Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde Owganistanda we harby hereketler alnyp barlan beýleki döwletlerde wepat bolan harby gullukçylaryň maşgala agzalaryna döwlet sosial kömegi hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde Owganistanda we harby hereketler alnyp barlan beýleki döwletlerde wepat bolan harby gullukçylaryň maşgala agzalaryna döwlet sosial kömegi hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

K A R A R Y

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde

Owganistanda we harby hereketler alnyp barlan beýleki döwletlerde wepat bolan harby gullukçylaryň maşgala agzalaryna döwlet sosial kömegi hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994 ý., № 3, 35 mad.)

Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde Owganystanda we harby hereketler alnyp barlan beýleki döwletlerde wepat bolan harby gullukçylaryň maşgala agzalaryna döwlet sosial kömegi hakynda 1993-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Moskwa şäherinde gol çekilen Ylalaşygy tassyklamaly.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy S. MYRADOW

Aşgabat şäheri

1994-nji ýylyň 23-nji sentýabry

№ 979 - XII