Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ekstradisiýa etmek hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň
arasynda ekstradisiýa etmek hakynda
Şertnamany tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 59-njy madda)
«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ekstradisiýa etmek hakynda 2018-nji ýylyň 15-nji martynda Abu-Dabi şäherinde gol çekilen Şertnamany tassyklamaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa
Aşgabat şäheri.
2018-nji ýylyň 9-njy iýuny.
№ 57-VI.