Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Aşgabat şäherinde gurulýan orta mekdebe «Ruhnama» adyny dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Aşgabat şäherinde gurulýan orta mekdebe «Ruhnama» adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

K A R A R Y

Aşgabat şäherinde gurulýan orta mekdebe «Ruhnama» adyny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., №3, 62-nji madda)

Türlmıenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnama kitaby biziň milletimiziň ruhy - ahlak galkynyşynyň egsilmez çeşmesi hökmünde halkyň aňyna ornaşyp, bagtyýar türkmenistanlylaryň her biriniň şamçyragyna öwrüldi.

Türkmeniň Altyn asyry bolan XXI asyrda türkmen halkynyň ruhy we medeni galkynyşyny üpjün eden, milletiň baş ýörelgesine, täze asyryň pelsepesine öwrülen mukaddes Ruhnama kitabynyň arassa ahlakly, bilimli, Watanyna, halkyna wepaly, mert türkmen ýaşlaryny terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýetini göz öňünde tutup hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň ýüztutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Aşgabat şäherinde gurulýan orta mekdebe «Ruhnama» adyny dakmaly we ony «Ruhnama adyndaky orta mekdep» diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A. Nurberdiýewa

Aşgabat şäheri

2007-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 15-i

№138-III