R.Myradowy Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
R.Myradowy Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 4, 1884-nji madda)
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini goramakda, gulluk borçlaryny gyşarnyksyz hem-de birkemsiz berjaý etmekde, şeýle hem türkmen alabaýlaryna ideg etmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň yzarlaýjy itleriniň gözükdirijisi - bölekçe serkerdesi, çagyryş boýunça harby gullukçy, seržant Rejepmyrat Myradowy Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň
Prezidenti,
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly
Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow
Aşgabat ş.
2021 ý. aprel aýynyň 25-i.
№ PP-830