Girdejiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Litwa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Girdejiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek
salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de
fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak barada
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Litwa Respublikasynyň
Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 60-madda)
“Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
Girdejiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Litwa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2013-nji ýylyň 18-nji iýunynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Ylalaşygy tassyklamaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2013-nji ýylyň 29-njy awgusty.
№ 430-IV.