Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 11.08.2026

Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-11

Обновлено на портале · 12.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

1-nji madda

Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler boýunça 103571,6 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 104871,6 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 18223,1 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 19523,1 mln. manat möçberde tassyklamaly.

2-nji madda

Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýetmezçiliginiň ahyrky derejesini 1300,0 mln. manat möçberde bellemeli.

2017-nji ýylda Döwlet býujetine goşmaça çeşmelerden geljek girdejiler, çekilen içerki we daşarky karzlar býujet ýetmezçiliginiň üstüni ýapmak üçin çeşme bolup durýar diýip bellemeli.

3-nji madda

Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler boýunça 96347,3 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 97647,3 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 10998,8 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 12298,8 mln. manat möçberde tassyklamaly.

4-nji madda

5-nji madda

6-njy madda

7-nji madda

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

8-nji madda

Türkmenistanyň Maliýe ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary 2017-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 23-nji noýabry.

№ 474-V.