Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

2003-nji ýyly Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň käbesi Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň ýyly diýip yglan etmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

2003-nji ýyly Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň käbesi Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň ýyly diýip yglan etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ

K A R A R Y

Türkmen halysynyň Muzeýine Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2002 ý., № 2, 32 mad.)

Türkmeniň Milli haly baýramyna we Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan düýbi tutulan Türkmen halysynaslarynyň butin dünýä jemgyýetiniň ikinji mejlisine gatnaşan halyşynaslaryň ýüzlenmesini we Türkmenistanyň ähli halyçylarynyň haýyşnamasyny nazarda tutup, Türkmenistanyň Mejlisiniň Prezidiumy karar edýär:

Türkrnen halysynyň Muzeýine Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky Türkmen halysynyň Muzeýi» diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy T.Hallyýew

Aşgabat şäheri

2002 ýylyň 5-nji iýuly

№32-II