Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 03.08.2012

Bosgunlar hakynda

03.08.2012 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 12.08.2026

Bosgunlar hakynda

«Bosgunlar hakynda»

Türkmenistanyň kanuny 2012-nji ýylyň 4-nji awgustynda kabul edilen № 311-IV Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Bosgunlar hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1997 ý.¸ № 2¸ 18- madda)

(Türkmenistanyň 01.10.2011 ý. № 239-IV Kanuny esasynda girizilen

üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

Şu Kanun adamy, ýagny ony bosgun diýip ykrar etmegiň tertibini we şertlerini, olaryň hukuk statusyny kesgitleýär, bosgunlaryň hukuklaryny goramagyň hukuk, ykdysady we sosial kepilliklerini belleýär.

I BAP

UMUMY DÜZGÜNLER

1 madda. Bosgun hakynda düşünje

Bosgun, munuň özi jyns, dine ynanmak, graždanlyk alamaty, belli bir sosial topara degişliligi boýunça yzarlamalaryň pidasy bolmakdan esaslandyrylan howatyrlanmalary doly bolan ýa-da syýasy ynançlary bilen Türkmenistanda bolýan we öz ýurdunyň goragyndan peýdalanyp bilmeýän ýa-da şeýle howatyrlanmalar netijesinde şeýle goragdan peýdalanmak islemeýän ýa-da belli bir graždanlygy bolmazdan we şeýle ýagdaýlaryň netijesinde öz öňki adaty ýaşaýan ýurdunyň daşynda bolmak bilen, şeýle howatyrlanmalar netijesinde oňa dolanyp baryp bilmeýän ýa-da dolanmak islemeýän adamdyr.

2 madda. Bosgunlar hakyndaky kanunçylyk

Bosgunlar hakyndaky kanunçylyk Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýar hem-de şu Kanundan we bosgunlara degişli meseleleri düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulandan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3 madda. Bosgunyň hukuklarynyň kepillikleri

Eger adam, onuň janyna ýa-da azatlygyna gös-göni howp abanan çäkden gelip we gaýragoýmazdan özüniň bosgun diýlip ykrar edilmegini sorap Türkmenistanyň häkimiýet edaralarynyň wekilleriniň ýanyna barsa, Türkmenistanyň çägine bikanun girendigi we onda bikanun bolandygy üçin jogapkärçilikden boşadylýar.

Bosgun şu Kanunyň 1 maddasynda görkezilen ýagdaýlara görä öz taşlap gaýdan ýurduna onuň erkiniň garşysyna gidilip, yzyna gaýtarylyp bilinmez.

Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň¸ ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we wezipeli adamlaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bosgunyň bellenilen hukuklaryny kemsidýän kararlary we hereketleri barada ýokarda durýan edaralara ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner.

II BAP

BOSGUNYŇ STATUSYNYŇ EDINILMEGI, ÝITIRILMEGI

WE MAHRUM EDILMEGI

4-nji madda. Towakganama berilmegi

Adam bosgunyň statusyny almak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna (mundan beýläk - migrasiýa gullugynyň edaralary) towakganama bilen ýüz tutmaga borçludyr.

Bosgunyň statusynyň berilmegi hakyndaky towakganama berlen gününde migrasiýa gullugynyň edarasy tarapyndan bellige alynmalydyr.

Bosgunyň statusyny almak niýeti bilen Türkmenistanyň Döwlet serhedinden bikanun geçmäge mejbur bolan adam bosgunyň statusynyň berilmegi hakyndaky towakganamasyny (arzasyny) degişli serhet gullugynyň üsti bilen migrasiýa gullugynyň edarasyna iberýär. Serhet gullugynyň ýolbaşçysy alnan towakganamany haýal etmän migrasiýa gullugynyň edarasyna ibermäge borçludyr.

Serhet gullugy ýüz tutan adamlara bosgunyň, statusyny bermegiň tertibi we şertleri hakyndaky habary bermäge borçludyr.

5-nji madda. Bosgunyň statusynyň berilmegi hakynda towakganamasy bellige alnan adamyň hukuklary we borçlary

Bosgunyň statusynyň berilmegi hakyndaky towakganama bellige alnandan soň, arza beren adam we onuň maşgala agzalary towakganama boýunça çözgüdiň kabul edilýän döwründe aşakdaky hukuklara eýedirler:

bosgunyň statusynyň berilmegine dahylly meseleler babatda terjimeçiniň muzdsuz hyzmatlaryna;

bosgunyň statusynyň berilmegi hakyndaky haýyşnama garamagyň faktyna güwä geçýän wagtlaýyn şahadatnamany almaga;

wagtlaýyn ýaşajak ýerine çenli mugt gitmäge we ýüküni äkitmage;

wagtlaýyn ýerleşiş nokadynda berlen ýaşaýyş jaýyndan peýdalanmaga we mugt iýmit almaga;

lukmançylyk kömegine we durmuş hyzmatlaryna;

wagtlaýyn işe ýerleşmäge ýa-da okamaga;

bosgunyň statusynyň berilmegi, şahsy emlägiň daşalmagy bilen baglanyşykly ähli paçlary, salgytlary we ýygymlary tölemekden boşadylmaga;

bosgunyň statusynyň berilmegi baradaky meseleler boýunça hukuk kömeginden mugt peýdalanmaga.

Bosgunyň statusynyň berilmegi hakynda towakganamasy bellige alnan adamlar we olaryň maşgala agzalary aşakdakylara borçludyrlar:

bosgunyň statusynyň berilmegi hakyndaky arza garaýan migrasiýa gullugynyň edarasyna şeýle arza seretmek üçin zerur bolan maglumatlary bermäge;

ýollaýyş hatynyň alynmagy bilen, wagtlaýyn ýerleşmek üçin kesgitlenen ýere gitmäge we migrasiýa gullugynyň edarasynda üç günüň dowamynda bellige aldyrmaga;

wagtlaýyn ýerleşilýän ýerde ýaşamagyň Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýän tertibini berjaý etmäge;

saglygy goraýyş edaralarynyň talap etmegi boýunça lukmançylyk gözegçiliginden geçmäge we olaryň talaplaryny ýerine ýetirmäge.

6-njy madda. Bosgunyň statusynyň berilmegi hakyndaky towakganama garamagyň tertibi

Bosgunyň statusynyň berilmegi hakyndaky towakganama garamak towakganamanyň berlen gününden başlap, üç aýa çenli möhletde migrasiýa gullugynyň edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

Bosgunyň statusynyň berilmegi hakyndaky towakganama garamagyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylandan soň migrasiýa gullugynyň edarasy aşakdaky çözgütlerden birini kabul edýär:

bosgunyň statusyny bermek hakynda;

bosgunyň statusyny bermekden ýüz döndermek hakynda.

Bosgunyň statusyny bermek hakyndaky towakganama garamagyň netijeleri migrasiýa gullugynyň edarasy tarapyndan ýedi gün möhletde ýazmaça görnüşde towakganama berijiniň dykgatyna ýetirilýär.

Bosgunyň statusy berlen adama on günüň dowamynda bellenilen görnüşdäki şahsyýetnama we ýol resminamalary berilýär.

Bosgunyň statusyny bermekden ýüz dönderilende towakganama bilen ýüz tutan adama ýüz döndermekligiň sebäpleri, şeýle hem oňa bosgunyň statusyny bermekden ýüz döndermek hakyndaky çözgüde şikaýat etmegiň tertibi we möhleti habar berilýär.

7 madda. Bosgunyň statusynyň berilmeýän şertleri

Aşakdakylary çak etmäge düýpli esaslar bolan adam babatynda bosgunyň statusy berilmeýär:

ol parahatçylyga garşy jenaýat, harby jenaýat ýa-da şeýle jenaýatlar babatda çäreler görmek maksady bilen düzülen halkara aktlarynda şol etmişlere çäre görmek üçin berlen kesgitlemede adamzadyň garşysyna jenaýat eden bolsa;

Türkmenistanyň daşynda we bosgun hökmünde onuň Türkmenistana goýberilmegine çenli syýasy häsiýetde bolmadyk agyr jenaýaty eden bolsa;

Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ters gelýän hereketleri amala aşyrmak bilen günäkär bolsa.

Şeýle hem bosgunyň statusy şu ýagdaýda adama berilmeýär:

onuň ýaşaýan döwletiniň ygtyýarly häkimiýet edaralary tarapyndan şol döwletiň raýatlygy bilen baglanyşykly hukuklar we borçlar ykrar we üpjün edilýän bolsa;

Türkmenistana gelmezine çenli bolan döwletinde ol bellenilen tertipde gaçybatalgany alyp biljek ýa-da bosgunyň statusyny resmileşdirip biljek bolsa.

8 madda. Maşgala agzybirliginiň ýörelgesi

Eger maşgala agzalarynyň biri şu Kanun tarapyndan bellenilen tertipde bosgunyň statusyny alsa, onuň howandarlygyndaky bile gelen maşgala agzalary hem maşgala agzybirligi ýörelgesine laýyklykda bosgunlaryň statusyny alýarlar.

9 madda. Bosgunyň statusyny ýitirmek we mahrum etmek

Adam bosgunyň statusyny şeýle ýagdaýda ýitirýär, eger ol:

öz raýatlygy degişli bolan ýurdunyň goragyndan meýletin gaýtadan peýdalansa ýa-da

öz raýatlygyndan mahrum bolan, ýene-de ony meýletin edinse, ýa-da

täze raýatlygy edinse we öz täze raýatlyk alan döwletiniň goragyndan peýdalansa, ýa-da

yzarlanmadan howatyrlanmalar netijesinde terk edip ýa-da öz ýurdunyň çäklerinden daşarda bolup, soňra öz terk edip gaýdan ýurdunda ýene-de ornaşsa, ýa-da

öz raýatlygy degişli bolan ýurdunyň goragyndan peýdalanmakdan şondan beýläk ýüz öwrüp bilmese ýa-da onuň bosgun diýlip ykrar edilen ýagdaýlary şundan beýläk bolmasa.

Adam bosgunyň statusyndan şu ýagdaýlarda mahrum edilýär, eger ol:

göz-görtele ýalan maglumatlar ýa-da galp resminamalary bermek netijesinde bosgunyň statusyny edinse;

esasly sebäpler boýunça Türkmenistanyň döwlet howpsuzlygyna ýa-da jemgyýetçilik tertibine howp salýan işe gatnaşsa;

Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ters gelýän işe gatnaşsa.

Bosgunyň statusyndan mahrum etmek hakyndaky çözgüt şu maddada agzalan esaslary we şikaýat etmegiň tertibini görkezmek bilen on gün möhletde ýazmaça görnüşde bosgunyň statusyndan mahrum edilen adamyň dykgatyna ýetirilýär.

10-njy madda. Bosgunyň statusyny bermekden ýüz döndermek ýa-da bosgunyň statusyny bermek hakynda öň çykarylan karary ýatyrmak baradaky çözgüde şikaýat etmek

Bosgunyň statusyny bermekden ýüz döndermek ýa-da bosgunyň statusyny bermek hakynda öň çykarylan karary ýatyrmak baradaky çözgüde şeýle çözgüt alnan gününden başlap, bir aý möhletde kazyýete şikaýat edilip bilner.

III BAP

BOSGUNYŇ HUKUK STATUSY

11 madda. Bosgunyň hukuklary

Bosgunyň statusy berlen adam Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýar hem-de borçlaryny ýerine ýetirýär. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan göz öňünde tutulan alynmalar muňa girmeýär.

Bosgunyň statusy berlen adam aşakdaky hukuklardan peýdalanýar:

ilatly ýerleriň hödürlenen sanawyndan ýaşajak ýerini saýlamaga;

öz garyndaşlarynyň razylygy bilen olardan ýaşaýyş ýerini saýlamaga;

daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan göz önünde tutulan şertlerde zähmet çekmäge ýa-da telekeçilik işi bilen meşgullanmaga, emläk edinmäge;

bilime;

medeniýetiň miraslaryndan peýdalanmaga;

dini dessurlary erkin ýerine ýetirmäge;

degişli organlaryň ýardam etmeginde öz ýurdunda ýaşaýan garyndaşlary hakynda we şol ýerde galdyrylan emlägi hakynda habar almaga;

Türkmenistanyň territoriýasynda onuň özi bilen getiren emlägini şeýle hem oňa ýaşamak üçin girmäge hukuk berlen başga ýurda gazanan emlägini äkitmäge;

öz öňki ýaşaýan ýurduna meýletin dolanyp barmaga ýa-da islendik üçünji ýurda göçüp gitmäge;

namysyna, mertebesine we azatlygyna, janyna we saglygyna, ýaşaýan jaýyna kast edilmelerden, şeýle hem emläk hem-de emläk däl hukuklarynyň kazyýet goragyna.

12 madda. Bosgunyň borçlary

Bosgun we bosgun diýlip ykrar edilmegi barada towakganama beren adam Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň kanunlaryny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny berjaý etmäge, döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmäge, Türkmenistanyň halkynyň milli däp-dessurlaryny hormatlamaga borçludyrlar.

IV BAP

JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

13-nji madda. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň bosgun babatda borçlary

Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary aşakdakylara borçludyrlar:

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän we ýaşamak üçin maslahat berlen ilatly ýerleriň sanawyny hem-de bu ilatly ýerlerde ýaşamagyň şertleri we işe ýerleşmegiň mümkinçilikleri hakynda bosguna habar bermäge;

migrasiýa gullugynyň edarasynyň ýollaýyş haty boýunça ýaşajak ýerine gelen bosguna wagtlaýyn ýaşaýyş jaý bermäge;

bosgunyň ýaşaýyş jaý kooperatiwine girmegine, ýer bölegini we gurluşyk materiallaryny edinmegini goşmak bilen, hususy ýaşaýyş jaý gurluşygyna ýardam etmäge;

bosguna işe ýerleşmäge ýardam bermäge, zerur halatynda hünär taýýarlygyna, hünärini ýokarlandyrmagyna we gaýtadan taýýarlanmagyna oňa mümkinçilik döretmäge;

ilkinji nobatda ýeke ýaşaýan bosgunlara - hemişelik gözegçilige mätäç bolan garrylara we maýyplara ilaty durmuş taýdan goramak edaralarynda orunlar bermäge;

bosgunyň çagalarynyň mekdebe çenli çagalar edaralaryna we umumybilim edaralaryna ýerleşmegine ýardam etmäge;

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bosguny lukmançylyk we derman kömegi bilen üpjün etmäge;

bosguna onuň haýyşy boýunça öz öňki hemişelik ýaşaýan ýurduna dolanyp barmagyna ýardam etmäge.

14 madda. Kömek fondy

Türkmenistanyň territoriýasynda bosgunlaryň bolmagy bilen baglanyşykly olara amatly maddy şertleri we çykdajylarynyň öwezini dolmagyň kompensasiýasyny üpjün etmek maksady bilen Bosgunlara kömek fondy döredilýär.

Fond Türkmenistan tarapdan baglaşylýan şertnamalaryň we ylalaşyklaryň esasynda beýleki döwletlerden we halkara guramalaryndan alynýan serişdeleriň, ýurduň we daşary ýurt kärhanalaryndan, jemgyýetçilik guramalaryndan, hususy adamlardan gelýän meýletin haýyr-yhsanlardan, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýän beýleki çeşmelerden emele getirilýär.

15 madda. Bosgunlary kabul etmek we ýerleşdirmek bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezini dolmagyň çeşmesi

Bosgunlary Türkmenistanyň territoriýasynda kabul etmek we ýerleşdirmek bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezi Bosgunlara kömek fondunyň hasabyna dolunýar.

Bosgunlary kabul etmek we ýerleşdirmek bilen baglanyşykly Türkmenistanyň çykdajylarynyň öwezini dolmagyň meseleleri Türkmenistanyň beýleki döwletler we halkara guramalary bilen baglaşýan şertnamalarynyň esasynda çözülýär.

16 madda. Bosgunyň statusyny bermek we togtatmak prosedurasyna bosgunlaryň işleri baradaky halkara guramalarynyň gatnaşmagy

Bosgunlaryň işleri baradaky halkara guramalary ähli şahsy işlere doly barmak hukugy bilen bosgunyň statusyny bermek we togtatmak prosedurasyna synçy hökmünde gatnaşýarlar.

Bosgunlaryň işleri baradaky halkara guramasynyň synçysy bosgunyň statusyny bermek hakyndaky haýyşnama garalanda gatnaşmaga we anyk işler boýunça, şeýle hem bosgunlaryň hukuklaryny berjaý etmegiň meseleleri boýunça pikirini aýtmaga haklydyr.

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 12-nji iýuny

№ 231-1

Salgylanýar