Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda döredilen täze ilatly ýere şäherçe derejesini bermek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda döredilen täze ilatly ýere şäherçe derejesini bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda döredilen

täze ilatly ýere şäherçe derejesini bermek hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 135-madda)

Ahal welaýatynyň hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimlikleriniň towakganamalaryny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi

k a r a r e d ý ä r :

1. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda döredilen täze ilatly ýere şäherçe derejesini bermeli we oňa «Bereketli zaman» adyny dakmaly hem-de mundan beýläk «Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman şäherçesi» diýip atlandyrmaly.

2. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.

3. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti Ahal welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde degişli dolandyryş çäkleriň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 28-nji sentýabry.

№ 452-V.

Salgylanýar