Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Duşagyň tikinçilik-trikotaž fabrigine Gurbansoltan Atamyradowanyň adyny dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Duşagyň tikinçilik-trikotaž fabrigine Gurbansoltan Atamyradowanyň adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ

K A R A R Y

Duşagyň tikinçilik-trikotaž fabrigine Gurbansoltan Atamyradowanyň adyny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 2, 6 mad.)

Duşagyň tikinçilik-trikotaž fabriginiň zähmet kollektiwiniň ýüzlenmesini, şeýle hem Kaka etrabynyň häkimliginiň haýyşyny nazara alyp, Mejlisiň Prezidiumy karar edýär:

Duşagyň tikinçilik-trikotaž fabrigine Gurbansoltan Atamyradowanyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony: «Duşagyň Gurbansoltan Atamyradowa adyndaky tikinçilik-trikotaž fabrigi» diýip atlandyrmaly.

Mejlisiň Başlygy S. MYRADOW

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 4-nji fewraly

№ 800 - XII