Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 11.08.2026

Türkmenistan SSR soýuz-respublikan Döwlet howpsuzlygy komitetini Türkmenistan SSR Milli howpsuzlyk komitetine öwürmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-11

Обновлено на портале · 12.08.2026

Türkmenistan SSR soýuz-respublikan Döwlet howpsuzlygy komitetini Türkmenistan SSR Milli howpsuzlyk komitetine öwürmek hakynda

TÜRKMENISTAN SOWET SOSIALISTIK RESPUBLIKASYNYŇ

K AN U N Y

Türkmenistan SSR soýuz-respublikan Döwlet howpsuzlygy komitetini Türkmenistan SSR Milli howpsuzlyk komitetine öwürmek hakynda

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Maglumatlary 1991 ý. № 14, 145- madda )

Türkmenistan SSR-niň döwlet howpsuzlygyny üpjün etmek, respublikanyň bitewiligini we garaşsyzlygyny gorap saklamak maksady bilen, Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:

1.Türkmenistan SSR soýuz-respublikan Döwlet howpsuzlygy komitetini Türkmenistan SSR Milli howpsuzlyk komitetine öwürmeli.

2.Türkmenistan SSR Milli howpsuzlyk komiteti Türkmenistan SSR-niň Prezidentine tabyn bolýar diýip bellemeli.

Türkmenistan Sowet

Sosialistik Respublikasynyň

Prezidenti S.NYÝAZOW

Aşgabat şäheri

1991-nji ýyl, 30-njy sentýabr

№ 565 – XII