Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Girdejiler üçin we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasynda Konwensiýany tassyklamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Girdejiler üçin we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasynda Konwensiýany tassyklamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Girdejiler üçin we maýa üçin salgytlar babatda

iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de

fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda

Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasynda Konwensiýany tassyklamak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 104-madda)

«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi

k a r a r e d ý ä r :

Girdejiler üçin we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasynda 2016-njy ýylyň 18-nji martynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Konwensiýany tassyklamaly.

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 18-nji iýuny.

№ 420-V.

Salgylanýar