Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Ýaragly çaknyşyklar mahalynda medeni gymmatlyklary goramak hakynda Konwensiýa hem-de oňa degişli 1954-nji we 1999-njy ýyllaryň Teswirnamalaryna goşulmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Ýaragly çaknyşyklar mahalynda medeni gymmatlyklary goramak hakynda Konwensiýa hem-de oňa degişli 1954-nji we 1999-njy ýyllaryň Teswirnamalaryna goşulmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Ýaragly çaknyşyklar mahalynda medeni gymmatlyklary

goramak hakynda Konwensiýa hem-de oňa degişli

1954-nji we 1999-njy ýyllaryň Teswirnamalaryna

goşulmak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 153-madda)

«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi

k a r a r e d ý ä r :

Ýaragly çaknyşyklar mahalynda medeni gymmatlyklary goramak hakynda 1954-nji ýylyň 14-nji maýynda Gaaga şäherinde gol çekilen Konwensiýa hem-de oňa degişli 1954-nji we 1999-njy ýyllaryň Teswirnamalaryna goşulmaly.

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 4-nji noýabry.

№ 642-V.

Salgylanýar