Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ulag we kommunikasiýalar agentligini döretmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ulag we kommunikasiýalar agentligini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ulag we kommunikasiýalar agentligini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 7, 1947-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 134-nji maddasyna laýyklykda ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysadyýete geçmegi bilen bagly ýerine ýetiriji häkimiýetiň we döwlet edaralarynyň gurluşyny amatly ýagdaýa getirmek, şeýle hem maglumat tehnologiýalaryny häzirki zamanyň talaplaryna görä ösdürmek, öz-özüňi dolandyrmak we täze ykdysady şertlerde ulag we aragatnaşyk pudagyny düýpli özgertmek hem-de toplumlaýyn dolandyrmak, bu pudaklaryň ykdysady erkinligini giňeltmek arkaly işiniň hilini we edýän hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ulag we kommunikasiýalar agentligini döretmeli.

2. «Türkmendemirýollary» agentligini, «Türkmenaragatnaşyk» agentligini, «Türkmenawtoulaglary» agentligini, «Türkmenhowaýollary» agentligini hem-de «Türkmendeňizderýaýollary» agentligini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyna bermeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2021-nji ýylyň 09-njy iýuly

№ PP-849