Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Nurgaliýewiç Minnihanowy Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Nurgaliýewiç Minnihanowy Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 9, 2035-nji madda)
Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde we durmuşyň beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Garaşsyz Türkmenistanyň dünýädäki at-abraýyny ýokarlandyrmaga uly goşant goşandygy üçin, şeýle hem türkmen we tatar halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Nurgaliýewiç Minnihanowy Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 25-i.
№ PP-880