Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy bilen Gyrgyzstan Sowet Sosialistik Respublikasynyň arasynda baglaşylan Şertnamany tassyklamak barada

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy bilen Gyrgyzstan Sowet Sosialistik Respublikasynyň arasynda baglaşylan Şertnamany tassyklamak barada

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ

K A R A R Y

Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy bilen Gyrgyzstan Sowet Sosialistik Respublikasynyň arasynda baglaşylan Şertnamany tassyklamak barada

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 13, 132-madda)

Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:

Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy bilen Gyrgyzstan Respublikasynyň arasynda baglaşylyp, 1991-nji ýylyň 16-njy iýulynda Aşgabat şäherinde gol çekilen we Türkmenistan SSR-niň Prezidenti tarapyndan tassyklatmak üçin berlen Şertnamany tassyklamaly.

Türkmenistan SSR

Ýokary Sowetiniň Başlygy S. Myradow

Aşgabat şäheri

1991-nji ýylyň 9-njy awgusty

№ 540- XII