Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna

üýtgetmeler girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 8, 1987-nji madda)

«Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. «Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 204-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2017-nji ýyldaky 10-njy ýygyndysynyň 392-nji maddasy) birinji böleginiň 7-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«7) Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy - aprel aýynyň soňky ýekşenbesi;».

2. «Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 811-nji Permany bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzüminde «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy» diýen sözleri aýyrmaly.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2021-nji ýylyň awgust aýynyň 3-i.

№ PP-855