Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Bagçylyk-bakjaçylyk we daça gurluşygy üçin ýer uçastoklaryny bermek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Bagçylyk-bakjaçylyk we daça gurluşygy üçin ýer uçastoklaryny bermek hakynda

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ

K A R A R Y

Bagçylyk-bakjaçylyk we daça gurluşygy üçin ýer uçastoklaryny bermek hakynda

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 13, 137-madda)

Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:

Türkmenistan SSR-niň Prezident Sowetiniň çlenlerine, Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çlenlerine, Türkmenistan SSR-niň ministrlerine hem-de döwlet komitetleriniň başlyklaryna Aşgabat şäheriniň töwereginde Köpetdagyň eteginde bagçylyk-bakjaçylyk we daça gurluşygy üçin 0,5 gektara çenli möçberde ýer uçastoklaryny bermegi halk deputatlarynyň Aşgabat şäher hem-de Aşgabat raýon Sowetlerine tabşyrmaly. Türkmenistan SSR-niň Prezidentiniň apparatynyň, Türkmenistan SSR Ýokary Soweteniň apparatynyň, Türkmenistan Kompartiýasynyň MK-nyň apparatynyň, Türkmenistan SSR-niň profsoýuzlarynyň Federasiýasy Sowetiniň apparatynyň işgärlerine ýokarda görkezilen ýerde we şol maksat üçin ýer hakyndaky kanunlarda bellenen möçberde ýer uçastoklaryny bermeli.

Türkmenistan SSR

Ýokary Sowetiniň Başlygy S. Myradow

Aşgabat şäheri

1991-nji ýylyň 9-njy awgusty

№ 545- XII