Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Uzen (Gazagystan)–Gyzylgaýa–Bereket– Etrek (Türkmenistan)–Gorgan (Eýran) halkara Demir ýolunyňTürkmenistanyň çäklerindäki böleginde gurlan stansiýalara we myhmanhana at dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Uzen (Gazagystan)–Gyzylgaýa–Bereket– Etrek (Türkmenistan)–Gorgan (Eýran) halkara Demir ýolunyňTürkmenistanyň çäklerindäki böleginde gurlan stansiýalara we myhmanhana at dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇMEJLISINIŇ KARARY

Uzen (Gazagystan)–Gyzylgaýa–Bereket–

Etrek (Türkmenistan)–Gorgan (Eýran) halkara

Demir ýolunyňTürkmenistanyň çäklerindäki böleginde

gurlan stansiýalara we myhmanhana at dakmak hakynda

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň Watanymyz, halkymyz üçin edýän ýadawsyz aladalarynyň netijesinde türkmen jemgyýeti durnukly ösýär, düýpli özgertmeler parasatlylyk bilen durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady pudagy bilen bir hatarda ulag ulgamy hem ösüşi boýunça täze derejelere ýetýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gurlan Tejen–Sarahs–Maşat, Türkmenabat–Atamyrat, Aşgabat–Garagum–Daşoguz demir ýollary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda, goňşy döwletler bilen gatnaşyklary ösdürmekde, demir ýol stansiýalarynda gurlan myhmanhanalar hem ýolagçylara ýokary derejede hyzmat etmekde uly mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen gurulýan halkara demir ýoly milli ykdysadyýetimizi has-da ýokarlandyrmakda, dünýä döwletleri we olaryň halklary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde, ýurdumyzyň gymmatly tebigy baýlyklaryny halkymyzyň eşretli ýaşamagy üçin özleşdirmekde, täze demir ýoluň ugrunda döwrebap şäherleri we şäherçeleri döretmekde, halkymyzy täze iş orunlary bilen üpjün etmekde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Uzen (Gazagystan)–Gyzylgaýa–Bereket–Etrek (Türkmenistan)–Gorgan (Eýran) halkara demir ýolunyň Türkmenistanyň çäklerindäki böleginde gurlan stansiýalara we myhmanhana at dakmak hakynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Balkan welaýatynyň häkimliginiň towakganamalaryny hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, "Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň hem-de döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna we beýleki obýektlere at dakmagyň, adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :

1. Uzen(Gazagystan)–Gyzylgaýa–Bereket–Etrek (Türkmenistan)– Gorgan (Eýran) halkara demir ýolunyň Türkmenistanyň çäklerindäki böleginde gurlan stansiýalara 1-nji we 2-nji goşundylara laýyklykda atlary dakmaly.

2. Serhetýaka stansiýasynda gurlan myhmanhana "Dostluk" adyny dakmaly.

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa

Aşgabat şäheri.

2012-nji ýylyň 20-nji oktýabry.

№ 347-IV.

Türkmenistanyň Mejlisiniň

2012-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda

kabul eden № 347-IV kararyna

1-nji Goşundy

Bereket–Serhetýaka bölegi

__TM_PORTAL_OFFICIAL_TABLE_0000__

Türkmenistanyň Mejlisiniň

2012-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda

kabul eden № 347-IV kararyna

2-nji Goşundy

Bereket–Etrek bölegi

__TM_PORTAL_OFFICIAL_TABLE_0001__