Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň käbir meseleleri hakynda
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň
käbir meseleleri hakynda
Dolandyryş-çäk bölünişigindäki üýtgetmeler bilen baglanyşykly, şeýle hem degişli şäherçeleriň, obalaryň ýaşaýjylarynyň isleglerini we ýüztutmalaryny hem-de etraplaryň we welaýatlaryň häkimlikleriniň towakganamalaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r edýär:
1. Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň edara ediş merkezi Guşçylar geňeşliginiň Guşçular obasyna geçirmeli.
2. Lebap welaýatynyň döwletli etrabynyň Jeýhun şäherçesiniň adyny üýtgedip, mundan beýläk ony Döwletli şäherçesi diýip atlandyrmaly.
3. Türkmenistanyň käbir geňeşlikleriniň atlaryny 1-nji goşunda laýyklykda üýtgetmeli.
4. Täze dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermeli we olary degişlilikde aşakdaky ýaly atlandyrmaly:
Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda:
Tünüderýa geňeşliginiň Galkynyş, Taýgyr obalary, Şagadam geňeşliginiň Altyn sähra, Bereketli, Duzgyr, Täzeoba obalary.
Lebap welaýatynda:
Döwletli etrabynyň Berkararlyk geňeşliginiň Ak altyn, Garaşsyzlyk, Magtymguly, Ýalkym obalary, Ýylangyz geňeşliginiň Aşgabat obasy;
Garaşsyzlyk etrabynyň Ödeý geňeşliginiň Garagum obasy.
Mary welaýatynda:
Oguzhan etrabynyň Deňizhan şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna berlen Sähra obasy, Aýhan geňeşliginiň Ýeňiş obasy, Dostluk geňeşliginiň Agzybirlik obasy, Gökhan geňeşliginiň Watan obasy, Günhan geňeşliginiň Galkynyş obasy, Ýyldyzhan geňeşliginiň Däneçilik obasy;
Tagtabazar etrabynyň Üzümçilik geňeşliginiň Üzümli obasy.
5. Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda:
Altyn ýol geňeşligini Berkararlyk geňeşligine, Jeýhun geňeşligini Tallymerjen geňeşligine, Türkmenistan geňeşligini Watan geňeşlgine, Ýaşlyk geňeşligini Ýylangyz geňeşligine birleşdirmeli.
Berkararlyk, Tallymerjen, Watan, Ýylangyz geňeşlikleriniň Geňeş agzalarynyň ygtyýarlyklaryny saklamaly.
6. Şu obalara şäherçe derejesini bermeli we adyny üýtgetmeli:
Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň Täzebaşsaka obasyna we mundan beýläk Başsaka şäherçesi diýip atlandyrmaly;
Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň Dänew demir ýol stansiýasyny obasyna we mundan beýläk Bahar şäherçesi diýip atlandyrmaly;
Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Täzezähmet obasyna we mundan beýläk Zähmet şäherçesi diýip atlandyrmaly.
7. Türkmenistanyň käbir obalarynyň adyny 2-nji goşunda laýyklykda üýtgetmeli.
8. Daşoguz welaýatynda:
Gubadag etrabynyň Gökýaýla geňeşliginiň Garaşsyzlyk obasyny, Akýaýla geňeşliginiň Agzybirlik obasyny, Gubadag geňeşliginiň Bugdaýly obasyny bu geňeşlikleriň düzüminden aýryp, şu welaýatyň Ruhubelent etrabynyň Oguzboýy geňeşliginiň düzümine goşmaly;
Ruhubelent etrabynyň Tünüderýa geňeşliginiň Gäwersgyr obasyny bu geňeşligiň düzüminden aýryp, şu etrabyň Şasenem geňeşliginiň düzümine goşmaly.
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Peşanaly geňeşliginiň Peşanaly we Ýazygaragoňur obalaryny birleşdirip, mundan beýläk Peşanaly geňeşliginiň Peşanaly obasy diýip atlandyrmaly.
10. Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Köşi geňeşliginiň edara ediş merkezini Ýalkym obasyna, Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň Talhanbazar geňeşliginiň edara ediş merkezini Talhanbazar obasyna, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Gatakar geňeşliginiň edara ediş merkezini Aryk obasyna geçirmeli.
11. Şu obalary obalaryň sanawyndan aýyrmaly:
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Täzedurmuş geňeşliginiň Tejribe okuw hojalygy obasyny;
Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Garadaşaýak geňeşliginiň Gäwers obasyny, Köşi geňeşliginiň Köşi obasyny;
Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr geňeşliginiň Garahan obasyny, Madaw geňeşliginiň Gyzylaý obasyny;
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesiniň Garşy obasyny;
Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň Galkynyş şäherçesiniň Jeýhun obasyny;
Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň Nyýazow şäherçesiniň Bitaraplyk, Watan obalaryny;
Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň Hojagala şäherçesiniň N.Açylow adyndaky obasyny;
Mary welaýatynyň Altyn sähra etrabynyň Parahat şäherçesiniň S.Türkmenbaşy adyndaky demir ýol stansiýasy obasyny;
Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Deňizhan şäherçesiniň Gazagoba obasyny;
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Peşanaly geňeşliginiň Ýazygaragoňur obasyny;
12. Türkmenistanyň demir ýoluň ýakasynda ýerleşýän obalarynyň atlaryny 3-nji goşunda laýyklykda üýtgetmeli.
13. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugy degişli welaýatlaryň häkimlikleriniň ýüztutmasy boýunça birleşdirilen geňeşlikleriň we obalaryň ýerleriniň, oba derejesi berlen ilatly ýerleriň çäklerini ýerinde bellemek we teswirlemek işlerini ýerine ýetirmeli.
14. Türkmenistanyň şäherçeleriniň, geňeşlikleriniň we obalarynyň sanawlaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri
2010-njy ýylyň 10-njy maýy
№ 111-IV
Türkmenistanyň Mejlisiniň
2010-njy ýylyň 10-njy maýynda
kabul eden № 111-IV kararyna
1-nji GOŞUNDY
Türkmenistanyň ady üýtgedilen geňeşlikleriniň
SANAWY
__TM_PORTAL_OFFICIAL_TABLE_0000__
Türkmenistanyň Mejlisiniň
2010-njy ýylyň 10-njy maýynda
kabul eden № 111-IV kararyna
2-nji GOŞUNDY
Türkmenistanyň ady üýtgedilen obalarynyň
SANAWY
__TM_PORTAL_OFFICIAL_TABLE_0001__
Türkmenistanyň Mejlisiniň
2010-njy ýylyň 10-njy maýynda
kabul edilen 111-IV kararyna
3-nji goşundy
Türkmenistanyň demir ýoluň ýakasynda ýerleşýän we ady üýtgedilen obalarynyň
SANAWY
__TM_PORTAL_OFFICIAL_TABLE_0002__