Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Birleşen Milletler Guramasynyň artykmaçlyklary we goraglylyklary hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň artykmaçlyklary we goraglylyklary hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

K A R A R Y

Birleşen Milletler Guramasynyň artykmaçlyklary we goraglylyklary hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., №4, 73-madda)

Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Birleşen Milletler Guramasynyň ýuridiki şahs hökmünde artykmaçlyklaryny we goraglylyklaryny düzgünleşdiryän meseleler boýunça Milletler Guramasynyň artykmaçlyklary we goraglylyklary hakynda 1946-njy ýylyň Baýdak (fewral) aýynyň 13-ünde Baş Assambleýa tarapyndan 22-nji A rezolýusiýasy bilen kabul edilen Konwensiýa goşulmaly.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A. Nurberdiýewa

Aşgabat şäheri

2007-nji ýylyň Sanjar (noýabr) aýynyň 14-i

№149-III