Gäwers raýonyny döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY SOWETINIŇ
K A R A R Y
Gäwers raýonyny döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý., №7-8, 67 mad.)
Türkmenistan Ýokary Soweti karar edýär:
1. Merkezi şäher tipli Änew posýologynda bolan Gäwers raýonyny döretmeli. Şäher tipli Änew, Ýaşlyk posýoloklaryny we Arzuw, 9 Aşgabat komissarlary adyndaky, Bagabat, Gämi, Gäwers, Garadamak, Köpetdag oba Sowetlerini Aşgabat raýonynyň sostawyndan aýryp, Gäwers raýonynyň sostawyna goşmaly.
2. Aşgabat raýonynyň administratiw merkezini şäher tipli Änew posýologyndan şäher tipli Öwezberdi Kulyýew adyndaky posýologa geçirmeli.
3. Gäwers raýonynda şu raýonyň territoriýasynda ýerleşen saýlaw okruglary boýunça saýlanan Aşgabat raýonynyň deputatlaryndan ybarat halk deputatlarynyň raýon Sowetini döretmeli.
4. Halk deputatlarynyň Gäwers raýon Sowetiniň iň pes bellenen normadan az sanda işlemegine ygtyýar bermeli.
Türkmenistan Ýokary
Sowetiniň Başlygy S. Myradow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 19-njy fewraly
№ 667-XII