Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň käbir meseleleri hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň käbir meseleleri hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

K A R A R Y

Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň käbir meseleleri hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 3, 60-njy madda)

Durmuş-ykdysady özgertmeler we dolandyryş-çäk bölünişigindäki üýtgetmeler bilen baglanyşykly, şeýle hem degişli obalaryň zähmetkeşleriniň isleglerini we ýüztutmalaryny hem-de etraplaryň we welaýatlaryň häkimlikleriniň teklipnamalaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

1.Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze geňeşlik döretmeli we mundan beýläk ony Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Azatlyk geňeşligi diýip atlandyrmaly hem-de Gyzylhojanazar obasyny Ýaşlyk geňeşliginiň düzüminden aýryp Azatlyk geňeşliginiň düzümine goşmaly we bu obany Azatlyk geňeşliginiň edara ediş merkezi edip bellemeli.

2. Şu geňeşlikleriň we şäherçäniň adyny üýtgetmeli:

Ahal welaýatynda:

Ruhabat etrabynyň Abadan geňeşliginiň adyny üýtgedip, mundan beýläk ony Garadaşaýak geňeşligi diýip atlandyrmaly.

Lebap welaýatynda:

Galkynyş etrabynyň Dostluk şäherçesiniň adyny üýtgedip, mundan beýläk ony Bahar şäherçesi diýip atlandyrmaly;

Birata etrabynyň Sadywar geňeşliginiň adyny üýtgedip, mundan beýläk ony Sediwer geňeşligi diýip atlandyrmaly;

Garabekewül etrabynyň Lamba geňeşliginiň adyny üýtgedip, mundan beýläk ony Lamma geňeşligi diýip atlandyrmaly;

Saýat etrabynyň Esli geňeşliginiň adyny üýtgedip, mundan beýläk ony Esgi geňeşligi diýip atlandyrmaly.

Mary welaýatynda:

Serhedabat etrabynyň Çemenebit geňeşliginiň adyny üýtgedip, mundan beýläk ony Çemenabat geňeşligi diýip atlandyrmaly;

Ýolöten etrabynyň Zindigani geňeşliginiň adyny üýtgedip, mundan beýläk ony Täzedurmuş geňeşligi diýip atlandyrmaly.

3. Täze dörän şu ilatly ýerlere oba derejesini bermeli we olary degişlilikde aşakdaky ýaly atlandyrmaly:

Ahal welaýatynda:

Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermeli we olary degişlilikde Täzedurmuş geňeşliginiň Garanur, Söwütli obalary diýip atlandyrmaly;

Altyn asyr etrabynyň çäginde täze dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermeli we olary Altyn asyr şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna berip, degişlilikde Altyn asyr şäherçesiniň Ak altyn, Bugdaýly, Maldarçylyk obalary diýip atlandyrmaly;

Gökdepe etrabynyň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Ahal geňeşliginiň War obasy diýip atlandyrmaly;

Gökdepe etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony S.A.Nyýazow adyndaky geňeşligiň Galkynyş obasy diýip atlandyrmaly;

Kaka etrabynyň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Duşak şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna berip, Duşak şäherçesiniň Birleşik obasy diýip atlandyrmaly;

Kaka etrabynyň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Arapgala geňeşliginiň Köpguýy obasy diýip atlandyrmaly;

Kaka etrabynyň çäginde täze dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermeli we olary degişlilikde Harçiňňan geňeşliginiň Hümmetli, Kyrkguýy obalary diýip atlandyrmaly;

Kaka etrabynyň Kürengala geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Kürengala geňeşliginiň Soltandeşt obasy diýip atlandyrmaly;

Kaka etrabynyň çäginde täze dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermeli we olary degişlilikde Mehinli geňeşliginiň Bükriölen, Haşşan, Hojameňli obalary diýip atlandyrmaly;

Ruhabat etrabynyň Bokurdak şäherçesiniň çäginde täze dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermeli we olary degişlilikde Bokurdak şäherçesiniň Bussy, Garaajy, Syplaňgyzyltakyr obalary diýip atlandyrmaly;

Ruhabat etrabynyň Derweze şäherçesiniň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Derweze şäherçesiniň Sözenli obasy diýip atlandyrmaly;

Ruhabat etrabynyň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Ruhabat şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna berip, Ruhabat şäherçesiniň Garagum obasy diýip atlandyrmaly;

Ruhabat etrabynyň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Babaarap geňeşliginiň dolandyryş tabynlygyna berip, Babaarap geňeşliginiň Ýandakly obasy diýip atlandyrmaly;

Ruhabat etrabynyň Bagyr geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermeli we olary degişlilikde Bagyr geňeşliginiň Garaberdi, Goşalar, Myllygyzyltakyr, Oraz, Tejribe meýdany obalary diýip atlandyrmaly;

Ruhabat etrabynyň Herrikgala geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermeli we olary degişlilikde Herrikgala geňeşliginiň Birleşik, Gülzada obalary diýip atlandyrmaly;

Ruhabat etrabynyň Köşi geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermeli we olary degişlilikde Köşi geňeşliginiň Garadamak, Ylmy tejribe bazasy obalary diýip atlandyrmaly;

Ruhabat etrabynyň Sähra geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Sähra geňeşliginiň Derýa obasy diýip atlandyrmaly.

Balkan welaýatynda:

Bereket etrabynyň Ýasga geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Ýasga geňeşliginiň Balkan obasy diýip atlandyrmaly;

Bereket etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony S.A.Nyýazow adyndaky geňeşligiň Magtymguly obasy diýip atlandyrmaly;

Serdar etrabynyň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Goç geňeşliginiň Parahat obasy diýip atlandyrmaly;

Serdar etrabynyň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Hojagala geňeşliginiň Şatlyk obasy diýip atlandyrmaly;

Serdar etrabynyň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony S.A.Nyýazow adyndaky geňeşligiň Hasar obasy diýip atlandyrmaly;

Türkmenbaşy etrabynyň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Guwlymaýak şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna berip, Guwlymaýak şäherçesiniň Gyýanly obasy diýip atlandyrmaly.

Daşoguz welaýatynda:

Gubadag etrabynyň Türkmenistan geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Türkmenistan geňeşliginiň Derýalyk obasy diýip atlandyrmaly;

S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Döwletli geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Döwletli geňeşliginiň Serhedabat obasy diýip atlandyrmaly;

S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň S.Rozmetow adyndaky geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermeli we olary degişlilikde S.Rozmetow adyndaky geňeşligiň Ak altyn, Altynköl, Döwletli, Bereket, Watan, Ýaşlyk obalary diýip atlandyrmaly;

S.Türkmenbaşy adyndaky etrabyň Goşahowly geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermeli we olary degişlilikde Goşahowly geňeşliginiň Babadaýhan, Bereket, Galkynyş obalary diýip atlandyrmaly.

Lebap welaýatynda:

Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabyň Daşrabat geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Daşrabat geňeşliginiň Güneşli obasy diýip atlandyrmaly;

Serdarabat etrabynyň Hojaili geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Hojaili geňeşliginiň Ýeňiş obasy diýip atlandyrmaly.

Mary welaýatynda:

Baýramaly etrabynyň Gadyrýap geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermeli we olary degişlilikde Gadyrýap geňeşliginiň Galkynyş, Erikli, Çepekýap obalary diýip atlandyrmaly;

Murgap etrabynyň Mülkýazy geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Mülkýazy geňeşliginiň Gülperi obasy diýip atlandyrmaly;

Murgap etrabynyň Şordepe geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Şordepe geňeşliginiň Ýagtylyk obasy diýip atlandyrmaly;

Wekilbazar etrabynda täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Mollanepes şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna berip, Mollanepes şäherçesiniň Üçdepe obasy diýip atlandyrmaly;

Wekilbazar etrabynyň J.Atajanow adyndaky geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony J.Atajanow adyndaky geňeşligiň Çebişgen obasy diýip atlandyrmaly;

Wekilbazar etrabynyň Zähmet geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Zähmet geňeşliginiň Bent obasy diýip atlandyrmaly;

Ýolöten etrabynyň Baýraç geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Baýraç geňeşliginiň Galkynyş obasy diýip atlandyrmaly;

Ýolöten etrabynyň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Dostluk geňeşliginiň Täzeýer obasy diýip atlandyrmaly;

Ýolöten etrabynyň Ýokary Suhty geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we ony Ýokary Suhty geňeşliginiň Gojaly obasy diýip atlandyrmaly.

4. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky geňeşliginiň Açkäriz we Oktýabr obalaryny birleşdirmeli we mundan beýläk S.A.Nyýazow adyndaky geňeşligiň Ajykäriz obasy diýip atlandyrmaly.

5. Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Bereket geňeşliginiň Tokaýýap we Badalar obalaryny birleşdirmeli we mundan beýläk Bereket geňeşliginiň Badalar obasy diýip atlandyrmaly.

6. Daşoguz welaýatynda:

S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Garaköli geňeşliginiň edara ediş merkezini Atabent obasyndan Yslam obasyna geçirmeli;

S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezini Boý obasyndan Dostluk obasyna geçirmeli;

Ruhubelent etrabynyň Aşyk Aýdyň geňeşliginiň edara ediş merkezini Diýarbekir obasyndan Aşyk Aýdyň obasyna geçirmeli.

7. Balkan welaýatynda:

Esenguly etrabynyň Ajyýap geňeşliginiň Çukurguýy, Orunçäge obalaryny bu geňeşligiň düzüminden aýryp, şu etrabyň Bugdaýly geňeşliginiň düzümine goşmaly;

Esenguly etrabynyň Çaloýuk geňeşliginiň Alaňňyrtly, Şahman, Yňdarlan obalaryny bu geňeşligiň düzüminden aýryp, şu etrabyň Bugdaýly geňeşliginiň düzümine goşmaly;

Esenguly etrabynyň Garadegiş geňeşliginiň Balguýy obasyny bu geňeşligiň düzüminden aýryp, şu etrabyň Bugdaýly geňeşliginiň düzümine goşmaly.

Lebap welaýatynda:

Döwletli etrabynyň Hojahaýran geňeşliginiň Bataş obasyny bu geňeşligiň düzüminden aýryp, ony şol etrabyň Ýylangyz geňeşliginiň düzümine goşmaly hem-de Bataş obasyny Ýylangyz geňeşliginiň edara ediş merkezi edip bellemeli;

Döwletli etrabynyň Ýylangyz geňeşliginiň Lebap, Garaýatak obalaryny bu geňeşligiň düzüminden aýryp, olary Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabyň Türkmenistan geňeşliginiň düzümine goşmaly.

8. Türkmenistanyň käbir obalarynyň atlaryny goşulýan goşunda laýyklykda üýtgetmeli.

9. Türkmenistanyň käbir obalaryny goşulýan goşunda laýyklykda obalaryň sanawyndan aýyrmaly.

10. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 5-nji maýyndaky № 1327 karary bilen tassyklanan sanawlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli.

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa

Aşgabat şäheri

2009-njy ýylyň 15-nji awgusty

№ 59-IV.

Türkmenistanyň Mejlisiniň

2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda

kabul eden № 59-IV kararyna

GOŞUNDY

Türkmenistanda ady üýtgedilen obalaryň

SANAWY

__TM_PORTAL_OFFICIAL_TABLE_0000__

Türkmenistanyň Mejlisiniň

2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda

kabul eden № 59-IV kararyna

GOŞUNDY

Türkmenistanda sanawdan aýrylan obalaryň

SANAWY

__TM_PORTAL_OFFICIAL_TABLE_0001__

Salgylanýar