Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 4-nji orta mekdebine Soltanşa Atanyýazowyň adyny dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 4-nji orta mekdebine Soltanşa Atanyýazowyň adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň

4-nji orta mekdebine Soltanşa Atanyýazowyň

adyny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 49-madda)

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasatyň netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwatyny hem-de halkara abraýyny artdyrmaga, ylmyň we bilimiň pajarlap ösmegine saldamly goşant goşan şahsyýetleriň bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berlip hem-de uly sarpa goýlup, olaryň atlary ebedileşdirilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde türkmen dilini ösdürmekde we öwrenmekde, gadymy milletimiziň ruhy-medeni gymmatlyklaryny halkymyza ýetirmekde Türkmenistanyň ussat mugallymy, zehinli alym Soltanşa Atanyýazowyň bitiren hyzmatlary uludyr. Onuň ýiti zehininden dörän ençeme ylmy işlerde Türkmenistanyň ýer-ýurt atlarynyň (toponimikasynyň) geçmişdäki taryhy we şu güni giňden açylyp görkezilýär.

Öz Watanyna we halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen merhum Soltanşa Atanyýazowyň Garaşsyz döwletimizde türkmen diliniň ösmeginde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, şeýle hem Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Gultak geňeşliginiň Gultak obasynyň ýaşaýjylarynyň hem-de etrabyň 4-nji orta mekdebiniň bilim işgärleriniň, Lebap welaýatynyň häkimliginiň haýyşnamalaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Gultak geňeşliginiň Gultak obasynda ýerleşýän 4-nji orta mekdebe Türkmenistanyň ussat mugallymy, görnükli alym Soltanşa Atanyýazowyň adyny dakmaly we ony «Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Soltanşa Atanyýazow adyndaky 4-nji orta mekdebi» diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 20-nji marty.

№ 543-V.