Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Krasnowodsk aýlagynyň adyny üýtgetmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Krasnowodsk aýlagynyň adyny üýtgetmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ

K A R A R Y

Krasnowodsk aýlagynyň adyny üýtgetmek hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1997 ý., № 2, 30-madda)

Kaspwod bionadzor kollektiwiniň ýüzlenmesini, Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we töwerekdäki sredany goramak ministrliginiň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň we etrabynyň häkimlikleriniň towakgalaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisiniň Prezidiumy karar edýär:

Krasnowodsk aýlagynyň adyny üýtgedip, oňa Türkmenistanyň birinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmaly we mundan beýläk «Türkmenbaşy aýlagy» diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy S. MYRADOW

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 11-nji iýuny

№ 220-1