Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 4, 1880-nji madda)

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet derejesinde örän uly ähmiýet berilýär. Gözelligiň hem-de kämilligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi ahalteke bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, dünýä döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, özara bähbitli tejribeleri alyşmak boýunça köp işler ýerine ýetirilýär. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem atçylygy ösdürmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda we tohum arassalygyny gorap saklamakda netijeli işleri alyp barýarlar.

Atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlaryny we gazanan ýokary netijelerini, hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Akhal-tehas» ahalteke atçylyk hojalygynyň eýesi Tito Nils Pontekorwa,

Russiýa Federasiýasynyň «Gurtbil» atçylyk hojalygynyň eýesi Mariýa Walerýewna Mosara.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2021 ý. aprel aýynyň 16-y.

№ PP-826