Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

W. I. Lenin adyndaky Garagum kanalynyň adyny üýtgetmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

W. I. Lenin adyndaky Garagum kanalynyň adyny üýtgetmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ

K A R A R Y

W. I. Lenin adyndaky Garagum kanalynyň adyny üýtgetmek hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 12, 128 mad.)

Türkmenistanyň Meliorasiýa we suw hojalyk ministrliginiň kärhanalarynyň hem-de guramalarynyň zähmetkeşler kollektiwlerinden gelýän köp sanly haýyşlaryny nazara alyp, Mejlisiň Prezidiumy karar edýär:

W. I. Lenin adyndaky Garagum kanalynyň adyny üýtgedip, oňa Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazow adyndaky Garagum kanaly» diýip atlandyrmaly.

Mejlisiň Başlygy S. Myradow

Aşgabat şäheri

1992-nji ýylyň 30-njy dekabry

№ 790-XII