Terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna hem-de jenaýatlaryň beýleki görnüşlerine garşy göreşmekde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga,
neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň
prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna hem-de
jenaýatlaryň beýleki görnüşlerine garşy göreşmekde
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň
Hökümetiniň arasynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 61-nji madda)
«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
Terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna hem-de jenaýatlaryň beýleki görnüşlerine garşy göreşmekde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda 2018-nji ýylyň 15-nji martynda Abu-Dabi şäherinde gol çekilen Ylalaşygy tassyklamaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa
Aşgabat şäheri.
2018-nji ýylyň 9-njy iýuny.
№ 59-VI.