Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezine we dynç alyş öýüne Muhammetmyrat Nyýazowyň adyny dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezine we dynç alyş öýüne Muhammetmyrat Nyýazowyň adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

K A R A R Y

I-9-a

XXIII-1-г

Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezine we dynç alyş öýüne Muhammetmyrat Nyýazowyň adyny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2006 ý., № 4, 21-nji madda)

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ösüp gelýän ýaş nesliň terbiýesine we hemme taraplaýyn ösüp kämilleşmegine uly üns berýär.

Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň çagalary durmuşa talaba laýyk taýýarlamak, olaryň ruhubelent hem-de sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri barasynda edýän atalyk aladalaryndan ugur alyp, mähriban Serdarymyzyň dogany Muhammetmyrat Nyýazowyň adyny ebedileşdirmek, şeýle hem bank işgärleriniň arzuw-isleglerini nazarda tutup hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýüztutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Gökderede gurlan çagalar sagaldyş merkezine we dynç alyş öýüne Muhammetmyrat Nyýazowyň adyny dakmaly we ony "Gökderedäki Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş merkezi we dynç alyş öýi" diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew

Aşgabat şäheri

2006-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 23-i

№ 65-III