Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 30.11.2018

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi hakynda

30.11.2018 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 16.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Giriş maglumatlary

«Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi hakynda» Türkmenistanyň kanuny 2018-nji ýylyň 1-nji dekabrynda kabul edilen

№ 98-VI «Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi hakynda» Türkmenistanyň kanuny esasynda rejelenen görnüşde beýan edilen.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 4, 51-nji madda)

(Türkmenistanyň 22.12.2012 ý. № 360-IV, 26.03.2016 ý. № 382-V, 28.01.2017 ý.

№ 494-V we 26.08.2017 ý. № 603-V Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

Şu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň işiniň hukuk esaslaryny we ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.

1-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi döwletiň howpsuzlygyny we goranmagyny, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny, edara görnüşli taraplaryň kanuny bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmek, kanunçylygy berkitmegiň we hukuk tertibini goramagyň ýörelgelerini kämilleşdirmek, halkara gatnaşyklarynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň sebitde parahatçylygy berkitmekdäki täsirini güýçlendirmek maksady bilen şu ugurlar boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna habarnamalary, teklipleri hem-de degişli meseleler boýunça çözgütleriň taslamalaryny berýär, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlygyna degişli, şu Kanunda görkezilen beýleki meselelere garaýar.

2-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň işiniň hukuk esaslary

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň işiniň hukuk esaslaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem-de kadalaryna esaslanýan şu Kanun hem-de döwlet howpsuzlygy hakyndaky meseleleri düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary düzýär.

3-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň esasy wezipeleri

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

1) Türkmenistanyň döwlet howpsuzlygyny we goranmagyny üpjün etmek, adam we raýat hukuklaryny hem-de azatlyklaryny, edara görnüşli taraplaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, kanunylygy we hukuk tertibini goramak babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny işläp düzmek;

2) Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny halkara gatnaşyklarynda durmuşa geçirmegiň baş ugruny kesgitlemek;

3) Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatyna degişli meseleler boýunça habarnamalary, teklipleri we çözgütleriň taslamalaryny taýýarlamak, bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň harby doktrinasyny işläp düzýär we ony durmuşa geçirmek barada çäreleri kesgitlemek;

4) döwlet howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň wajyp bähbitlerini kesgitlemek, olaryň howpsuzlygyna wehim salyp biljek içerki we daşarky howplaryň öňüni almak işiniň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak;

5) döwlet howpsuzlygyny üpjün etmegiň strategik esaslaryny işläp taýýarlamak;

6) adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmek, onuň möhletini uzaltmak ýa-da ýatyrmak barada Türkmenistanyň Prezidentine teklipleri taýýarlamak;

7) ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň hem-de döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň Türkmenistanyň döwlet howpsuzlygyny we goranmagyny, adamyň, raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny, kanunylygy hem-de hukuk tertibini goramagy üpjün etmek boýunça işini utgaşdyrmak;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki meseleleri çözmek.

4-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi öz üstüne ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen:

1) Türkmenistanyň döwlet howpsuzlygyny we goranmagyny, demokratiýany, adamyň we raýatyň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek babatda döwletiň harby, tehniki, ykdysady hem-de hukuk syýasatyny durmuşa geçirmek meselelerine seredýär;

2) ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň Türkmenistanyň Döwlet serhedini goramagyň, serhetde döwletiň bähbitlerini goramagyň toplumlaýyn maksatnamalaryny işläp düzmegiň hem-de ýerine ýetirmegiň, olary guramaçylyk, hukuk we ykdysady taýdan üpjün etmegiň meseleleri boýunça işini utgaşdyrýar;

3) harby gurluşy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini, beýleki goşunlaryny özgertmegiň maksatnamalaryny işläp düzýär, goşunlaryň görnüşlerini hem-de kysymlaryny döretmek we ösdürmek, olary ýaýbaňlandyrmak hem-de peýdalanmak boýunça teklipleri taýýarlaýar;

4) Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ykdysadyýet çygryndaky jenaýatlara, guramaçylykly jenaýatçylyga we terrorçylyga garşy göreş alyp barmak, neşeleriň we ýaraglaryň, ok-därileriň, partlaýjy maddalaryň ýa-da partladyjy enjamlaryň bikanun dolanyşygynyň hem-de kontrabandasynyň öňüni almak boýunça işini utgaşdyrýar;

5) ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň mobilizasiýa taýýarlygyny, ýerlerde raýat goranyşyny, raýatlary harby gulluga çagyrmagy, adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda desgalary we ilaty goramagy üpjün etmek boýunça işini utgaşdyrýar;

6) Türkmenistanyň Prezidentine adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmek, onuň möhletini uzaltmak ýa-da ony ýatyrmak hakyndaky teklipleri taýýarlaýar;

7) Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça halkara gatnaşyklarynda dostlukly döwletler bilen harby we harby-tehniki hyzmatdaşlyga ýolbaşçylyk edýär, ony durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny, maksatlaryny hem-de esasy usullaryny kesgitleýär, hyzmatdaşlygyň durnukly häsiýetini üpjün etmek wezipelerini çözmäge, tebigy apatlaryň we heläkçilikleriň zyýanly netijelerini ýok etmäge gönükdirilen maksatnamalaryna seredýär;

8) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini, serhet we içerki goşunlaryny guramagyň meseleleri, içeri işler, milli howpsuzlyk, adalat, prokuratura edaralarynyň, gümrük, migrasiýa, ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gulluklarynyň hem-de kazyýetleriň işlerini düzgünleşdirýän kanunçylyk namalary hakynda goranmak toplumynyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan berlen resminamalaryň taslamalaryna seredýär;

9) Türkmenistany we onuň serhedini goramak, milli howpsuzlygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek bilen bagly çykdajylary maliýeleşdirmek boýunça ministrlikleriň we pudak edaralarynyň tekliplerine seredýär.

5-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümi

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysydyr. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşini döredýär we oňa ýolbaşçylyk edýär.

2. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümi Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan tassyklanýar.

3. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň işi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna üpjün edilýär.

6-njy madda. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň müdiriýeti

1.Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň müdiriýeti onuň işini üpjün etmek hem-de kabul edýän çözgütlerini ýerine ýetirmek, şeýle-de olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek maksady bilen döredilýän edaradyr. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýän Sekretar ýolbaşçylyk edýär.

2. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň müdiriýetiniň düzümi Sekretardan, onuň kömekçisinden we üç geňeşçiden ybaratdyr.

7-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Sekretarynyň esasy wezipeleri

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Sekretarynyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

1) Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanyň döwlet howpsuzlygyny we goranmagyny üpjün etmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny, edara görnüşli taraplaryň kanuny bähbitlerini, kanunylygy hem-de hukuk tertibini goramak meseleleri boýunça teklipleri yzygiderli bermek;

2) Türkmenlstanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň kararlarynyň taslamalaryny taýýarlamagy üpjün etmek;

3) Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň kararlaryny tassyklamaga we olary durmuşa geçirmek boýunça kabul edilmäge degişli bolan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny hödürlemek;

4) Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň Türkmenistanyň milli howpsuzlygyny we goranmagyny, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda kanunylygy üpjün etmek hem-de hukuk tertibini goramak boýunça işiniň resminamalaryny seljermek arkaly barlaglary geçirmek;

5) Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň işini amala aşyrmak üçin zerur bolan maglumatlaryň, resminamalaryň hem-de habarlaryň berilmegini ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralaryndan, beýleki edaralardan, guramalardan hem-de wezipeli adamlardan talap etmek;

6) Döwlet howpsuzlygyny we goranmagyny üpjün etmek boýunça öz üstüne yüklenen wezipeleri ýerine ýetirmänligi üçin ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň ýolbaşçylaryny jogapkärçilige çekmek hakyndaky teklipleri Türkmenistanyň Prezidentine bermek;

7) Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň işi bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Prezidentiniň resminamalaryny we Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň kararlaryny ýerine ýetirmek üçin buýruklary hem-de görkezmeleri çykarmak.

8-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

1. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini onuň Başlygy çagyrýar we ol zerurlygyna görä yzygiderlilik esasynda geçirilýär.

2. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Başlygy seredilýän meseleleriň dogry çözgüdiniň tapylmagyndan ugur alyp, onuň mejlisinde şu Kanunyň 5-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilmedik döwlet wezipeli adamlary hem gatnaşdyryp biler.

3. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi agzalarynyň üçden iki böleginden az bolmadyk düzümde meselelere seredýär we oňa gatnaşýanlaryň azyndan üçden iki böleginiň ses bermeklerinde karar kabul edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2008-nji ýylyň 23-nji oktýabry

№ 219-III

Salgylanýar

Bu materiala salgylanmalar