Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Genetik baýlyklaryň elýeterliligini kadalaşdyrmak hem-de olary ulanmakdan gelip çykýan peýdany adalatly we deň derejede paýlaşmak hakyndaky Nagoýa Teswirnamasyna goşulmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Genetik baýlyklaryň elýeterliligini kadalaşdyrmak hem-de olary ulanmakdan gelip çykýan peýdany adalatly we deň derejede paýlaşmak hakyndaky Nagoýa Teswirnamasyna goşulmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň

Genetik baýlyklaryň elýeterliligini kadalaşdyrmak

hem-de olary ulanmakdan gelip çykýan peýdany

adalatly we deň derejede paýlaşmak hakyndaky

Nagoýa Teswirnamasyna goşulmak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 90-njy madda)

«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :

2010-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Nagoýa şäherinde kabul edilen Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Genetik baýlyklaryň elýeterliligini kadalaşdyrmak hem-de olary ulanmakdan gelip çykýan peýdany adalatly we deň derejede paýlaşmak hakyndaky Nagoýa Teswirnamasyna goşulmaly.

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa

Aşgabat şäheri.

2020-nji ýylyň 24-nji oktýabry.

№ 315-VI.

Salgylanýar