Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Aşgabat şäherinde gurulýan myhmanhana «Oguzkent» adyny dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Aşgabat şäherinde gurulýan myhmanhana «Oguzkent» adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

K A R A R Y

Aşgabat şäherinde gurulýan myhmanhana «Oguzkent» adyny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 3, 37-nji madda)

Beýik Galkynyşlar eýýamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda uly tutumly işler amala aşyrylýar, geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ähli ugurlarda üstünlikler gazanylýar. Halkymyzyň galkynyp, ajaýyp üstünlikler gazanýan ruhy, medeni, syýasy taýdan ösýän häzirki döwründe Watanymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran, halkymyzyň söýgüsini gazanyp, atlary rowaýata öwrülen beýik şahsyýetlerimizi hatyralamak, XXI asyryň beýik desgalaryna olaryň atlaryny dakmak bilen taryhy şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmek barada düýpli işler alnyp barylýar. Şu ýörelgeden ugur alyp hem-de Törkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň towakganamasyny nazarda tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş Müdirliginiň buýurmasy boýunça gurulýan bäş ýyldyzly myhmanhana «Oguzkent» adyny dakmalay we ony «Aşgabat şäheriniň «Oguzkent» myhmanhanasy» diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa

Aşgabat şäheri

2008-nji ýylyň 10-njy iýuly

№ 205-III