Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Ýadro terrorçylygy hereketlerine garşy göreşmek hakyndaky halkara konwensiýasyna goşulmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Ýadro terrorçylygy hereketlerine garşy göreşmek hakyndaky halkara konwensiýasyna goşulmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

K A R A R Y

XXX-10

XXXII-8

Ýadro terrorçylygy hereketlerine garşy göreşmek hakyndaky halkara konwensiýasyna goşulmak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 8-nji madda)

"Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşmagynyň, ýerine ýetirmeginiň we denonsasiýalamagynyň tertibi hakynda" Türkmenistanyň kanunyňyň 14-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

2005-nji ýylyň Gurbansoltan (aprel) aýynyň 13-inde Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasy bilen kabul edilen Ýadro terrorçylygy hereketlerine garşy göreşmek hakyndaky halkara konwensiýasyna goşulmaly.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A. Nurberdiýewa

Aşgabat şäheri

2008-nji ýylyň Baýdak (fewral) aýynyň 1-i

№ 173-III

Salgylanýar