Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Mary oblastynda Baýramaly raýonyny döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Mary oblastynda Baýramaly raýonyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTAN ÝOKARY SOWETINIŇ

K A R A R Y

Türkmenistanyň Mary oblastynda Baýramaly raýonyny döretmek hakynda

(Türkmenistan Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 17, 193 mad.)

Türkmenistan Ýokary Soweti karar edýär:

1.Türkmenistanyň Mary oblastynda merkezi Baýramaly şäherinde bolan Baýramaly raýonyny döretmeli. Şäher tipli Rawnina, Üçažy posýoloklaryny, Azat, Bagt, Bahar, Görelde oba Sowetlerini (Täze poýelogy muňa girmeýär), Guşlyoba, Gadyrýap, Komsomol, Leninizm, Lenin adyndaky, Murgap, Türkmenistan, Ýalkym oba Sowetlerini Garagum raýonynyň sostawyndan, şeýle hem Miweçilik-balçylyk sowhozynyň posýologyny halk deputatlarynyň Baýramaly şäher Sowetiniň administratiw tabynlygyndan aýryp, olary Baýramaly raýonynyň sostawyna bermeli.

Görelde oba Sowetiniň Täze posýologyny Garagum raýonynyň Ýagtyýol oba Sowetiniň sostawyna, Ýagtyýol oba Sowetiniň Beýikköpri posýolygyny bolsa Görelde oba Sowetiniň sostawyna bermeli, şunda berilýän posýoloklaryň territoriýasynda saýlanan deputatlaryň ygtyýarlaryny halk deputatlarynyň täze oba Sowetlerinde saklap galdyrmaly.

2. Baýramaly raýonynda halk deputatlarynyň Garagum raýon Sowetiniň täze döredilen raýonyň territoriýasynda ýerleşen saýlaw okruglary boýunça saýlanan deputatlaryndan ybarat halk deputatlarynyň raýon Sowetini döretmeli.

3. Garagum raýonynyň administratiw merkezini Baýramaly şäherinden Garagum raýonynyň şäher tipli Ýagtyýol posýologyna geçirmeli.

4. Garagum raýony kiçeldilenden soň raýon Sowetiniň galan deputatlarynyň sanynyň ýeterlik däldigine görä 1992-nji ýylyň birinji kwartalynyň dowamynda Türkmenistanyň halk deputatlarynyň ýerli Sowetleriniň deputatlarynyň saýlawlary hakyndaky Kanunyň talaplaryna laýyklykda halk deputatlarynyň Garagum raýon Sowetine saýlawlary geçirmeli.

Türkmenistan Ýokary

Sowetiniň Başlygy S. Myradow

Aşgabat şäheri

1991-nji ýylyň 26-njy dekabry

№ 635- XII