Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 11-12, 2092-nji madda)

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz, senagat, ulag, oba hojalyk, medeniýet we beýleki pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Energetika ministri Hajymuhammet Saparmuhammedowiç Rejepmyradowy,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Allanur Nurgeldiýewiç Altyýewi,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministri Resul Şyhdurdyýewiç Rejepowy,

Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Aşyrowiç Şamyradowy,

Türkmenistanyň Döwlet ministri - «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amangeldiýewiç Amanowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Myradowiç Baýgeldiýewi,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy Döwran Reimbaýewiç Saburowy,

Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Nurgeldiýewiç Gandymowy.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2021-nji ýylyň 3-nji dekabry.

№ PP-908