Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Aşgabat şäheriniň günbatar tarapynda täze gurlan Ak Derwezä Beýik Türkmenbaşynyň adyny dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Aşgabat şäheriniň günbatar tarapynda täze gurlan Ak Derwezä Beýik Türkmenbaşynyň adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ

K A R A R Y

Aşgabat şäheriniň günbatar tarapynda täze gurlan Ak Derwezä Beýik Türkmenbaşynyň adyny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý., № 3-4, 52-madda)

Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň şahsy düzüminiň we Aşgabat şäheriniň zähmetkeşleriniň towakganamalaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Prezidiumy karar edýär:

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň günbatarynda täze gurlan Ak Derwezä Beýik Türkmenbaşynyň adyny dakmaly we ony «Beýik Türkmenbaşynyň Ak Derwezesi» diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy R. Arazow

Aşgabat şäheri

2001-nji ýylyň 27-nji oktýabry

№ 25-II