Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 4, 1881-nji madda)

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny, şol sanda atçylyk sportuny we seýislik sungatyny ösdürmekde, atlary ösdürip ýetişdirmekde, olaryň baş sanyny artdyrmakda, ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de ýokarlandyrmakda, at çapmagyň we bedewleri seýislemegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny ýaş nesle öwretmekde gazanan uly üstünlikleri we ýokary netijeleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň Seýisçilik bölüminiň atbakary Şiraly Rahymowa,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Atçylyk bölüminiň müdiri Halmyrat Begmyradowiç Babaýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady:

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory Ahmed Amangeldiýewiç Berdiýewe,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň atly gözegçilik rotasynyň seýsi Çary Gylyjowiç Taganowa,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 57870-nji harby bölüminiň serkerdesi Gadamdurdy Kurbanowiç Musakaraýewe,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň karargähiniň atçylyk we kinologiýa gullugynyň serkerdesi Ýusupberdi Garlyýewiç Orazberdiýewe,

Balkan welaýatyndan hususy atşynas Altymyrat Hojamyradowa,

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, hususy atşynas Atabaý Amangeldiýewe,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Mary döwlet athanasynyň Lebap bölüminiň seýsi Asrar Jumakulyýewiç Ergeşowa,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Mary döwlet athanasynyň seýsi Begli Seýitmuhammedowiç Ýemreliýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2021 ý. aprel aýynyň 16-y.

№ PP-827