Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Oba hojalyk ylymlar akademiýasyna Türkmenistanyň Prezidenti akademik S. A. Nyýazowyň adyny dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Oba hojalyk ylymlar akademiýasyna Türkmenistanyň Prezidenti akademik S. A. Nyýazowyň adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ

K A R A R Y

Türkmenistanyň Oba hojalyk ylymlar akademiýasyna Türkmenistanyň Prezidenti akademik S. A. Nyýazowyň adyny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 10-11, 99 mad.)

Türkmenistanyň Oba hojalyk ylymlar akademiýasyny döretmek, onuň berkarar bolmagynda we ösmeginde Türkmenistanyň Prezidenti akademik S. A. Nyýazowyň uly hyzmatlar bitirendigini, şeýle hem bu Akademiýanyň kollektiwiniň haýyşyny nazara alyp, Mejlisiň Prezidiumy karar edýär:

Türkmenistanyň Oba hojalyk ylymlar akademiýasyna Türkmenistanyň Prezidenti akademik S.A.Nyýazowyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Türkmenistanyň Prezidenti akademik S. A. Nyýazow adyndaky Türkmenistanyň Oba hojalyk ylymlar akademiýasy» diýip atlandyrmaly.

Mejlisiň Başlygy S. Myradow

Aşgabat şäheri

1992-nji ýylyň 16-njy noýabry

№ 775-XII