumy döwlet tarapyndan peýdalanylýan telekommunikasiýa aragatnaşygynyň ähli tehniki serişdeleri olaryň bellenilen standartlara, gaýry normalara we tehniki talaplara laýyklygy üçin sertifikasiýa edilmäge degişlidir.

Bellenilen nusgadaky sertifikaty bermek bilen Türkmenistanda telekommunikasiýa aragatnaşygynyň tehniki serişdeleriniň sertifikasiýasy Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen ylalaşmak arkaly Türkmenistanyň Standartizasiýa, metrologiýa, ýerasty baýlyklary goramak we halk hojalygynda işleri howpsuz alyp barmak baradaky baş döwlet inspeksiýasy tarapyndan geçirilýär.

Milli we (ýa-da) halkara standartlarynyň we tehniki talaplaryň, esasynda başga döwlet tarapyndan berlen telekommunikasiýa aragatnaşygynyň tehniki serişdeleriniň sertifikatlary Türkmenistanda sertifikatlaryň özara ykrar edilmegi hakyndaky şertnamalara laýyklykda hakyky diýlip ykrar edilýär.

13-nji madda.Aragatnaşyk hyzmatlaryna hem-de radioýygylyklardan peýdalanylanlygy üçin tarifler

Aragatnaşyk hyzmatlaryna, şol sanda radioýygylyklardan peýdalanylanlygy üçin tarifler Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenýän tertipde düzgünleşdirilýär.

Ähli ýuridik we fiziki taraplar tarapyndan ekstren operatiw gulluklaryny (ýangyn goragy, milisiýa, tiz kömek, awariýa gaz gullugy we başgalar) çagyrmaklyk mugt geçirilýär.

14-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý şertlerinde aragatnaşygy peýdalanmak

Türkmenistanyň Ministrler kabineti tebigy betbagtçylyklarda, epidemiýalarda, epizootiýalarda we gaýry adatdan daşary ýagdaýlarda aragatnaşygy dolandyrýar hem-de wedomstwo taýdan degişliligine we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň islendik tehniki serişdelerini we setlerini ileri tutup peýdalanmaga, şeýle hem olaryň işini togtatmaga hukuklydyr.

III BÖLÜM. ÝERLI ÝERINE ÝETIRIJI HÄKIMIÝET WE ÝERLI ÖZ-ÖZÜŇI DOLANDYRYŞ ORGANLARY, KÄRHANALAR WE GURAMALAR BILEN ARAGATNAŞYK KÄRHANALARYNYŇ ÖZARA GATNAŞYKLARY

15-nji madda. Aragatnaşygy ösdürmek

Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş organlary şäherleri we beýleki ilatly punktlary proýektirlänlerinde we ösdürenlerinde degişli ýerli býujetleriň serişdeleriniň ýa-da maýa goýujylaryň serişdeleriniň hasabyna telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň tehniki serişdelerini ýerleşdirmek üçin proýekt-smeta dokumentasiýasynyň taýýarlanylmagynyň we jaýlaryň gurulmagynyň normatiwlere laýyk gelmegini göz öňünde tutmaga ýa-da zerur mahalynda olar üçin ýörite otaglar bermäge borçludyrlar.

Ýaşaýyş-graždan maksatly täze jaýlar proýektirlenende we bar bolanlaryň durky täzelenende ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş organlary, ministrlikler we wedomstwolar, kärhanalar we guramalar degişli aragatnaşyk kärhanalary bilen ylalaşyp, şol jaýlaryň bellenilen normalar boýunça telefonlaşdyrylmagyny we radiolaşdyrylmagyny nazarda tutmaga borçludyrlar.

16-njy madda. Aragatnaşygy ösdürmek boýunça işler geçirilende ýerleri peýdalanmak

Aragatnaşyk kärhanalaryna, şeýle hem telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryny bitirýän ýuridik we fiziki taraplara bellenilen tertipde hemişelik ýa-da möhletli peýdalanmaga, şol sanda kärendesine berilýän ýer uçastoklary aragatnaşyk ýerlerine degişlidir.

Aragatnaşyk kärhanalaryna, şeýle hem telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryny bitirýän ýuridik we fiziki taraplara berilýän ýer uçastoklarynyň möçberleri proýekt-tehniki dokumentasiýasyna hem-de işiň bu görnüşi üçin ýerleriň bölünip berlişiniň normalaryna laýyklykda kesgitlenýär.

Aragatnaşyk kärhanalaryna, şeýle hem telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryny bitirýän ýuridik we fiziki taraplar bu maksatlar üçin berilýän ýer uçastoklarynda telekommunikasiýa aragatnaşyk setlerini çekmäge, jaýlary we desgalary gurmaga, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş organlary, görkezilen ýer uçastoklarynyň hususyýetçileri ýa-da ýerden peýdalanyjylar bilen geçirilýän işleriň möhletleri we şertleri ylalaşylandan soňra aragatnaşyk apparaturasyny oturtmaga we hyzmat etmäge haklydyrlar.

Hususyýetçiler ýa-da ýerden peýdalanyjylar, şol sanda kärendeçiler görkezilen işleriň ýerine ýetirilmeginde diňe Türkmenistanyň normatiw hukuk aktlarynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça aragatnaşyk kärhanalaryndan ýüz öwürmäge haklydyrlar. Jedel ýüze çykan halatynda mesele sud tertibinde çözülip bilner.

Ýer uçastogynda, jaýda ýa-da desgada işler tamamlanandan soň aragatnaşyk kärhanasy, şeýle hem telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryny bitirýän ýuridik ýa-da fiziki tarap ýa-da zakazçy öz hasabyna ýer uçastogyny, jaýy ýa-da desgany ilkibaşky ýagdaýyna getirmäge ýa-da hususyýetçä, ýerden peýdalanyja ýa-da kerendeçä ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga borçludyrlar.

Ilatly punktlaryň we airy-airy jaýlaryň, ýollaryň we köprüleriň täzesiniň gurulmagy, giňeldilmegi, durkunyň täzelenmegi, meliorasiýa sistemalarynyň üýtgedilip gurulmagy, täze ýerleriň özleşdirilmegi, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň işlenip taýýarlanmagy bilen baglanyşykly aragatnaşyk desgalaryny başga ýere geçirmek ýa-da üýtgedip gurmak işi öz serişdeleriniň hasabyna gurluşygyň zakazçysy tarapyndan geçirilýär.

Aragatnaşyk kärhanasynyň, şeýle hem telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryny bitirýän ýuridik we fiziki taraplaryň ýer uçastogyna bolan hukuklaryny togtatmaklyk ýer kanunçylygy arkaly bellenilen esaslar boýunça we tertipde amala aşyrylýar.

17-nji madda. Telekommunikasiýa aragatnaşyk setleriniň we obýektleriniň gorag zonasy

Telekommunikasiýa aragatnaşyk setleriniň we obýektleriniň gorag zonasy telekommunikasiýa aragatnaşyk obýektleriniň perimetri ýa-da setleriniň uzynlygy boýunça ýerleşen, olardaky bar bolan ösümlik we gurluşlar bilen bellenilen möçberlerdäki ýer uçastogyny emele getirýär. Gorag zonalarynyň möçberleri, olaryň belgileriniň usullary, olarda işleri geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanýan aragatnaşyk liniýalaryny goramagyň Kadalary arkaly bellenilýär.

Gorag zonasynda telekommunikasiýa aragatnaşyk setleriniň we obýektleriniň eýeleri bilen ylalaşmazdan ýeriň niýetlenilişini üýtgetmek, jaýlary we gaýry gurluşlary gurmak, enjamlary we materiallary saklamak, ýer, burawlaýyş, partlaýyş we beýleki işleri geçirmek gadagandyr.

18-nji madda. Telekommunikasiýa aragatnaşyk setlerindäki hadysalaryň netijelerini ýok etmek

Telekommunikasiýa aragatnaşyk setlerindäki hadysalaryň netijelerini ýok etmek boýunça işler zaýalanan telekommunikasiýa tehniki serişdeleriniň dikeldilmegini we durkunyň täzelenmegini, şeýle hem zerur mahalynda hadysalaryň bolan ýerlerinde degişli tebigaty goraýyş çäreleriniň geçirilmegini öz içine alýar.

Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş organlary aragatnaşyk kärhanalaryna çekilen harajatlaryň soňra öwezini dolmak bilen zerur mahalynda işçi güýjüni, transport we gaýry serişdeleri bölüp berip, telekommunikasiýa aragatnaşyk setlerindäki hadysalaryň netijelerini ýok etmekde aragatnaşyk kärhanalaryna ýardam etmäge borçludyrlar. Aýry-aýry halatlarda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň karary bilen çykdajylaryň öwezini dolmaklyk maliýeleşdirmegiň beýleki çeşmeleriniň hasabyna geçirilip bilner.

Telekommunikasiýa aragatnaşyk setlerinde hadysalaryň netijelerini ýok etmek boýunça işleri geçirmeklik hususyýetçiniň ýa-da ýerden peýdalanyjynyň, şol sanda telekommunikasiýa aragatnaşygynyň tehniki serişdeleri ýerleşdirilen ýer uçastogynyň, jaýyň ýa-da desganyň kärendeçisiniň razylygyny talap etmeýär.

Hususyýetçä, ýerden peýdalanyja ýa-da kärendeçä ýetirilen zyýanlar aragatnaşyk kärhanasynyň serişdeleriniň hasabyna öwezi dolunmaga degişlidir. Ýitgileriň öwezini dolan aragatnaşyk kärhanasy zyýan ýetiren adama regres talaplary bildirmäge haklydyr.

IV BÖLÜM. POÇTA ARAGATNAŞYK HYZMATLARYNY BITIRMEGIŇ AÝRATYNLYKLARY

19-njy madda. Poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny bitirmekde aragatnaşyk kärhanalarynyň işiniň aýratynlyklary

Türkmenistanda poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny bitirmekde poçta aragatnaşyk kärhanalarynyň işi şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki normatiw hukuk aktlary, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan tassyklanylýan poçta kadalary arkaly düzgünleşdirilýär.

Türkmenistanyň poçta aragatnaşygyna poçta töleginiň döwlet nyşanlaryny neşir etmäge, Türkmenistanyň territoriýasynda poçta aragatnaşygynyň obýektlerine poçta indekslerini dakmaga, poçta ýollamalaryny kabul etmek, işläp taýýarlamak, daşamak we eltmek boýunça hyzmatlary bitirmäge bolan aýratyn hukuk degişlidir. Poçta ýollamasy diýlip hatlara, poçta kartoçkalaryna, banderollara, paketlere, posylkalara, poçta konteýnerlerine, degişli ýagdaýda gaplanan metbugat neşirlerine, sekogrammalara, aerogrammalara düşünilýär.

Gündelik Metbugaty ibermek, eltmek we ýaýratmak, pensiýalary, posobiýeleri, beýleki maksatly tölegleri eltmek, pul serişdelerini geçirmek boýunça operasiýalary ýerine ýetirmek boýunça poçta aragatnaşygynyň döwlet kärhanalarynyň hyzmatlary, şeýle hem Türkmenistanyň normatiw hukuk aktlary arkaly rugsat berlen gaýry goşmaça hyzmatlar şertnamalaýyn esasda amala aşyrylýar.

Poçta ýollamalaryny kabul etmek, işläp taýýarlamak, daşamak we eltmek bellenilen tertipde berilýän ygtyýarnamalaryň esasynda fiziki we ýuridik taraplar¸ şol sanda daşary ýurtly fiziki we ýuridik taraplar tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

20-nji madda. Poçta ýollamalaryny daşamak

Poçta aragatnaşyk işgärleriniň ýany bilen gitmeginde poçta aragatnaşyk kärhanalaryna demir ýol, deňiz, derýa, howa we awtomobil, transportynyň ähli marşrutlary we liniýalary boýunça ylalaşykly şertlerde poçta ýollamalaryny daşamaga ýa-da olary transport guramalarynyň jogapkärçiligine bermäge hukuk berilýär.

Transport guramasynyň öz transport serişdeleriniň yzygiderli şäherara we halkara gatnaw marşrutlary boýunça poçta ýollamalaryny daşamak üçin şertnamalar baglaşmakdan ýüz öwürmäge haky ýokdur.

Öri meýdanlarynyň çopanlaryna, geologiýa ekspedýsiýalarynyň, ýerleşýän, balyk tutulýan ýerleri we öz işiniň häsiýeti boýunça ilatly punktlaryň daşynda ýerleşýän beýleki adresatlara poçta ýollamalaryny we telegrammalary daşamaklyk transport serişdeleri arkaly we adresatlaryň işleýän kärhanalarynyň, we guramalarynyň hasabyna amala aşyrylýar.

21-nji madda. Poçta ýollamalaryny eltmek

Poçta ýollamalary, şeýle hem abuna ýazylyş gündelik neşir iberji tarapyndan görkezilen alyjy ýa-da onuň ygtyýarly eden adamynyň hut özüne ýa-da abonent poçta gutusy arkaly eltilýär (gowşurylýar).

Keselhanalarda, sanatorilerde, lagerlerde, azatlykdan mahrum edilen ýerlerde bolýan adresatlara poçta ýollamalary olaryň bolýan ýerleriniň administrasiýasyna eltilip (gowşurylyp) bilner.

Pensiýalar, posobiýeler we beýleki maksatly tölegler adresatyň, hut özüne ýa-da notarial taýdan tassyklanan ynanç haty boýunça başga adama eltilýär (gowşurylýar).

Köp kwartiraly ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleri her bir basgançak gözeneginiň birinji gatlarynda abonent poçta gutularynyň bloklaryny enjamlaşdyrmaga borçludyrlar. Hususy öýleriň eýeleri öz uçastoklaryna girelgäniň ýanynda olara ýolkasyndan ýa-da gyradan barar ýaly mümkinçiligi bolan abonent poçta gutularyny enjamlaşdyrmaga borçludyrlar.

Poçta ýollamalary, şeýle hem abunalaýyn gündelik metbugat indiwidual jaýlaryň töweregindäki, şeýle hem bagçylyk şereketleriniň ýerleşýän ýerlerindäki abonentlere bu maksatlar üçin ýörite enjamlaşdyrylan toparlaýyn abonent şkaflaryna eltilip bilner.

Ýuridik taraplara poçta ýollamalaryny, şeýle hem gündelik metbugaty we "talap edilýänçä" diýlip gönükdirilýän poçta ýollamalaryny eltmegiň tertibi poçta kadalary arkaly bellenilýär.

22-nji madda. Poçta ýollamalarynyň abatlygy

Poçta aragatnaşyk kärhanalary kabul edilen poçta ýollamalarynyň we pul serişdeleriniň abatlygyny üpjün etmäge borçludyrlar.

Poçta ýollamalaryny işläp taýýarlamak we pul serişdelerini saklamak amala aşyrylýan jaýlar, şeýle hem olaryň daşalýan transport serişdeleri olara keseki adamlaryň barmak mümkinçiligini aradan aýrar ýaly enjamlaşdyrylmalydyr.

23-nji madda. Poçta ýollamalaryna gümrük kontrollygy

Halkara poçta ýollamalary Türkmenistanyň gümrük serhetiniň üstünden geçirilende kontrollyk etmek üçin poçta aragatnaşyk kärhanalary tarapyndan gümrük organlaryna görkezilýär. Poçta aragatnaşyk kärhanalary serhetiň üsti bilen iberilmegi gadagan edilen poçta ýollamalaryna salynýan zatlaryň sanawyny poçta aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň, dykgatyna ýetirmäge borçludyrlar.

Halkara poçta ýollamalaryny gözden geçirmek we almak, olardaky iberilmegi gadagan edilen zatlary yzyna almak işi hereket edýän kanunçylykda bellenilen tertipde Türkmenistanyň gümrük organlary tarapyndan amala aşyrylýar.

V BÖLÜM. ARAGATNAŞYK HYZMATLARYNY PEÝDALANYJYLARYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY

24-nji madda. Aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak hukugy

Fiziki we ýuridik tarap Türkmenistanyň territoriýasynda bitirilýän telekommunikasiýa we poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň, ähli görnüşlerinden peýdalanmaga haklydyr.

25-nji madda. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili

Telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň peýdalanyjylara bitirýän hyzmatlary hili boýunça Türkmenistanda hereket edýän standartlara , tehniki talaplara we gaýry normalara laýyk gelmelidir.

26-njy madda. Aragatnaşykdan peýdalanmakda birinjilik

Deňizde, ýerde, howada we kosmiki giňişlikde adam ömrüniň howpsuzlygy, uly awariýalar, katastrofalar, epidemiýalar, epizootiýalar we tebigy betbagtçylyklar hakyndaky habarlary goşmak bilen Türkmenistanda goranmak, howpsuzlyk we hukuk tertibini goramak babatda gaýragoýulmasyz çäreleri geçirmäge degişli habarlar ileri tutulyş tertibinde berilmelidir.

27-nji madda. Aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanylanda

ýeňillikler we artykmaçlyklar

Döwlet häkimiýetiniň we dolandyryş organlarynyň, daşary ýurt döwletleriniň diplomatik we konsullyk wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň wezipeli adamlarynyň airy-airy kategoriýalary, şeýle hem graždanlaryň airy-airy toparlary üçin telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryny bitirmek, peýdalanmak we tölemek boýunça ýeňillikler bellenilip bilner.

Wezipeli adamlaryň we graždanlaryň airy-airy toparlarynyň, şeýle hem bu adamlara berilýän ýeňillikleriň sanawy Türkmenistanyň normatiw hukuk aktlary, şeýle hem halkara şertnamalary arkaly kesgitlenilýär.

Normatiw hukuk aktlaryna laýyklykda telekommunikasiýa we poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň tölegi boýunça ýeňillikler berlende aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan doly alynmadyk girdejileriň öwezini dolmagyň tertibi Tuükmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

Möhletli gullugyň harby gullukçylaryndan poçta bölümlerine we olaryň adresine gelýän hatlary ibermeklik Türkmenistanyň çäklerinde kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň we wedomstwolaryň hasabyna amala aşyrylýar.

28-nji madda. Aragatnaşyk syry

Hat alyşmagyň, telefon gepleşikleriniň, poçta ýollamalarynyň¸ telegraf we beýleki habarlaryň syry kanun arkaly goralýar.

Aragatnaşyk kärhanalarynyň işgärleri aragatnaşyk syrlarynyň berjaý edilmegini üpjün etmäge borçludyrlar.

Telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň tehniki serişdeleri arkaly berilýän poçta ýollamalary we habarlary hakyndaky informasiýa, şeýle hem bu ýollamalaryň we habarlaryň özi aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan diňe iberijä, adresata ýa-da olaryň kanuny wekillerine, şeýle hem kanuny ýagdaýlarda göz öňünde tutulan degişli döwlet organlaryna berlip bilner.

Telefon gepleşiklerini diňlemek, poçta ýollamalaryny we dokumental hat-habarlary tussag etmek, gözden geçirmek we almak, olar hakdaky maglumatlary almak diňe prokuroryň sanksiýasy bilen ýa-da suduň çözgüdi esasynda ýol berilýär.

29-njy madda. Poçta ýollamalarynyň strahowaniýesi

Ýuridik we fiziki tarap poçta ýollamasynyň gymmatyny yglan etmek bilen, ony strahowaniýe etmäge haklydyr. Yglan edilen gymmatyň möçberi iberiji tarapyndan kesgitlenilýär we poçta ýollamasynyň goýumynyň hakyky gymmatyna gabat gelmelidir.

30-njy madda. Aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň borçlary

Türkmenistanyň territoriýasynda telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryndan peýdalanýan ýuridik we fiziki taraplar telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygy pudagynda normatiw hukuk aktlary arkaly bellenilen kadalary berjaý etmäge borçludyrlar.

VI BÖLÜM. ARAGATNAŞYK PUDAGYNDA IŞ AMALA AŞYRYLANDA JOGAPKÄRÇILIK

31-nji madda. Aragatnaşyk kärhanalarynyň jogapkärçiligi

Aragatnaşyk kärhanasy aşakdakylar üçin aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň öňünde jogapkärçilik çekýär:

- gymmaty yglan edilmedik poçta ýollamalarynyň ýitirilendigi uçin - hyzmatlaryň gymmaty möçberinde;

-gymmaty yglan edilen poçta ýollamalarynyň ýitirilendigi, kemligi, goýumlaryň zaýalananlygy üçin - yglan edilen gymmatyň we hyzmatlaryň gymmaty möçberinde;

- poçta we telegraf pul geçirmeleri boýunça pullaryň tölenilmänligi üçin - serişde geçirmegiň (perewod) tölenilmedik summasynyň we hyzmatlaryň gymmaty möçberinde;

-telegrammanyň berlen pursatyndan başlap 24 sagadyň geçmegi bilen onuň adresata eltilmändigi ýa-da gowşurylanlygy üçin - hyzmatlaryň gymmaty möçberinde.

Eger zyýanyň aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjynyň günäsi, boýunça ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde ýetirilendigi subut edilse, aragatnaşyk kärhanasy şu maddanyň 1 böleginde göz öňünde tutulan halatlarda aragatnaşygy peýdalanyjynyň öňünde jogapkärçilik çekmeýär.

Halkara poçta ýollamalarynyň goýumlarynyň ýitirilmegi, kemligi, zaýalanmagy, halkara telegrammanyň tekstiniň ýoýulmagy, onuň manysynyň uýtgemegi, onuň gowşurylmazlygy ýa-da öz wagtynda gowşurylmazlygy netijesinde aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyja ýetirilen zyýan üçin aragatnaşyk kärhanalary Bütindünýä poçta birleşiginiň we telekommunikasiýalarynyň Halkara birleşiginiň ylalaşyklarynda we aktlarynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler.

Kontrol möhletleri bozmak bilen telefon aragatnaşyklarynyň, radio alyp eşitdiriş serişdeleriniň bozulmalary düzedilen halatynda aragatnaşykdan peýdalanyjylar şolaryň bozulan gününden başlap abonent töleginden boşadylýar.

Türkmenistanyň territoriýasynda telekommunikasiýa we poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny bitirýän, şu Kanunyň bozulmagyna ýol beren telekommunikasiýa we poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny bitirýän aragatnaşyk kärhanalary we olaryň, wezipeli adamlary, şeýle hem ýuridik we fiziki taraplar hereket edýän kanunçylykda göz önünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler.

32-nji madda. Aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň jogapkärçiligi

Türkmenistanyň territoriýasynda telekommunikasiýa aragatnaşygynyň hyzmatlaryny bitiren ýa-da olardan peýdalanýan ýuridik we fiziki taraplar sertifikasiýa edilmedik enjamy ulananlarynda, telekommunikasiýa aragatnaşygynyň tehniki serişdelerinden we setlerinden peýdalanmagyň kadalaryny bozanlarynda umumydöwlet tarapyndan peýdalanylýan setlere barmaklyk togtadylyp bilner, şu Kanunyň 26 maddasynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.

Aragatnaşygyň tehniki serişdeleriniň we desgalarynyň zaýalanmagyna ýol beren, telekommunikasiýa aragatnaşygynyň tehniki serişdelerine we setlerine rugsat berilmedik halda birikdiren, radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly gurluşlary taýýarlamagyň, edinmegiň, getirmegiň, peýdalanmagyň we bellige almagyň bellenilen tertibini bozan, şeýle hem tele- we radio kabul edişiň normalaşdyrylmadyk böwetlerini döreden ýuridik we fiziki taraplar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.

33-nji madda. Nägilelikleri we talaplary bildirmegiň tertibi

Aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanyjylar telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryny bitiren aragatnaşyk kärhanalaryna, şeýle hem ýuridik we fiziki taraplara nägileliklerini, şol sanda ýitginiň öwezini dolmak talaby bilen nägileliklerini bildirmäge haklydyrlar.

Nägilelikler ýazmaça görnüşde bildirilýär we bellenilen tertipde hökmany suratda bellige alynmaga degişlidir.

Nägilelikler aşakdaky möhletlerde bildirilýär:

- telekommunikasiýa aragatnaşyk hyzmatlarynyň berilmezligi, öz wagtynda berilmezligi we ýaramaz hilli berilmegi ýa-da telekommunikasiýa aragatnaşygy babatynda işleriň ýerine ýetirilmezligi ýa-da göwnejaý ýagdaýda ýerine ýetirilmezligi bilen baglanyşykly nägilelikler boýunça (telegraf habarlary boýunça nägilelikler muňa girmeýär) - alty aýyň içinde;

-içerki döwlet poçta ýollamalarynyň eltilmezligi, öz wagtynda eltilmezligi, zaýalanmagy ýa-da ýitirilmegi bilen baglanyşykly nägilelikler boýunça - alty aýyň içinde, halkara poçta ýollamalary boýunça bir ýylyň içinde;

-telegraf ýollamalarynyň eltilmezligi, öz wagtynda eltilmezligi ýa-da ýoýulmagy bilen baglanyşykly nägilelikler boýunça – bir aýyň içinde.

Nägileliklere ýazmaça jogaplar aşakdaky möhletlerde berilmelidir:

-şu maddanyň 3 böleginiň abzasynda görkezilen nägilelikler boýunça - bir aýyň içinde.

- içerki döwlet poçta ýollamalary boýunça -ýigrimi günüň içinde;

-halkara poçta ýollamalary boýunça - iki aýyň içinde;

-telegraf ýollamalary boýunça - bir aýyň içinde.

Gazetlere, žurnallara we beýleki gündelik metbugat neşirlerine ýazylmak we eltmek bilen baglanyşykly nägilelikleri bildirmegiň möhletleri ýuridik taraplar üçin bir ýyldyr. Fiziki taraplar üçin görkezilen esaslar boýunça nägilelikleri bildirmegiň möhletleri sarp edijileriň hukuklaryny goramagyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly kesgitlenilýär.

Nägilelik doly ýa-da kem-käsleýin gaýra goýulanda ýa-da oňa garamak üçin bellenilen möhletlerde jogap alynmadyk mahalynda arza berijiniň sud tertibinde talap bildirmäge hukugy bardyr.

Poçta we telegraf ýollamalary bilen baglanyşykly talaplar hem poçta ýa-da telegraf ýollamasyny kabul eden aragatnaşyk kärhanasyna, hem niýetlenilýän ýerindäki aragatnaşyk kärhanasyna bildirip bilner.

Poçta ýa-da telegraf ýollamalaryny ibermek ýa-da kabul etmek bilen baglanyşykly talap-arzalar poçta ýa-da telegraf ýollamasyny kabul eden aragatnaşyk kärhanasyna-da, ýollamanyň niýetlenen ýerindäki aragatnaşyk kärhanasyna-da berlip bilner.

34-nji madda. Zyýanyň öwezini dolmak

Telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygy pudagynda iş amala aşyrylan mahalynda ýetirilen zyýanyn öwezini dolmaklyk meýletin ýa-da suduň çözgüdi boýunça geçirilýär.

VII BÖLÜM. HALKARA HYZMATDAŞLYK

35-nji madda. Halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşmak

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi halkara aragatnaşyk guramalarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edýär, beýleki döwletleriň aragatnaşyk guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär, telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň meselelerinde Türkmenistanyň bähbitleriniň halkara hukuk goragyny üpjün edýär.

36-njy madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalary

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu Kanundaka garanda başga düzgünler bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň düzgünleri ulanylýar.

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1996-njy ýylyň 20-nji dekabry

№ 180-1

Salgylanýar