Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

M. Y. Sähetmyradowy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

M. Y. Sähetmyradowy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

M. Y. Sähetmyradowy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 3, 1859-njy madda)

Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, Watanymyzyň sport abraýyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly zähmet üstünlikleri üçin hem-de döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi - mugallymy Meretguly Ylýasgulyýewiç Sähetmyradowy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2021 ý., mart aýynyň 10-y.

№ PP-816